Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky maslahatynda ýurduň kanuny goraýjy we harby organlarynyň işiniň sekiz aýynyň jemlerine garaldy. Esasan hem neşe söwdasyna garşy göreş we ýol heläkçiligi bilen bagly meselelere üns berildi.
Türkmenistanyň kanuny goraýjy we harby edaralarynyň sekiz aýyň dowamyndaky işine bagyşlanyp 30-njy awgustda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda, hususan-da, ýurduň neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň işi barada hasabat berildi.
Neşe söwdasy
Neşä garşy göreş boýunça edaranyň ýolbaşçysy Içeri işler we Milli howpsuzlyk ministrlikleri bilen bilelikde geçirilen operatiw çäreleriň netijesinde Balkan we Lebap welaýatlarynda uly mukdarda neşe gaçakçylygy we söwdasy bilen meşgullanan jenaýatçylykly toparlaryň tutulanlygyny habar berdi.
Jenaýatçylaryň elinden maddy deliller hökmünde onlarça kilogram tirýegiň we geroiniň, daşary ýurt walýutasynda we milli pulda uly maliýe serişdeleriniň, şeýle-de ýeňil we ýük maşyn ulaglarynyň ele salnanlygy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda mälim edildi.
30-njy awgustyň agşamy tussag edilen neşe söwdagärleriniň çykyşlary milli telewideniýede görkezildi. Saklanan 22 adamyň arasynda iki aýalyň hem ady tutuldy. Neşe bilen saklananlaryň atlary, ýaşaýan we işleýän ýerleri hem eýeleýän wezipeleri köpçülige mälim edildi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, neşe söwdasy bilen meşgullanýanlar mundan beýläk-de köpçüligiň öňünde ýazgarylar.
G.Berdimuhamedow ýurtda görülýän çäreleriň, propaganda habar beriş çäreleriniň aktiwleşdirilmeginiň, ilkinji nobatda-da ýaşlaryň arasynda iş geçirilmeginiň zerurlygyny belledi. Şeýle çäreler, prezidentiň sözlerine görä, umumymilli Galkynyş hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilmeli.
Meseläniň beýleki tarapy
Ilatyň, esasanam ýaşlaryň arasynda neşe problemasy boýunça giňden maglumat berilmeginiň zerurlygyny we munuň neşäniň öňüni almak boýunça dünýä ýurtlarynda alnyp barylýan çäreleriň esasy bölegi bolup durýanlygyny synçylar hem belleýärler. Emma bilim almak, kär edinmek we işlemek mümkinçilikleriniň gowulandyrylmagynyň zerurlygyna hem ünsi çekýärler.
“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin neşe söwdasyna we neşekeşlige sosial sebäpler, ilkinji nobatda-da ýurtda höküm sürýän işsizlik hem ýaşlaryň eliniň boşlugy sebäp bolýar diýýär.
Farid Tuhbatullin häzirki wagtda Türkmenistanda neşä garşy göreşiň problemanyň möçberine garanda garaşylyşyndan gowşak gidýänligini bellemek bilen munuň sebäbiniň belli bir derejede neşe söwdasyna ýurduň ýokary derejeli käbir ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna bagly bolmagynyň ahmaldygyny çak edýär.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda bellenişine görä, degişli edaralaryň maddy tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şol sanda täze ýörite tehnikanyň satyn alynmagyna, harby gullukçylaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna maliýe serişdeleri ýeterlik möçberde çykarylýar.
Şu günlerde Aşgabatda we Lebap welaýatynda harbylar üçin täze jaýlaryň işe girizilmegine taýýarlyk görülýänligi howpsuzlyk maslahatynda aýdyldy. Şol bir wagtda-da kanuny goraýjy we harby edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreler maslahatda agzalmady.
Duşuşykda güýç strukturalarynyň düzüminde tertip-düzgüni berkitmegiň we kanuny doly ýerine ýetirmegiň edaralaryň ýolbaşçylaryndan edilýän esasy talapdygyny bellemek bilen çäklenildi.
Ýol hadysalary
Ýol hadysalary Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda garalan meseleriň ýene biri. Maslahatda Içeri işler ministrliginiň adyna tankydy bellikler edildi. Prezidentiň sözlerine görä, ýol gözegçiligi gullugynyň işiniň guramaçylyk derejesiniň pesligi ýol transport hadysalarynyň köpelmegine sebäp bolýar.
Ýurtda ýol hadysalaryna degişli statistiki maglumatlar berilmeýär. Türkmenistanly synçy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň bellemegine görä, Türkmenistanyň içerki ýagdaýyna degişli ähli maglumatlar, şol sanda ýol hadysalary baradaky resmi maglumatlar gizlin saklanylsa-da, hakyky ýagdaý köpçülige mälim.
Synçy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň sözlerine görä, ýol gözegçilik gullugynyň kadrlar ýetmezçiligine we plan boýunça alnyp barylýan işiň düzgünleşdirilmegine degişli kynçylyklardan daşgary ýollaryň çakdan aşa ýaramazlygy hem ýol heläkçilikleriniň köpelmegine sebäp bolýar.
Awgust aýy hökümet derejesinde geçirilen maslahatlara baý boldy. Hökümetiň adatdaky maslahatlaryndan daşgary ýedi aýyň jemleri boýunça ähli pudaklaryň ýagdaýlaryna aýralykda garalyp, maslahatlar geçirildi. Bir aýyň dowamynda diňe bir Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň azyndan iki maslahaty geçirildi.
Türkmenistanly synçy Döwletmyrat Ýazgulyýew ýygnaklaryň köpelmeginiň sebäbi bir adamyň gözegçiligindäki administratiw buýruk beriji sistemanyň ýurdy dolandyrmaga ukypsyzlygyndan diýip hasaplaýar.