Human Rights Watch guramasy Orsýeti Çeçenistanda aýallary yslam düzgüni boýunça geýinmäge mejbur edýän ýerli düzgünleri ýatyrmaga çagyrdy.
Adam hukuklaryny goraýan topar çeçenistanly aýallardan gelen şikaýatlara salgylanyp, Groznyda aýallara ýeňil-ýelpaý geýnenligi üçin azar berilýändigini aýdýar.
Çeçen häkimiýetleri başyny örtmedik aýallary jemgyýetçilik pudagynda işlemesiz etdiler. Şonuň ýaly-da ol ýerde okuwçy we student gyzlar okuw jaýlaryna baş örtgüli barmaly edildi.
Bu çäreler kanun esasynda düzgünleşdrilmedik hem bolsa, olar berk talap edilýär we Çeçenistanyň Orsýete tarapdar prezidenti Ramzan Kadyrow tarapyndan açyk goldanýar.