Gazaply urşdan soňky rehimsizlikler

Heda Saratowa

Çeçenistanly Heda Saratowa şu gün hem bäş ýyl mundan öňki işini dowam edýär. Ol ýakynda esaslandyran “Objektif” atly adam hukuklary guramasyna ýolbaşçylyk edýär.
Ýakynda men onuň bilen gürrüňdeş bolamda, ol iki aý mundan ozal esgerler tarapyndan ogurlanan 24 ýaşly ýigidi girew bilen boşatmak barada üç günden bäri gepleşik geçirýändigini aýtdy. Çünki onuň biznes edýän ejesiniň girdejisi gowy. Ol 24 ýaşly ýigit üçin 30 müň amerikan dollaryny talap edýändiklerini habar berdi.

“Olar garaşsyzlyk üçin uruşýanlar däl-de, öňki meýdan söweşijileri. Bu gün olar resmi wezipeleri eýeleýärler we öz wagtlaryny adam ogurlamak, girew talap etmek, adam öldürmek bilen geçirýärler” diýip, Saratowa sözüne goşdy.

Çeçen lideri Ramzan Kadyrow Moskwadan alýan ummasyz pullarynyň hasabyna öz regionyny gysga wagtyň içinde täzeden dikeldýär. Ol Ýewropada iň uly metjidi, Groznynyň merkezi köçesinde Günbatardaky ýaly kafe gurdurdy.

Emma, ynsan hukuklaryny goraýjylaryň aýtmagyna görä, howpsuzlyk güýçleri galan sanlyja meýdan söweşijileriniň maşgalalaryna garşy gazaply kampaniýa alyp barýarlar, olaryň hossarlaryny ogurlaýarlar we öýlerini otlaýarlar.

Şeýtany görenler daga gidýärler...

Heda Saratowanyň sözlerine görä, hut şeýle zatlar ýaşlary meýdan söweşijilerine goşulmaga iterýär. Ol: “Elbetde, ýaşlar şeýtany görensoň, meýdan söweşijilerine goşulmak isleýärler” diýip, belledi.

Çeçen lideri Ramzan Kadyrow
"Ramzan Kadyrowyň töweregindäkileriň aglabasy asudalyk isleýän çeçen halkyna däl-de, Kadyrowa zyýan edýärler. Urşuň bahasyny bilemsoňyz, öz dostlarymyzy we ezizlerimizi öz ellerimiz bilen jaýlamsoňyz, biz asudalyk üçin elde baryny etmäge taýýar" diýip, Saratowa aýtdy.

Ol çeçenleriň köpüsiniň, özi bilen ylalaşsa-da, sesini çykarmazlygy maslahat berýändigini aýtdy: ”Meniň adalatym hiç kime gerek däl. Bilýäňizmi, men her gije ýatmaga gidenimde, Çeçenistany terk etjek diýýärin. Emma her gün irden maňa ogurlananlaryň hossarlary, pidalar jaň edýärler we men gidip bilemok. Ahyrynda meniň akylymdan azaşmagym ýa-da meniň garşyma bir zatlaryň edilmegi mümkin”.

“Hakykaty aýdandygy üçin adamyny öldürýärler. Eger olar meni öldürseler, öldürsinler. Emma men ýurdumy söýýärin. Aslynda näme üçin men ony terk edeýin?”diýip, ol sowal goýýar. Saratowa polisiýa işgärine durmuşa çykyp, 1994-nji ýylda birinji Çeçen urşy başlananda, bir ýaşly ogluna seredýärdi.

Haçanda uruş başlananda, Heda Moskwa gidip, ol ýerdenem Inguşystana bardy. Ol üç gün ýol ýöräp öýüne baranda, hiç kimi tapmansoň, olar ölendir diýip pikir edipdir. “Emma men olary şäheriň daşyndaky obadan tapamda, aglaman durup bilmedim”diýip, Saratowa gürrüň berýär.

Heda birinji Çeçen urşy 1996-njy ýylda gutarmanka, dostlaryny we kärdeşlerini jaýlady. Onuň maşgalasyndan hiç kime zyýan ýetmändir.Ýöne tiz wagtdan ýene-de uruş başlananda, Heda ýanýoldaşyny ýitirýär. Ol şol döwürde öz oturýan jaýynda ýaşaýan garry aýallar barada alada edýär, olaryň aglabasy-da ors aýallarydy. Emma olaryň ors söweşijilerinden gaçyp gutulara ýagdaýlary ýokdy.

Aýallaryň mertligi

“Men häzirki döwürde we aýny ýaşymda aç bolaryn öýdüp hiç mahal pikirem etmändim. Emma üç günläp duz datmadyk wagtym hem boldy” diýip, Heda aýdýar. Haçanda ondan bir teležurnalist wideoýazgylary gaçak ýol bilen Inguşystana aşyrmagy soranda, ol öz watanynda nämeleriň bolýandygyna bütin dünýäniň düşünmegine ýardam etmäge mümkinçilik dörändigine ynanypdyr.

“Men bu ýerde nämeleriň bolýandygyny bilen kimdir bir hökmürowan kişiniň öňündäki düwmäni basan badyna, uruş tamamlanar öýdüp ýöntem pikir etdim” diýip, Heda Saratowa gürrüň berýär.

Heda birnäçe günläp pyýada ýöräp, şäheri terk edip, wideoýazgylary Amnesty International, ýagny Halkara günä geçiş guramasynyň wekiline gowşurmagy başarýar. Soňra Saratowa uruş dowam edýän regionda ilata kömek etmek umydy bilen “Memorial”toparyna goşulýar.

Heda bütin Çeçenistana aýlanyp, adam hukuklarynyň bozulyşy barada dokument ýygnap başlaýar we köplenç Estemirowa bilen bilelikde işleşýär. “Bu örän gorkunçdy. Häzir käte men öz edýän işlerime ynanmaýaryn”diýip, Saratowa aýdýar.

Tatýana Lokşina adam hukuklary boýunça halkara Human Rights Watch guramasynyň Moskwadaky edarasynyň başlygynyň orunbasary. Ol on ýyl töweregi Saratowa bilen bile işleşen. “2003-nji ýylda Saratowanyň göwresinde ikinji ogly bardy. Ýöne ol şonda-da gynamalar we adamlaryň dereksiz ýitýändigi baradaky dokumentleri öz ýany bilen aldy. Ol meni juda gorkunç daglyk ýerler bilen Çeçenistana alyp gitdi” diýip, Lokşina ýatlaýar.

Saratowa özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň edil “Tiz kömek” ýaly ýaralananlara, gynalanlara, ogurlananlara ýa-da islendik mätäçlere kömek edýändigini gürrüň berýär. Emma ol geçen ýyl Estemirowanyň öldürilmeginiň özüne juda agyr degendigini ýatlaýar.

Heda Çeçenistanyň geçmişi hem şu güni barada öz pikirlerini paýlaşmak bilen käbir hökümet resmileriniň dünýägaraýşynyň ösmegini gazanyp bilendigini nygtady. ”Men olaryň has-da köpeljekdigine umyt edýärin. Biz çeçenler az sanly. Biziň bilelikde asuda ýaşamagyň ýoluny tapmagymyz gerek” diýip, Heda Saratowa sözüni jemleýär.