Türkmenistan öz «ugruny» kesgitledi

Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow dürbide uzaklara garaýar.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda özüniň ileri tutýan ugurlaryny yglan etmekçi. Bu ugurlar nähili ugurlar?

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, hususan-da, bilim, adam hukuklary we neşä garşy göreş ýaly meseleler ýurduň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda ileri tutjak ugurlarynyň hatarynda bolar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasy 14-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda açylar.

Synçylar halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň öz içerki problemalarynyň hem ençemesiniň şu günki gün gaýragoýulmasyz çözgütlere mätaçdigine ünsi çekýärler.

Adam hukuklary

Türkmenistanyň pozisiýasyny mälim edýän resmi maglumata görä, ýurduň ileri tutýan ugurlarynyň çäginde adam hukuklary hem bar. Türkmenistanyň adam hukuklaryna uly ähmiýet berip, takyk ädimleri ädýänligi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna ymtylýanlygy bellenilýär.

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, BMG-niň adam hukuklary boýunça konwensiýalaryna gatnaşýan Türkmenistan olaryň milli derejede ýerine ýetirilmegini gazanýar we ýurduň BMG-niň edaralaryna berýän hasabatlary arkaly edilýän işleriň açyk-aýdyňlygyny üpjün edýär.

Emma, muňa garamazdan, Türkmenistanda raýatlaryň ynsan hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly wakalar halkara jemgyýetçiliginiň yzygiderli üns merkezinde bolmagynda galýar. Adam hukuklaryny goraýjy guramalar, hususan-da, raýatlaryň hereket azatlygynyň çäklendirilýänligine alada bildirmegini dowam etdirýärler.

Häzirki wagt Türkmenistanyň müňlerçe raýatlary ýurtdan çykarylmaýar. Käbir maglumatlara görä, ýurtdan çykmagy we ýurda barmagy gadagan edilenleriň sanawyna 30 müňden gowrak adam girýär. Emma “gara sanawlaryň” bardygy resmi derejede tassyklanmaýar, ret hem edilmeýär.

Hereket azatlygyny çäklendirýän düzgünleriň ýatyrylmagy türkmen häkimiýetleri üçin bähbitli bolup bilerdi diýip adam hukuklaryny goraýjylar belleýärler. “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, hereket azatlygyna rugsat bermek ädimi ädilse, halkara jemgyýetçiligi muny türkmen ýolbaşçylarynyň demokratik özgerişe islegi hökmünde kabul ederdi.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda ileri tutýan pozisiýasy barada ýaýradylan resmi maglumatda ýurduň BMG-niň adam hukuklary boýunça komissiýalarynyň işine gatnaşmagyny dowam etdirmekçidigi we adam hukuklary boýunça Geňeşiň maslahatyna gatnaşmak üçin öz resmi toparyny düzmäge taýýardygy hem aýdylýar.

Bilim, ylym we medeniýet

Türkmenistan bilim, ylym we medeniýet boýunça-da halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýändigini aýdýar. Ýurduň medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndan amala aşyrýan reformalarynyň ýurduň halkara hyzmatdaşlygyna giň derejede gatnaşmagyny göz öňünde tutýar diýip, resmi maglumatda bellenilýär.

Türkmenistanyň resmi derejede bilim-ylym ugrunda yglan eden reformasynyň çäginde 2008-nji ýylda ýurduň Ylymlar Akademiýasy dikeldildi. Orta mekdepler 10 ýyllyga geçirildi. Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýanlaryň sany az-owlak artdyryldy.

Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän studentiň umumy sany 5 mňň 445 adama ýeter. Orta professional tehniki okuw jaýlarynda hem 3 müň 383 adam okar. Emma, beýleki tarapdan, Türkmenistanyň orta mekdeplerini şu ýyl 115 müň okuwçynyň tamamlandygyny göz öňünde tutsaň, bu ýaşlardan örän az sanlysynda ýokary bilim almak mümkinçiliginiň bardygyny görmek bolýar.

Şu günki gün Türkmenistanda ýaşlaryň bilim almak mümkinçiliginiň örän çäklidigini ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler. Üstesine, köp ýaşlar, şol sanda bilimli we diplomly ýaşlar hem işsiz galýarlar. Bu bolsa ýurtda neşe problemasy ýaly sosial problemaryň agyrlygyna galmagyna-da öz täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň içerki ýagdaýy halkara jemgyýetçiligi üçin ýapyklygyna galýar. Ýurduň sosial-jemgyýetçilik durmuşyna degişli maglumatlar we hakyky ýagdaýy görkezýän sanlar köpçüligiň dykgatyna ýetirilmeýär.

«Jane’s» maglumat toparynyň Ýewraziýa boýunça bilermeni Metýu Klements Türkmenstanyň yglan edýän reformalarynyň ýurduň syýasy, ykdysady we sosial durmuşyna örän ujypsiz täsir edýändigini belledi. Bilermen esasy päsgelçiligi ýurtda awtoritar režime mahsus düzgünleriň dowam etmeginde görýär.

Synçylaryň bellemegine görä, ýurtda hakyky özgerişlikleriň emele gelmegi açyk-aýdyňlygyň bolmagyny we raýatlaryň Konstitusiýada görkezilen hak-hukuklarynyň berjaý edilmegini talap edýär.