Türkmenistan 3999 adamy azatlyga çykardy

Türkmenistanda Gadyr gijesine gabatlanyp, günä geçiş geçirildi. Resmi maglumatlarda günä geçişiň ynsanperwerlik we rehimdarlyk çäresi bolup, raýatlaryň maşgala bütewüligini berkitmek maksadyna gönükdirilýänligi nygtaldy.
Gadyr gijesine gabatlanyp, Türkmenistanda yglan edilen günä geçişlikde 3 müň 999 adam tussaglykdan boşadylýar, resmi sanawda 605 zenanyň ady görkezilýar.

Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew şu sapar tussaglykdan boşadylýanlaryň aglaba bölegini ýaşlaryň we gysga möhletli türme tussaglygynda ýatan adamlaryň emele getirenligini aýdýar.

3-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow türkmen döwletiniň günä geçiş aksiýalaryny mydama geçirýänligini we öz günäsini boýun alyp, eden işine ökünen öz raýataryny we daşary ýurt raýataryny azatlyga goýberýänligini belledi.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Türkmenistan öňden bäri gelýän däp-dessurlaryna eýerip, Gadyr gijesinde köp tussaglary boşadýar we olaryň kadaly durmuşa dolanmagy hem öz günäsini arassa zähmet bilen ýuwmagy üçin mümkinçilik döredýär.

Emma Türkmenistanda geçirilýän günä geçişler il içinde bir tarapdan makullanýan bolsa, başga bir tarapdan oňa garşy garaýyşlar hem bar.

Kim boşadylýar?


Aşyrguly Baýryýewiň sözlerine görä, Türkmenistanyň türmelerindäki ýowuz şertler sebäpli tussaglaryň günä geçişlere düşüp boşadylmagy il içinde oňlanylýar. Emma adam öldürmek ýa neşe söwdasy bilen meşgullanmak ýaly agyr jenaýatlary edenleriň günä geçişlerde boşadylmagy köplerde nägilelik döredýär.

Türkmenistanyň ýaşaýjysy Nurgeldiniň sözlerine görä, türmeden çykan we günä geçişlerde boşadylanlaryň köpüsi ýene-de öňki jenaýatçylyklaryna baş goşýarlar, şu sebäpden Türkmenistanda geçirilýän günä geçişlere il içinde ynamsyzlyk bildirilýär.

Häzirki günä geçiş şu ýylyň başyndan bäri tussaglary boşatmak boýunça dördünji çäredir. Şu ýyl baýdak baýramyna, ýeňiş baýramyna we çagalar gününe gabatlanyp geçirilen günä geçişler barada köpçülige maglumat berilmändi.

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň bellemegine görä, Türkmenistanda ozalky günä geçişlerde bolşy ýaly, Gadyr gijesine gabatlanyp geçirilýän häzirki aksiýada hem boşadylýanlaryň arasynda neşe söwdagärleri köp.

Türkmenistanyň kanun sistemasyny halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýurtda geçirilýän özgerdiş we neşä garşy göreş çäreleriniň çäginde neşe söwdagärleriniň has berk jezalandyryljagy we günä geçişlerde goýberilmejegi resmi derejede yglan edilipdi.

Türkmen metbugatynda çap edilen maglumatlarda tussaglykdan boşadylýanlara kesilen işleriň maddalary görkezilmedi. Ýöne şu sapar aýal-gyzlaryň sanynyň ozalky günä geçişlerden üç esse köp bolanlygy habar berilýär.

Žurnalist Aşyrguly Baýryýew aýal-gyzlaryň tussag edilmeginiň esasy sebäbiniň şu çaka çenli neşe söwdasy bilen bagly bolup gelenligini, ýaşlaryň tussag edilmegine hem ilkinji nobatda neşe söwdasynyň sebäp bolýanlygyny öňe sürdi.

Syýasy tussaglaryň ykbaly

Şol bir wagtda-da synçylaryň sözlerine görä, syýasy sebäpler bilen baglylykda tussag edilenleriň, ýagny graždan aktiwistleriniň, žurnalistleriň we 25-nji noýabr wakasy bilen baglylykda tussag edilenleriň atlary şu saparky günä geçiş sanawynda hem ýok.

Human Rights Watch guramasyndan Reýçel Denber guramanyň Türkmenistanda raýatlaryň açyk-aýdyň bolmadyk sudlarda türmä basylmagynyň dowam edýänligine aladanma bildirýänligini belledi.

Adam hukuklaryny goraýjynyň sözlerine görä, açyk-aýdyň bolmadyk sud netijesinde tussaglyga höküm edilen we edilýän adamlaryň ykbaly barada türkmen häkimiýetleri näme üçin dymýar we olary boşatmaýar diýen sowal köpleri gyzyklandyrsa-da, henize çenli jogapsyz galýar.

Emma Reýçel Denberiň bellemegine görä, Türkmenistanyň raýatlarynyň kanunlaryň adalatly berjaý edilmegine haky bar. Türkmenistanyň öz raýatlarynyň hukuklaryna hormat goýup, halkara borçlaryny ýerine ýetirmäge borçly. Bu meseläni Türkmenistanyň halkara ýaranlarynyň hem yzygiderli gozgap durmagynyň zerurlygyny Human Rights Watch guramasynyň wekili nygtady.

Maksat näme?

Günä geçişleri geçirmek bilen Türkmenistanyň häkmiýetleri özleriniň adam hukuklaryny äsgerýänligini we ynsanperwerlik syýasatyny alyp barýanlygyny görkezmek isleýärler diýip, synçylar belleýärler. Günä geçişleriň hut şeýle maksatlary yzarlaýanlygyny Türkmenistanyň ýolbaşçylary hem öz çykyşlarynda tassyklaýarlar.

Ýurtda demokratik özgerişlikleriň başlananlygyna we ýurtda adama hormat goýulýanlygyna köpçüligi ynandyrmak üçin syýasy sebäplerden tussag edilenleriň işlerine gaýtadan garalmagynyň, ilkinji nobatda-da olaryň diriligi, saglyk ýagdaýy we nirede saklanýanlygy barada maşgala agzalaryna we köpçülige mälim edilmeginiň we türmelere halkara guramalarynyň goýberilmeginiň zerurlygyna synçylar ünsi çekýärler.

Adam hukuklaryny goraýjy Farid Tuhbatullin dünýä ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çalyşýan we iri halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny ösdürýän Türkmenistanyň geçirýän günä geçişleriniň esasy sebäpleri türkmen ýolbaşçylarynyň abraýyny artdyrmak we çakdanaşa hyryn-dykyn türmeleri täze tussaglar üçin boşatmak maksatlaryna bagly diýip, pikir edýär.

Türkmenistanyň günä geçiş çäresi barada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky edarasy beýanat bermekden saklandy.