Ýangyç tranzitiniň howpsuzlygy üns merkezinde

Türkmen tarapy ýene Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasyny hem özüniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ýagdaýda ýangyç akdyryp bileri ýaly garantiýalary üpjün etmek üçin ulanmaga çalşar.
Häzirki wagt bu mesele Aşgabat üçin möhüm meselä öwrüldi. Soňky bir ýylyň dowamynda Türkmenistan iş ýüzünde Orsýete bolan monopol garaşlylykdan çykdy diýen ýaly. Türkmenistanyň energiýa bazarynda Moskwa üçin iki sany bäsdeş peýda boldy, olar - Hytaý bilen Eýran.

Beýleki tarapdan, Aşgabat tarapyndan öňe sürülýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk plany hem güýçli depginde ara alnyp maslahatlaşylýar. Eger bu plan durmuşa geçse, onda türkmen tarapy özüniň gaz söwdasyndaky ýagdaýlary örän ygtybarly eder.

Tranzit howpsuzlygy

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan energiýa geçirijileriniň ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna gözegçilik ediji nähilidir bir halkara strukturasynyň döredilmegini gazanmak ugrunda mundan has öň Birleşen Milletler Guramasyna öz ideýalaryny hödürläp ugrapdy.

Elbetde, Türkmenistanyň häkimiýetleri esasy gaz geçirijileriniň birinde ýüz beren geçen ýylky partlamalar ýaly wakalaryň gaýtalanmagyny isleýän däl bolsalar gerek. Şol wakada türkmen gazynyň Orsýete akdyrylmasy kesilipdi. Şonda ylalaşyklaryň we gol çekilen şertnamalaryň şertleriniň bozulmagynda Aşgabat Moskwany açyk aýyplap çykyş edipdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan prowokasiýa görnüşinde häsiýetlendirilen bu wakanyň netijesinde Türkmenistan millionlarça dollar pul ýitirdi. Şol wakanyň yzy bilenem, Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa resurslarynyň tranzitiniň howpsuzlygy boýunça halkara sistemasyny döretmek baradaky ideýany has-da aktiw öňe sürüp başlady. Ýöne türkmen tarapynyň bu ugurdaky tagallalary şu günki güne çenli praktiki taýdan nähilidir bir üstünlik getirmedi.

BMG-nin wekilleri we käbir beýleki wekillerem öz sözlerinde türkmen tarapynyň inisiwatiwasyny goldap çykyş edýärler, emma iş ýüzünde welin, problema açyklygyna galýar.

Goňşular höwessiz

Energiýa sektorynda özüniň köne we täze müşderileri bilen ýüzbe-ýüz bolup galmazlyk üçin, Aşgabat Merkezi Aziýada we Hazarýaka regionynda BMG-niň strukturalarynyň kem-kem uly rol oýnamagyna bil baglaýar. Ýöne bu inisiatiwany Türkmenistanyň goňşulary höwes bilen goldaýar diýmek welin kyn. Onuň goňşulary, mundan ozallar hem bolşy ýaly, dawaly meseleleri halkara araçylarynyň ara durmagynda däl-de, gönüden-göni ikitaraplaýyn şertleşikler esasynda çözmeklige tarap ýykgyn edýärler.

Iş ýüzunde bolsa, regiondaky çözgüt tapman gelýän köp meseleler çözgütsizligine-de galýar. Şular ýaly çözütsiz galýan möhüm meselelerden birem Hazar deňziniň düýbüni paýlaşmak bilen bagly meseledir.

Hususan-da, bu ugurda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gepleşikler henize bu güne çenli şol bir duran ýerinden öňe süýşenok. Bu bolsa öz gezeginde Orsýetden sowa Ýewropany gaz bilen üpjün etmekligi maksat edinýän "Nabukko" gaz proýektiniň gurluşygy bilen baglanyşykly işlerde bökdençlik döredýär.

Bu proýekt, hakykatynda, Türkmenistan-da Ýewropa kontinentiniň iň esasy gaz üpjünçilerinden biri bolar diýen umyt bilen proýektirlenilýär. Elbetde, Moskwa bu proýektiň başa barmagyny asla islemeýär.

BMG-e bil baglanýar

Bu wakalaryň fonunda Türkmenistan bu regiondaky ýurtlary “Nabukko” proýektine çekmekde BMG-niň işjeň roluna bil baglaýana meňzeýär. Eýsem, bu gezek, BMG-niň 65-nji sessiýasynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasyny energiýa tranzitleriniň howpsuzlygynyň we ygtybarlylygynyň kepilçisi bolmaga yrmaklyk Türkmenistana näderejede başardarka?

Eger bu oňa başartsa, munuň öwezine Birleşen Milletler Guramasy türkmen tarapynyň öňünde nähili borçlary goýup biler? Çünki şeýle ýagdaýda onuň Aşgabatdan ýurduň içerki durmuşynda has aýgytly liberallaşma çärelerini geçirmekligi talap edäýmeginiň mümkindigini hem aradan aýryp bolmaz.

Eýsem, şeýle bolan halatynda, şu günki gün türkmen häkimiýeti umumy sözler ýa-da wadalar arkaly däl-de, adam hukuklaryny gowulandyrmaklyga tarap gönükdirilen anyk ädimler arkaly dialog geçirmäge taýýarmyka? Eýsem, döwlet diňe bir özi üçin däl-de, adamlar üçin iş alyp barmaga taýýarmyka?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.