Öwgüli sözler real ýagdaýlara ters

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-Muny (çepde) Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (sagda) Aşgabadyň halkara aeroportynda garşy alýar, 1-nji aprel 2010-njy ýyl.

Şu günki gün türkmen propagandasy häkimiýetleriň BMG-e bilen hyzmatdaşlygyny bolşundan has gowy edip görkezmäge çalyşýar. Bu synanyşyklar, tagallalar durmuş hakykatyna bap gelýärmi, hyzmatdaşlygyň anyk netijeleri neneňsi? Olar ýurduň ýönekeý graždanlaryna nähili täsir ýetirýär? Häzirki alnyp barylýan mahabatlandyryş aksiýasy olara niýetlenýärmi? Munuň özi uly şübhe döredip biler, sebäbi propagandanyň bu ideologik äheňi türkmen tarapynyň BMG-niň 65-nji sessiýasyna taýýarlyk prosesinde has-da aktiwleşdi.

Şol bir watda-da BMG bilen resmi Aşgabadyň ysnyşykly gatnaşyklary baradaky öwgüli sözler, şowhunly şygarlar real ýagdaýlara çapraz gelmesini dowam etdirýär. Şol ajy hakykatlaryň biri – ýurtda işsizligiň ýokary derejede saklanyp galmagydyr. Emma köp ýyllar bäri türkmen häkimiýetleri işsizligi dünýä jemgyýetçiligindenem, öz halkyndanam gizlemäge çalyşýar.

Ondanam başga Türkmenistan maglumat derejesinde işsizligiň bardygyny inkär edýän dünýäniň az sanly ýurtlarynyň hataryna girýär. Has erbedi-de häkimiýetler işsizlere psihologik hem maddy goldaw bermekden ýüz öwürýär. Ýurtda işsizlik boýunça hiç hili kömek ýok.

BMG-niň esasy dokumentleriniň biri – Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy işsizlik bilen bagly Türkmenistandaky häzirki dowam edýän ýagdaýyň gös-göni tersine ähli döwletleri çagyrýar. Jarnamanyň 25-nji maddasynyň birinji böleginde şeýle diýilýär: “Her bir adamyň azygy, egin-eşigi, ýaşaýyş jaýyny, medisina taýdan seredilmegini we zerur sosial hyzmat edilmegini öz içine alýan ýaşaýyş derejesiniň bolmagyna hukugy bardyr. Munuň özi ol adamyň özüniň we onuň maşgalasynyň saglygyny we abadançylygyny saklamak üçin zerurdyr, şonuň ýaly-da işsizlik, syrkawlyk, maýyplyk bolan halatda, dul galanda, garrylyk aralaşanda ýa-da adamyň özüne bagly bolmadyk ýagdaýlara görä, ýaşaýyş serişdelerinden kesilende üpjünçilige hukugy bardyr”.

Hyzmatdaşlyk ýok

Görnüşi ýaly türkmen tarapy bilen BMG-niň arasynda iň möhüm sosial ugurlaryň biri boýunça hiç hili hyzmatdaşlyk ýok. Ýurtda şu wagta çenli işsizlere kömek bermekden ýüz öwrülmeginiň sebäbi tapmaça bolup galýar. Ýüz müňlerçe türkmenistanly erkekleriň, aýal-gyzlaryň işsiz galmagynda, işlemäge mümkinçilik tapmazlygynda jogapkärçiligiň uly bölegi häkimiýetleriň boýnuna düşýär ahyryn!

Daşary ýurt çeşmeleriniň iň bärki bahasyna görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi 25%. Ol postsowet döwletleriniň arasynda gürrüňi edilýän problema boýunça iň ýokary görkezijidir. Başga çeşmeler ýurduň käbir etraplarynda işsizligiň 60-70 prosente ýetýändigini tassyklaýarlar. Dünýä statistikasynda işsizleriň sany getirilýär, maglumatlara görä, Türkmenistanda işe ukyply, emma iş tapmaýan adamlaryň sany bärsinden 500 müň adam. Şol adamlaryň ählisi diňe bir işden däl, döwlet kömegindenem mahrum.

Bu ýagdaý ykdysadyýetde pylan hili üstünlikler gazanyldy, milliardlarça dollarlyk inwestisiýalar gurluşyga goýuldy, güýç ulanyjy gurluşlara berildi diýilýän döwürde dowam edýär. Bu ýurtda puluň bardygyna şaýatlyk edýär, hatda owganystanlylara, pakistanlylara gumanitar kömek bermäge-de mümkinçilik bar eken! Ýöne işini ýitiren öz graždanlaryna kör köpügem ýok.

Türkmenistanyň BMG-e bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýurtda ozalam köp gezek mahabatlandyryldy we häzirem mahabatlandyrylýar. Ýöne bu hyzmatdaşlykdan türkmen häkimiýetleriniň kömegine mätäç, emma ony alyp bilmeýän adamlara asla delalat ýok.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.