G.Berdimuhamedow ýylyň şahsyýetimi?

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Rumyniýanyň paýtagty Buharestde, 16-njy iýul 2008-nji ýyl.

Rumyniýanyň Halkara gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowy “Ýylyň şahsyýeti” ady bilen sylaglanlygyny türkmen metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda Halkara gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasyna degişlidigi we türkmen ýolbaşçysyna 2010-njy ýyl boýunça berlen adyň abraýly halkara sylagdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň prezidentini “Ýylyň şahsyýeti” ady bilen sylaglamak kararynyň institutyň ýerine ýetiriji komitetiniň 30-nji awgustda geçirilen nobatdan daşarky maslahatynda biragyzdan kabul edilenligini TDH gullugy öz maglumatynda habar berdi we Rumyniýanyň institutynyň müdiri Anton Karadjeanyň hatyndan bir bölek getirdi.

Maglumatda “Rumyniýanyň diplomatik elitasynyň we medeni gatlaklarynyň karary ilkinji nobatda türkmen lideriniň howpsuz dünýä, Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda dostluk köprüleriniň gurulmagy we türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň aktiw ösdürilmegi ugrundaky şahsy goşandyna bagly” diýip, Karadjeanyň aýdanlygy bellendi.

Emma Halkara gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyk insitutynyň bu kararyna degişli maglumat institutyň internet sahypasynda göze ilenok. G.Berdimuhamedowa ýylyň şahsyýeti adynyň berilmegi bilen bagly institutyň özünden hem maglumat almak başartmady.

Ylymlar Akdemiýasyna gatnaşygy ýok

Öz tarapyndan rumyniýaly alymlar türkmen prezidentini sylaglan institutyň we onuň wekilleriniň kararynyň Rumyniýanyň alymlar jemgyýetine gatnaşygynyň ýokdugyny nygtaýarlar.

Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasynyň agzasy, energýa meseleleri boýunça alym Dan Susio Halkara gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň örän kiçi we köp tanalmaýan institutdygyny we onuň Rumyniýanyň Ykymlar Akademiýasyna gatnaşygynyň ýokdugyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Halkara gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyk instituty we onuň alyp barýan işi barada özüniň eşitmänligini Azatlyk Radiosynyň ýene bir söhbetdeşi Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasynyň düzümine girýän Syýasy ylymlar we Halkara gatnaşyklar institutynyň alymy Dan Dangasiu aýtdy.

Halkara gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň internet saýtynda bu institut halkara gatnaşyklary öňe sürmek we Rumyniýanyň dünýä bilen gatnaşyklaryny ösdürmek wezipesini ýerine ýetirýär diýilýär. 20 ýylyň dowamynda institut 98 çemesi ýurt bilen gatnaşykdyr hyzmatdaşlygy pugtalandyrypdyr.

Institutyň resmi maglumatynda bu edaranyň demokratiýany, kanunyň hökümdarlygyny we halkara derejesinde azat saýlawlary goldaýanlygy hem bellenilýär. Emma G.Berdimuhamedowa at beren rumyn institutynyň wekilleriniň köpüsiniň ýurduň öňki kommunistik režimine gulluk eden adamlardan ybaratdygyny Dan Susio aýratyn belledi.

Prezident bolaly bäri G.Berdimuhamedow ýurduň içinde, hususan-da Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, professor, medisina we ykdysady ylymlaryň doktory atlaryna eýe boldy. Daşary ýurt sylaglarynyň arasynda Berdimuhamedow Informatizasiýa boýunça Halkara akademiýasynyň informasiýany ösdürmek boýunça ordenine eýe boldy.

Atlar näme üçin berilýär?

Sylaglaryň we hormatly atlaryň berilmegini Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazow hem makullaýardy. Özbegistanly žurnalist Umyt Babamatow şeýle tejribeleriň awtoritar režimlere mahsus düzgündigini belleýär.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň eserleriniň ýurtda öwredilişini barlamak boýunça döwlet komissiýasynyň agzasy bolan Babamatow döwlet baştutanyny sylaglamak boýunça çäreleriň häkimiýetiň abraýyny güýçlendirmek maksadyny göz öňünde tutýanlygyny we awtoritar jemgyýetlerde döwlet derejesinde amala aşyrylýanlygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, Özbegistanda şeýle maksat bilen iş alyp barýan ýörite edaralar bar.

Rumyniýaly alym Dan Susio G.Berdimuhamedowa Rumyniýanyň Halkara gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyk instituty tarapyndan at
Türkmen prezidenti ýaraňjaňlaryň hödürleýän sylaglaryndan ýüz öwrüp, öz abraýyna kölege salýan hereketlerden saklanmaly.
berilmegine degişli inisiatiwanyň resmi Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bolmagynyň mümkindigini çak edýär. "Türkmen häkimiýetleri muny propaganda maksatlary üçin ulanyp, ýewropa döwletleriniň, ilkinji nobatda-da öz halkynyň öňünde abraýyny artdyrmak islegine eýeren bolmagy mümkin" diýip, rumyniýaly alym Dan Susio belleýär.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew syýasy şahsyýetleriň sylaglar we hormatly atlar bilen sylaglanmagy dünýä derejesinde giňden ulanylýan tejribe bolsa-da, sylaga mynasyp bolmadyk adamlaryň sylaglanmagynyň ýa sylaglaryň ady-agramy bolmadyk guramalar tarapyndan berilmeginiň abraýsyzlyga getirýänligini belledi. "Türkmen prezidenti ýaraňjaňlaryň hödürleýän sylaglaryndan ýüz öwrüp, öz abraýyna kölege salýan hereketlerden saklanmaly" diýip, A.Bugaýew nygtaýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan Ýewropa döwletleri bilen gatnaşyklaryny ösdürýär. Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri Bileleşigiň resmileriniň Türkmenistana we G.Berdimuhamedowyň ýewropa döwletlerine eden saparlarynyň dowamynda maslahat edilýär.

Şu günler Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletlerinden ilkinji bolup, Ýewropa Komissiýasynyň CAREN, ýagny Merkezi Aziýa boýunça ylym-bilim, internet sistemasyna goşuldy.