Türkmenistan eli açyk 15 döwletiň biri

Hasabatda Türkmenistana berlen baha döwletiň däl-de, ynsanperwer kömek bermek boýunça raýatlaryň taýýarlyk derejesine degişli boldy.

Türkmenistanyň dünýäniň eli iň açyk döwletleriniň arasyna girýänligi habar berilýär. “Charities Aid Foundation” garaşsyz ynsanperwer fondunyň hasabaty dünýä ýurtlarynyň raýatlarynyň berýän ynsanperwer kömeginiň möçberine görä berlen bahalar esasynda düzüldi.
Türkmenistan döwleti öz gumanitar kömegini yzygiderli teklip edýär we amala aşyrýar. Ýakynda Türkmenistandan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegi iberildi. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň görkezmesi bilen awgust aýynyň aýagynda Owganystan yslam respublikasyna bir müň tonna un aşyryldy.

Şeýle hem geçen aýyň ahyrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň halkynyň adyndan Pakistanyň halkyna gyssagly ynsanperwer kömegini bermek barada karar kabul edildi. Mejlisde Türkmenistan tarapyndan Pakistana 40 tonna ýüküň iberiljekdigi aýdyldy. Iberilýän ýüküň düzüminde esasan, arassa agyz suwy, goýaldylan süýt, çagalar iýmiti, derman serişdeleri görkezildi.

Ýakynda “Charities Aid Foundation” garaşsyz gumanitar toparynyň “Gallup” agentliginiň öwrenmeleri esasynda çap eden hasabatynda 14-nji orunda ýerleşdirilen Türkmenistanyň GDA giňişliginde we Merkezi Aziýada eli açyklygy boýunça birinji ýerde durýanlygy habar berildi. Emma hasabatda Türkmenistana berlen baha döwletiň däl-de, ynsanperwer kömek bermek boýunça raýatlaryň taýýarlyk derejesine degişli boldy.

Raýatlar kömege taýýar

“Gallup” agentliginiň dünýäniň 153 ýurdunda geçiren pikir soralyşygy netijesinde düzülen sanawyň ilkinji bäşligine Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Kanada, Irlandiýa we Şweýsariýa girýär. Bu ýurtlaryň raýatlary ynsanperwerlik fondlaryna iň köp möçberde pul geçirýänligi bilen tapawutlanýarlar. Emma olaryň arasynda puldan başga öz wagtyny sarp edip, kömege mätäç adamlara iş bilen ýardam bermäge taýýarlyk bildirenleriň 40%-den aşmanlygy bellendi.

Şol bir wagtda-da, maglumata görä, Türkmenistanyň raýatlary pul kömegi bilen däl-de, el kömegini bermäge-de taýýarlygy bilen tapawutlandy. Pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň 61%-i kömege mydama taýýardygyny mälim etdi, bu bolsa öz wagtyny sarp etmäge taýýarlyk boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda iň uly görkeziji bolup durýar. “Gallup” agentliginiň öwrenmeleri 500 we 2000 adamynyň arasynda geçirilen pikir soralyşyga esaslanýar.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň problemalaryna degişli halkara hasabatlar döwlete garaşly türkmen habar beriş serişdelerinde çap edilmeýär. Ýurduň öz içinde Türkmenistan barada halkara derejesinde peýda bolýan diňe pozitiw maglumatlary ýaýratmak arkaly Türkmenistanyň ozalky hem häzirki ýolbaşçylary halkara arenasynda öz abraýlarynyň bardygyny görkezmek isleýärler diýip, synçylar belleýärler.

Synçylaryň pikiriçe, türkmen ýolbaşçylary, şeýdip, öz syýasatlarynyň dogrudygyny halkyň aňyna ornaşdyrmak isleýärler. “Repressiw döwletlere mahsus propaganda usullaryny yzygiderli ulanyp gelýän türkmen hökümeti ýapyk ýurduň içinde saklanýan we garaşsyz maglumat almakdan mahrum halkyň öňünde öz abraýlaryny güýçlendirmek isleýärler” diýip, türkmen žurnalisti Batyr Muhammedow hem aýdýar.

Syýasat ýapyk

Emma, türkmenistanly synçy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň sözlerine görä, ýurduň içindäki kemçilikleri öz gözi bilen görýän we şol kynçylyklary başdan geçirýän jemgyýet, tankyda ýol bermän, öňe sürülýän öwgüleriň propaganda maksadyna doly göz ýetirýär.

Döwletmyrat Ýazgulyýew ýurtda reformalar yglan edilip, käbir çäreleriň amala aşyrylýanlygyna garamazdan, syýasy we sosial-ykdysady ýagdaýyň öňki ýaly agyrlygyna galýanlygyny bellemek bilen, Nyýazowyň syýasy mirasyndan doly el çekmegiň ýurdy özgertmek üçin zerur çykalga bolup biljekdigini nygtaýar.

Halkara synçylary hem Türkmenistanyň repressiw içerki syýasatynyň kemçilikleriniň halkara derejesinde hemmä mälimdigini we soňky döwürde Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürýän demokratik döwletleriň türkmen režimini açyk tankyt etmekden saklanmaly däldigini belleýärler.

Amnesty International guramasynyň wekili Andrea Şprasse Kamaniniň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Türkmenistanyň repressiw syýasatyny açyk tankyt etmeseler-de, türkmen režimi barada örän tankydy pikirde we muny adam hukuklaryny goraýjylar bilen duşuşyklarynda açyk mälim edýärler.

Ýaňy-ýakynda Aşgabatda ÝB-niň we Türkmenistanyň resmileriniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin monitoring programmasynyň regional koordinatory Braýan Morganyň Türkmenistana saparynyň dowamynda, 7-nji sentýabrda, “Adam hukuklarynyň goralmagyna ýardam bermekde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek” boýunça taraplaryň arasynda alnyp barylýan özara proýektiň gidişi maslahat edildi.