Rumyn lobbistlerine nähili töleg tölener?

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň prezidenti Traýan Basesku bilen duşuşýar, Buharest, iýul 2008-nji ýyl.

Sentýabr aýy Türkmenistanyň ideologik-propagandistik edaralarynyň alyp göteren bir wakasy bilen şöhratlandy. Rumyniýanyň Halkara gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyk instituty Gurbanguly Berdimuhamedowy 2010-njy ýylyň görnükli döwlet hem syýasy işgäri diýip yglan etdi.
Dünýä praktikasynda munuň ýaly hokgalar köp şübhe döredýär. Onda-da nebit-gaza baý ýurtdan bähbitli kontrakt almak isleýän çemeçiller bilen bagly şübheler köp. Rumyniýadaky institut Ylymlar akademiýasyndan daşdaky bir edara bolup çykdy. Onuň ýolbaşçylary daşary ýurtlarda ykdysady proýektleriň öňünde ylgap ýören adamlar. Işewür adamlar hem korporasiýalar üçin Türkmenistan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary, elbetde, ýagly omaça.

Gazagystan mysaly

Gazagystanyň prezidentiniň öňki giýewsi, Nursoltan Nazarbaýewiň uly gyzynyň adamysy Rahat Alyýew daşary ýurtda galyp, gaýynatasy barada kitap ýazdy. Ol şol eserinde köp sanly gizlin korrupsiýa galplyklaryny açyp görkezýär. Şol galplyklar prezidentiň özüne baryp ýetýär. Kitabyň köp sahypasy günbatarly lobbistlere – häkimiýetleriň uguny ýekeleýän rumynlar ýaly işiň öňünde ylgaýan adamlara bagyşlanypdyr. Şol adamlar Gazagystanda daşary ýurt korporasiýalarynyň bähbitleri ugrunda işleýärler. Hatda beýleki döwletleriň prezidentleri-de lobbist bolup bilerler.

Ýakynda Türkiýäniň prezidenti Abdulla Gül Gazagystanda boldy. Ol kellesi gyzyp, Gazagystanyň prezidentine Ankarada ýadygärlik oturtmagy wada berdi... Berlen söz gysga wagtda ýerine ýetirildi. Şol ýadygärlik Gazagystanda türk firmalarynyň köpüsine amatly şertler döredeni üçin N.Nazarbaýewe sowgat edildi – diýip, synçylar belleýärler. Taraplaryň ikisi-de hoşal. Ikarada ylgap, bähbit gözleýän lobbistleri goşmak bilen hemmeler ýetdik paýyny alýarlar.

Göwün awçylary

Şunuň bilen bagly G.Berdimuhamedowyň göwnüni awlaýan rumynlar “Ýylyň adamy” diýen at berip, türkmen prezidentiniň hyzmatlaryny bezäp görkezmäge çalyşýarlar. Türkmenistanyň öz içindäki ideologik instansiýalar kömek bermedik bolsa, rumynlar beýle işiň hötdesinden, belki, gelibem bilmezdi. Prezidentini taryplamaga türkmen propaganlistleri diýseň ussat. Rumynlaryň ýazan teksti türkmen ideologik edaralarynyň önümini ýatladyp dur. Ony ýurtda her bir okuwçam bilýär. Rumynlar öwginiň awtorlarynyň stilini, äheňini hem öz niýetini ýaşyryp bilmändirler.

G.Berdimuhamedowyň döwründe türkmen-rumyn gatnaşyklary ösüp, iň ýokary derejä ýetdi diýen beýannamada geň galar ýaly zadam ýok ýaly. Ýöne ony aýdýanlar döwlet çinownikleri däl-de, hususy firmalaryň wekilleri, ol diňe bir öwgi, taryplama däl. Indi gep türkmen tarapynyň berjek jogabynda. G.Berdimuhamedowa “Ýylyň adamy” diýen ady beren rumyn lobbistlerine bu iş üçin nähili töleg tölener?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.