ABŞ-da mukaddes kitaby ýakmak näme üçin kanuny?

Pastor Terri Jones Merkezi Floridanyň Yslam jemgyýetiniň prezidenti ymam Muhammad Musri bilen duşuşýar, 9-njy sentýabr 2010-njy ýyl.

Floridada bir hristian ruhanysynyň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terrorçylykly hüjümleriň ýyl dönüminde mukaddes Gurhany ýakmak baradaky planyny amerikan resmileri, Ak Tamdan başlap, Owganystandaky ýokary derejeli harby ýolbaşylara çenli hemmesi ýazgardylar. Döwlet departmentiniň garaýşyça, bu prowokasiýa, hormatsyzlyk, çydamsyzlyk, adamlaryň arasyna agzalalyk salmak üçin edilýän iş.

Owganystandaky halkara güýçleriň baştutany general Deýwid Petreues hem bu iş regiondaky amerikan esgerleriniň janyny howpa salar diýip, duýduryş berdi. Prezident Barak Obama bu plany heläkçilikli, Al-Kaýdanyň güýjüne güýç goşmak diýip atlandyrdy.

Kanuny mümkinçilik köp däl

Muňa garamazdan, pastor Jonesiň bu planynyň öňüni almaga amerikan hökümetiniň elinde kanuny mümkinçilik köp däl. Bu hem Amerikanyň Baş kanunyna girizilen Ilkinji Düzedişden gözbaş alýar. Ol ýerde: “Amerikan Kongresi bar bolan bir dini hormatlamak ýa onuň erkin ýerine ýetirilişini gadagan etmek ýa söz we metbugat erkinligini çäklendirmek barada kanun çykarmaly däl” diýilýär.

Amerikada Graždanlyk urşundan soň, 1868-nji ýylda, kabul edilen 14-nji Düzediş hem: “Adamlaryň Baş kanunda kepillendirilen şahsy hukuklaryny döwlet ýa ýerli hökümetler bozup bilenok” diýmek bilen, bu şahsy hukuklaryň goralmagyny güýçlendirdi. Şeýlelikde Birleşen Ştatlarda bir dine dil ýetirmegi, kemsitmegi ýa bir dine garşy ýigrenji wagyz etmegi gadagan edýän federal kanun ýok.

Käbir ştatlarda kitaplarda adamlaryň mukaddes saýýan zatlaryna dil ýetirmek gadagançylygy saklanman duranok. Bu hem 19-njy asyrdan galan ýörelge. Ýöne 1952-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň ýokary sudy Nýu Ýorkuň dini kemsitmeler baradaky kanunyny söz azatlygyny bikanun çäklendirmek diýip, ýatyrdy. Suduň höküminde: “Biziň milletimizde dini taglymata edilýän hakyky ýa hyýaly hüjümi basyp ýatyrmak hökümetiň işi däl” diýilýär.

Iň gowy kanuny ýol

Oksford Brookes uniwersitetiniň professory Deýwid Naşyň aýtmagyna görä, 1952-nji ýylda çykan bu höküm amerikan häkimiýetlerini din we dini ynançlary kemsitmek baradaky kanuny strategiýlaryny üýtgetmeklige mejbur edipdir.

“Birleşen Ştatlarda 1950-nji ýyllaryň başlarynda dine dil ýetirmek kanunyň gözegçiliginden çykaryldy. Burstyn diýip at alan prosesde sud mukaddesliklere dil ýetirmekligi yzarlamak Konstitusiýa ters diýip, höküm çykardy” diýip, Naş aýdýar.

Naşyň pikiriçe, pastor Jonesiň Gurhany ýakmagynyň öňüni almak üçin Obamanyň administrasiýasyna galýan iň gowy kanuny ýol – bu işiň protestleriň üsti bilen jemgyýetçilik düzgünine howp salýanlygyny subut etmek. Başga zady subut etmek kyn.

“Bu ýerde jemgyýetçilik düzgüniniň bozulmak meselesi-de bar. Hökümetiň aňsatlyk bilen işini ýöredip biljek ýeri şol. Dini kemsitme jemgyýetçilik düzgünine degişli mesele diýen karara gelinse, onda bu işe gatyşmak aňsatlaşýar” diýip, Naş belleýär.