Olimpiýa şäherçesi we nobatdaky soraglar

Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw sport toplumy, Aşgabat.

Ýakynda türkmen jemgyýeti ýurduň hökümetiniň öňden giň gerimde propogandirlenilip gelnen ýene bir proýekti örän sahylyk bilen maliýeleşdirjekdigini bilip galdy.
Gürrüň bu ýerde pensiýalary ýa aýlyk-günlükleri ýokarlandyrmak ýa medeni-sosial pudaga goşmaça pul goýbermek barada baranok. Beýle uly çykdajylary köp adamlaryň göz öňüne getirip görmedik bolmaklary-da mümkin.

Ýöne şeýle-de bolsa, ýurduň hökümeti Aşgabatda guruljak Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy üçin örän köp serişdäniň goýberiljekdigini yglan etdi. Bu garaşylmadyk çäre üçin tas 2 milliard dollara golaý serişde goýbermeklik karar edildi.

Ýöne, ozalky tejribeleriň görkezişi ýaly, bu planlaşdyrylan serişdeleriň möçberi gurluşyk prosesiniň barşynda garaşylmadyk ýagdalar bilen bagly artdyrylmagy-da mümkin.

Her nähili bolanlygynda-da, bu Olimpiýa şäherçesiniň türkmen gaznasyna örän gymmat düşmegi mümkin. Özi-de, bu gezek hem, adatça bolşy ýaly, köp nukdaýnazardan «altyn proýekt» diýip atlandyryp boljak bu proýekt Türkiýäniň «Polimeks» firmasyna ynanyldy.

Türkmenistanyň iň bir ýokary häkimiýet derejelerinde bu firmanyň örän täsirli lobbistleriniň bar bolmagynyň mümkindigi barada käbir synçylaryň öňe sürýän garaýyşlary iş ýüzünde tassyklanylýana meňzeýär. Elbetde, bular ýaly geleşikler mugtuna bolmaýar. Olaryň bahasy millionlarça dollarlar bilen bahalanylýar.

Olimpiýa şähereçesini döretmek üçin býujetiň ummasyz puluny sowmak ideýasynyň özi hem beýle gymmat proýektleriň näderejede oýlanyşykly amala aşyrylýandygy we olaryň näderejede türkmen jemgyýeti üçin zerurdygy bilen bagly ýene gaýta-gaýta nobatdaky soraglary döredýär.

Eger-de hökümet ýurtdaky bar bolan beýleki, has gaýragoýulmasyz meseleleriň çözgütleri üçin ýerlikli serişde goýberýän bolanlygynda, onuň beýle ägirt uly sport kompleksini döretmek baradaky ideýasy öwgä mynasyp bolup hem bilerdi.

Ýurtdaky propoganda pensiýalaryň we aýlyklaryň tas 10 prosentden hem ýokary galdyrylýandygyny mahabatlandyrmakdan irmeýär. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, şol ýokary galdyrylan tölegleriňem postsowet giňişliginde iň bir pes derejedäki töleglerdigi barada welin, hiç kim dil ýarmaýar.

Geň ýeri

Şu nukdaýnazardan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy üçin döwlet býujetinden tas iki milliard dollara golaý serişdäniň sowrulmagy örän geň bolup görünýär. Beýle ägirt çykdajy prezidentiň iň bir esasy ugurlar diýip tekrarlaýan käbir beýleki ugurlaryna goýberilýän ujypsyzja çykdajylar bilen deňeşdirilende, has hem geň galdyrýar.

Şu ýylyň başynda hökümet maslahatlaryndan birinde Türkmenistanyň medeniýet pudagyna goýberilýän ýyllyk býujetiň 130 million dollara deňdigi buýsanç bilen yglan edilipdi. Ýöne munuň özi Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygyna sarp ediljek puldan tas 16 esse töweregi az.

Şeýle ýagdaýda «Polimeks» firmasy üçin bu proýektiň kabul edilmegini gazanan lobbistleriň gizlin ýollar bilen öz kiselerine urjak pulunyň tutuş Türkmenistanyň medeniýet pudagyna goýberilýän puldan artyk bolmagynyň mümkindigini-de çaklamak boljak.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň tutuş medisina pudagyna goýberilýän ýyllyk býujetiň möçberem bu Olimpiýa şäherçesi üçin goýberiljek puldan tas dört esse töweregi az bolup çykýar. Tutuş ýurduň sosial üpjünçilik pudagyna goýberilýän serişdeler hem häzirki çykdajy bilen deňeşdirilende, örän garypja görünýär.

Býujet bilen bagly şeýle alamatlar Türkmenistanyň býujet serişdelerini paýlamak boýunça kabul edilýän esasy kararlaryň diňe prezidentiň töwereklerindäki örän az sanly adamlaryň topary tarapyndan kabul edilýändigine şaýatlyk edip biler.

Ýurduň jemgyýeti we parlamenti beýle kararlary ara alyp maslahatlaşmak ýa öwrenmek mümkinçiliginden doly mahrum edilen. Beýle iş syýasatyndan alynýan netije diňe bir zada syrygýar, olam býujet serişdeleriniň aglabasynyň häkimiýetiň öz bähbitlerine hyzmat etmegidir.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.