Orsýet-ermeni şertnamasynyň «beýleki» taraplary

Orsýet-ermeni ylalaşygyna gol gekişlik pursaty. Ýerewan, 20-nji awgust, 2010.

Rus prezidenti D.Medwedew bilen ermeni prezidenti S.Sarkisýan öten hepde bir protokola gol çekişip, 1995-nji ýyla degişli ikitaraplaýyn goranyş şertnamasyny uzaltdylar.

Bu protokol daşyndan göräýmäge öňki ylalaşygyň dowamy ýaly bolup görünse-de, onda täze möhüm aýratynlyklar hem bar.

Birinjiden, Orsýet indiden beýläk Ermenistanyň diňe Türkiýe we Eýran bilen bolan serhedini däl, eýsem onuň territorial bütewiligini-de tutuşlygyny kepeillendirýär. Bu wada Orsýetiň häzirki harby doktrinasynda hem bar.

Ol doktrinada Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Kolleketiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy guramasyna degişli haýsydyr bir ýurda edilen hüjüme gurama agza ähli ýurda edilen hüjüm diýip garalýar. Bu hem Daglyk-Garabagy yzyna almak üçin ähli serişdelerden peýdalanjakdygyny aýdýan Azerbaýjan üçin Ermenistana garşy uruş etmäge ýol ýok diýildigi.

Ikinjiden, bu Orsýetiň Ermenistandan ýakyn geljekde çykma niýetiniň ýokdugyny aňladýar. Ýerewan bilen bolan şertnama uzaldylyp, 2044-nji ýyla ýetirildi. Bular ýaly iş üstümizdäki ýyl Ukrainada-da edildi. Rus strategleri indi uzak möhletleýein pirkirlenmäge başladylar.

Orsýetiň «Merkezi Aziýa» bähbidi

Ýöne Moskwanyň nukdaýnazaryndan garanyňda, häzirki şertlerde iň möhümi Orsýetiň harby güýjüniň Gyrgyzystanda we Täjigistanda pugtalandyrylmagydyr. Bu iki ýurt Merkezi Aziýanyň iki gowşak ýurdy hasaplanylýar we olar Owganystana-da gaty ýakyn.

Häzirki wagt Orsýet öz töwerek-daşynda howpsuzlyk sistemasyny döredip ýör. Ol bu meselede hem NATO-nyň giňeme prosesinde dörän arakesmeden peýdalanýar.

Ukraina bilen Gürjüstanyň Atlantik ýaranlygyna girmek mümkinçiligi indi 2008-nji ýyldakydan pes. Muňa sebäp bolan bu ýurtlaryň öz hereketleri. Orsýetiň öňki Sowet respublikalarynda öz täsirini artdyrmagyna garşy göreşmek prezident Obamanyň administrasiýasyny ABŞ-nyň ozalky prezidentini gyzyklandyryşy ýaly gyzyklandyranok. Oňa geregi Eýran we Owganystan ýaly meselelerde Orsýetiň hyzmatdaşlygy.

Moskwa, hemişe isleýşi ýaly, öňki Sowet giňişliginde howpsuzlygy üpjün edip, parahatçylygy kepillendireýin diýse, ýakyn geljekde onuň öňünde päsgelçilik ýok. Ruslaryň bu roly ýerine ýetirjekdigi çynlary bolsa, onda olar öz syýasatyny muňa uýgunlaşdyryp, öz ýoluny düzeltmeli.

Orsýet howpsuzlyk guraly bolup bilermi?

Konfliktleriň öňüni almak üçin ilki bilen Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy guramasynyň Orsýetiň dostlarynyň kluby bolmakdan aýrylyp, bütinleý reformirlenmegi gerek. Aýratyn-da, Merkezi Aziýa regiony üçin şeyle zerurlyk bar. Sebäbi bu region öz içindäki hem-de Owganystandaky wakalary göz öňünde tutanyňda, gitdigiçe gowşak görünýär.

Konfliktleri aradan aýyrmak meselesi käbir postsowet konfliktlerini çözmegi-de talap edýär. Bularyň içinde hem iň kyny we iň howplusy Garabag meselesi.

Ermenistan bilen şertanamany uzaltmak arkaly Moskwa Bakuwa urşy syýasy gural edip ulanmazlyk barada duýduryş berdi. Beýleki tarapdan, ol indi iki tarapy hem parahatçylyk şertnamasyna gol goýmaga höweslendirmeli. 10 ýyl mundan ozal Floridada şeýle ylalaşyga tas gelnipdi. Ýöne muny iki ýurduň elitasy kabul etmändi.

Orsýet indi Minsk topary we regional güýç Türkiýäniň kömegi bilen iki tarapy gutarnykly çözgüde getirmeli. Onsoň, wagtyň geçmegi bilen, belki-de bu onuň howpsuzlygy üpjün etmek başarnygyna subutnama bolar.

Dmitriý Trenin Moskwadaky Karnegi merkeziniň direktorynyň orunbasary, onuň ogly Andreý Treniin bolsa howpsuzlyk we energiýa meseleleri boýunça garaşsyz analitik. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtorlaryň özüne degişli.