Täjigistanda iň berk goralýan türmeleriň birinden gaçan adamlar ýer sermelip gözlense-de, resmiler bu barada açyk gürrüň etmezligi amatly görýärler.
Täjigistanda iň berk goralýan türmeleriň birinden gaçan adamlar ýer sermelip gözlense-de, resmiler bu barada açyk gürrüň etmezligi amatly görýärler.
22-nji awgustdan 23-nji awgusta geçilýän gije Döwlet howpsuzlygy ministrliginiň tussaghanasyndan gaçan 25 adamyň arasynda hökümeti agdarmagy planlaşdyranlykda günäli tapylyp, iş kesilenleri-de bar. Beýlekiler hem türmä düşen terrorçylar we yslamçy söweşijiler. Bularyň on birisi çet ýurtlular: özbekler, owganlar we demirgazyk kawkazly rus raýatlary.
Bu iş daşary ýurtlary hem aýak üstüne galdyrdy. Orsýet 25-nji awgustda gözleg işlerine kömek bermäge ylalaşdy. Täjik häkimiýetleri Interpoldan we goňşy ýurtlardan-da kömek soradylar. Gyrgyzystanyň serhet goragçylary Duşenbäniň bu ugurdaky haýyşyna täjik serhedinde howpsuzlyk çärelerini gýüçlendirmek bilen jogap berdiler.
Täjigistanyň özünde “Içerden kömek bolmazdan, bu gaçyşlyk nähili amala aşyrylyp bilner?” diýen sorag berilýär. Ýöne täjik prezidenti Emomaly Rahmon, hamana, hiç zat bolmadyk ýaly öňki işleri bilen meşgul.
Emomaly Rahmon bu wakanyň bolan gününden iki gün soň, 25-nji awgustda, ozal planlaşdyrylyşy ýaly, Hatlon regionynda täze mekdepleriň açylyş dabarasyna gatnaşdy, magaryf hakda gürrüň etdi. Ýerli ilat bilen bolan duşuşyklarda onuň halky alada goýýan bu waka hakda aýdan zady bolmady.
Ýurt içindäki myş-myşlar
Duşenbede ýaýran myş-myşlarda ýokary hökümet işgärleri bilen ilteşigi bolan iki sany belli şahsyýetiň maşgala agzalarynyň bu işde elleriniň bolanlygy aýdylýar. Bularyň biri prezident gwardiýasynyň öňki başlygy, Emomaly Rahmonyň öňki ýarany Gaffor Mirzoýew, beýlekisi hem yslamçy oppozisiýanyň öňki harby ýolbaşçylarynyň biri Mirzo Ziýoýew. Gaçan tussaglaryň köpüsi Ziýoýewiň wepadar ýaranlary hasaplanylýar.
Gaçgaklaryň häkimiýetleri nähili kynçylyklara duçar edip biljekdigi ýurduň içinde we ekspertleriň arasynda gyzgyn çekişme döreden temalaryň biri.
Yslamçy oppozisiýanyň öňki agzasy Dawlaty Usmon bu barada şeýle diýdi: “Täjigistandaky häzirki ýagdaýda bu adamlaryň bir maksada gulluk edip, hökümetiň öňünde kynçylyk döretmegi gaty kyn iş. Bu gaty kyn, ýöne bolmajak zat däl. Hökümet hem olaryň çynlakaý problema döretmeginden gorkýar”.
Duşenbeli syýasy ekspert Parwiz Mullojonowyň pikiriçe-de, bu adamlaryň gelejekde ýurduň içinde problema döretmegi mümkin: “Bu adamlaryň häzir Täjigistanda açyk bazasy ýok. Şol sebäpden olaryň ýurdy durnuksyzlaşdyrmagy mümkin däl. Ýöne bu adamlar we hökümete garşy beýleki güýçler özara hyzmatdaşlyk etseler, onda ýagdaý üýtgär”.
Moskwada ýerleşýän GDA döwletleri institutynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Andreý Groziniň pikiriçe bu waka Täjigistanyň tussaghanalarynda korrupsiýanyň giňden kök urandygyny görkezýär. Grozin: “Bu işde gaty ýokary orunda oturan biriniň eli bolmaly” diýip çaklaýar.
Şol bir wagtyň özünde-de, Täjigistanyň howpsuzlyk gullugyndakylar esasan Rahmona wepadar adamlar. Iň ýokary orunlarda oturanlaryň köpüsi prezidentiň öz regionyndan.