NATO: «Owganystanda 21 pitneçi öldürildi»

Şu gün Owganystanyň Host welaýatynda NATO-nyň harby bazalaryna pitneçiler tarapyndan amala aşyrylan hüjümler yzyna serpikdirilende 21 pitneçiniň öldürilip, ýene 5-siniň ýesir alynandygy habar berildi.

NATO-nyň bu barada beren maglumatynda ýaranlyk güýçleriniň we owgan goşunlarynyň bu wakalarda ýitgi çekmändigi aýdylýar.

Bu wakanyň yzy bilen talyplar NATO-nyň 2 harby bazasyna edilen bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstlerine aldylar.

Ýerli polisiýa edarasynyň ýolbaşçysy bu iki hüjüme 48 jeňçiniň gatnaşandygyny habar berdi.

Talyplaryň metbugat sekretary Zabiullah Mujahid bu hüjümlerde 18 sany daşary ýurt esgeriniň öldürilendigini aýtdy. Emma häzirlikçe by maglumat resmi taýdan tassyklanylmady.