Gurhanyň ody

Welsapar: “Gurhan ýakyşlygy baradaky habar dünýä ýaýran badyna Terry Jonesiň we onuň pikirdeşleriniň etjek bolýan işi uly tankyda uçrady”.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Amerika edilen terrorçylykly hüjümler dünýäniň iki sany uly dininiň arasynda dartgynlylyk döretdi. Musulman intellektuallary we aram yslama uýýan köp sanly ýurtlar, musulman ekstremistleri tarapyndan edilse-de, agzalan terrorçylykda yslam dininiňem, külli musulmanyňam asla günäsiniň ýokdugyny nygtaýarlar. Gowy ýeri, bu meselede musulmanlaryň köpçüligi bilen hristianlaryň köpçüliginiň pikiri deň gelýär.

Emma hristian dinine uýýanlaryň arasynda-da ekstremistik garaýyşlylar gyt däl. Olar dürli dinleriň arasynda dartgynlylyk döretmäge, mümkinçilk bolsa, her hili bahanalar bilen agzalalyk oduny ölçerip durmaga taýyn. Elbetde, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrda bolan tragediýany-da olar öz maksatlary üçin ulanmaga we bütin dünýäde musulmanlaryň garşysyna ýigrenji öjükdirmäge çytraşmalaryny bes edenoklar. Nýu Ýorkda weýran edilen Bütindünýä söwda merkezinde ähli dinleriň wekilleriniň, şol sanda musulmanlaryň-da gurban bolandygyny olar hasaba alanoklar.

Tankyda uçrady

Amerikanyň Florida ştatynda ýerleşýän hristian ybadathanasynyň pastory Terry Jones hem özüniň şeýle ekstremist meýilli adamlardandygyny görkezdi. Ol, gürrüňi edilýän tragediýanyň ýyl dönümine gabatlap, 11-nji sentýabrda öz 50 adamdan ybarat pastwasynyň mukaddes Gurhany jemagat öňünde köpçülikleýin ýakmagyna baştutanlyk etjekdigini dünýä jar etdi.

Terry Jones
Bu habar dünýä ýaýran badyna Terry Jonesiň we onuň pikirdeşleriniň etjek bolýan işi uly tankyda uçrady. Diňe musulman äleminiň akyldarlary ýa ýönekeý musulmanlar däl, eýse hristian dünýäsiniň intellektuallary-da, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obamanyň hut özi-de bu gabahat başlangyjy ýiti tankyt etdi. Çünki beýle ýaramaz başlangyç ýol alsa, oduň uludan tutaşyp, munuň hem soňunyň has ýaramaz ýagdaýlara eltmeginiň mümkindigine akylly-paýhasly adamlar gowy düşünýärler.

Emma, gynansak-da, bu ýerlikli tankytlar Terry Jonesi hem onuň pastwasyny pälinden gaýtaryp bilenok. Olar öz niýetlerini amala aşyrmakdan el çekmejekdiklerini, öňünden taýynlan onlarça Gurhan kitaplaryny 11-nji sentýabrda hökman oda berjekdiklerini aýdýarlar.

Düşünmek kyn däl

Terry Jones ýaly ekstremist meýilli adamlar bilmezlige salsalar-da, döwrüň hem adamzat jemgyýetiniň öňünde öz jogapkärçiligini ýeterlik duýýan syýasy ýolbaşçylar, şol sanda ABŞ-nyň prezidenti we Ýewropa Bileleşiginiň baştutanlary 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu Ýorkuň başyndan inen aýylganç tragediýanyň kökleriniň nireden yzgar alýandygyny gowy bilýärler. Şonuň üçinem ýarym asyrdan-da uzaga çeken we dürli dinleriň arasyna agzalalyk salýan palestin-ysraýyl konfliktiniň çözgüdini gözlemegi güýçlendirýärler.

Hut şu sentýabr aýynda Barak Obamanyň aladasy bilen gönümel Palestin-Ysraýyl gepleşikleriniň başlanmagy-da muňa şaýat. Eger bu gepleşikler uzak garaşdyran netijäni berse, gadymy Palestin topragynda Ysraýylyň gapdalynda özbaşdak Palestin döwleti dörediler we urşuň soňuna nokat goýlar. Sebäbi bu uzaga çeken territorial dawanyň zerur çözgüdi tapylmasa, adamzat üçin gitdigiçe howpunyň artýandygyna düşünmek kyn däl.

Gepiň gysgasy, Terry Jones ýaly ekstremistleriň hyjuwlaryna garamazdan, dinleriň arasyndaky ylalaşygy giden-gitdi bozmak we külli adamzadyň umumy öýi bolan Ýer planetasynda barlyşyksyz dini ýigrenji tutaşdyrmak hiç kese başartmaz.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.