Zenan hukuklary goragsyz

Türkmen metbugaty ýurtdaky işsizligiň derejesi we mejbury zähmet barada gürrüň etmeýär.

Türkmen režiminiň tankytçylary Nyýazow döwründäki ştat kemeltmeleriň bir tarapdan uly mukdarda işsizlige getirendigini, ikinji tarapdan mejbury zähmetiň giň ýaýramagyna sebäp bolandygyna ünsi çekýärler.

Munuň bilen birlikde, ýurduň welaýatlaryndaky işsizlik şol ýerleriň ýaşaýjylarynyň iş gözläp paýtagt Aşgabada we onuň töwereklerindäki ýerlere gaýtmaklaryna sebäp bolýar. Emma olaryň zähmet boýunça kanuny gorglarynyň bolmazlygy iş şertlerini hasam agyrlaşdyrýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş bolan daşoguzly zenan Aşgabatdaky gurluşyk firmalarynda işlemäge gelipdir. Emma ol özüniň zenan hukuklarynyň depelenýändiginden zeýrenýär.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.