Täjik resmisi Bişkegiň aladasy ýerliksiz diýýär

Penşenbe güni Täjigistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň generaly Abdullo Nazarow Täjigistandan Gyrgyzystana yslamçy ekstremistleriň geçmek howpunyň bardygy barada gyrgyz resmileriniň bildirýän aladalarynyň ýerliksizdigini aýtdy.

Geçen hepde Gyrgyzystanyň Batken oblastynyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Sultonbek Aýjigitow Täjigistanyň territoriýasyndan Gyrgyzystana yslamçy ekstremistleriň geçmek howpunyň bardygy barada duýduryş bilen çykyş edip, gyrgyz-täjik serhedinde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegine çagyryş etdi.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, ýakynda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri bu ýurduň Täjigistan bilen serhet ýakalaryna golaý ýerde Özbegistanyň Yslam hereketiniň agzalary diýlip güman edilýän birnäçe söweşijini atyp öldürdiler we ýene birnäçesini tussag etdiler.