Pakistan howply sepgitde dur diýmezçe däl

Urdu jemagatynyň ýolbaşçysy Altaf Huseýn ýaňy “watanparaz” generallary Pakistanda täze “fransuz rewolýusiýasyny” amala aşyrmaklyga çagyrdy.

“Bu Pakistan üçin howply döwür” diýilýän jümle ýurt 1947-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri häli-şindi gaýtalanyp, manysyz zada öwrüldi. Iş ýüzünde ýurduň taryhynda häkimiýet başyna gelen her bir partiýa harbylaryň syýasy durmuşa garyşmagyna giriş hökmünde bu sözi ulandy.

Ýöne weýrançylykly siliň getiren betbagtçylygyny, daşary ýurt kreditleri bilen aýak üstünda saklanýan ykdysadyýeti, ýurduň birsyhly ýaramazlaşýan energiýa krizisini, regional we etniki bölünişikleriň barha güýjeýänligini, talyban tarapyndan döredilen howpsyzlyk krizisini göz öňüne getireniňde welin, Pakistan howply sepgitde dur diýmezçe däl.

Ýagdaýyň dartgynlydygyny, halk tarapyndan saýlanan hökümetiň sil betbagtçylygyna garşy herekete geçmekde haýal gymyldandygyny nazara alanyňda, goşunyň ara goşulmaklyga çagyrylmagy garaşylan ýeke-täk zat bolup durýardy.

Iň soňunda edil şu garaşylyşy ýaly hem boldy. Urdu jemagatynyň ýolbaşçysy Altaf Huseýn ýaňy “watanparaz” generallary Pakistanda täze “fransuz rewolýusiýasyny” amala aşyrmaklyga çagyrdy. Ol şeýle hem parahor syýasatçylaryň ile göz edilip, dardan asylmagyny isledi.

Garaşylan zat däldi

Huseýniň generallara ýüz tutmagy syýasy sferada gahar-gazaba sebäp boldy. Paritiýasy häkimiýet başyndaky Pakistanyň Halk partiýasynyň esas ýarany bolup durýan bir adamyň hökümetiň harbylaryň eline geçmegine isleg bildirmegi asla garaşylan zat däldi.

Syýasy partiýalaryň, Nawaz Şerifiň “Pakistanyň musulman Nawaz-ligasy” partiýasy başlyklaýyn bu çakylyga oňaýsyz reaksiýa görkezmegi ýeke Huseýni aňk-taňk etmedi. Ol şol bir wagtyň özünde-de goşuna onuň syýasata garyşmagynyň islenilmeýändini görkezdi.

Muňa garamazdan, ýagdaý howpsuz däl. Ýurduň uly partiýalary Huseýniň beýanatyny ýazgarsa-da, dini partiýalar ýa “Pakistanyň musulman Kuaid-ligasy” partiýasy tarapyndan görkezilen çynlakaý reaksiýa ýok. Mundan daşgary-da halkyň arasynda Huseýniň pikirleriniň ep-esli derejede goldanylýan bolmagy mümkin.

Silden pida çeken regionlarda adamlara kömek eden, halas ediş işlerini alyp baran, halka azyk harytlaryny paýlap, beýleki kömekleri ýetiren hökümet däl-de, goşun boldy. Peşawar, Lahor we Kuette ýaly şäherlerde halkyň hökümet howpsuzlygy gorap bilenok diýen şübhesi artdy.

Netijede pakistanlylaryň aglabasy ýurduň häzirki kynçylykly ýagdaýynda öňki harby diktatorlary günäkärleseler-de, olaryň generallaryň arasyndan bir halasgäri gyzgyn garşylamgy mümkin.

Dawut Hattak Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugy –Maşal Radiosynyň žurnalisti. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.