Türkmenistanyň sosial durmuşynyň we ilatyň sosial üpjünçiliginiň ýagdaýyna ýurduň ykdysady, maliýe we bank pudaklaryna bagyşlanyp 17-nji awgustda geçirilen maslahatda garaldy.
Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ösüşi boýunça 17-nji awgustda geçirilen döwlet maslahatynda berlen hasabatlarda ýurt ýolbaşçylarynyň alyp barýan maliýe-ykdysady syýasatynyň ýurduň abadançylygyna we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilýänligi bellenildi.
Maslahatda “Türkmenistanyň 2011-2030-njy ýyllar boýunça sosial-ykdysady ösüş programmasynyň” çäginde ýakyn ýyllarda oba ýerlerini abadanlaşdyrmak we infrastruktura taýdan döwre laýyk ösdürmek, milli hususy öndürijileri, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, oba ilatyna jaý gurluşygy üçin kredit bermek, aýlyklary we pensiýalary wagtynda eýelerine gowşurmak ýaly planlar agzaldy.
“Döwlet adam üçindir” diýen şygar astynda alnyp barylýan milli programmanyň üstünlikli gidýänligi-de habar berildi. Ilatyň sosial goragy ugrunda edilýän işleriň arasynda pensiýanyň, pul kömekleriniň wagtynda tölenýänligi we adamlara giň derejede sosial ýeňillikleriň berilýänligi aýdyldy.
Girgeji çeşmesi
Türkmenistanda pensiýa üpjünçiligi ilatyň sosial durmuşynda aýratyn we möhüm orun tutýar. Türkmenistanly synçylaryň sözlerine görä, şu günki gün garrylyk ýaşyna ýeten adamlaryň pensiýasynyň tutuş maşgalalar üçin ýeke-täk girdeji çeşmesi bolup durýan halatlary seýrek däl.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Artýom Ulunýan işlemäge ukyply adamlaryň garrylaryň pensiýalary bilen gün görmäge mejbur bolmagy işsizligiň çakdanaşa agyr ýagdaýyndan habar berýär diýip, pensiýa we işsizlik meseleleriniň bir-birine baglydygyny belleýär. Garaşsyz maglumatlarda ýurtdaky işsizligiň derejesi azyndan 30% diýlip görkezilýär.
A.Ulunýan salgyt töleýjileriň hasabyna düzülýän döwlet býujetinden tölenýän pensiýalaryň durnuklylygynyň işleýän adamlaryň salgytlaryna göni bagly bolup duranlygyna hem ünsi çekýär. "Şeýlelikde ilatyň uly böleginiň işsiz bolmagynyň ýurduň pensiýa üpjünçiliginiň gowşamagyna şert döredýär".
Türkmenistanda işsizlik meselesi, işsizleriň sany, ýurduň içinde ilatyň iş bilen üpjünçiligine degişli maglumatlar, gazanjyň gözleginde ýurduň daşyna gidýänleriň sany we, umuman, ýurduň sosial ýagdaýyna hem bar bolan kynçylyklara degişli resmi maglumatlar köpçülige ýetirilmeýär. Ýurtda işsizlik boýunça kömek pulunyň berilmegi-de göz öňünde tutulmaýar.
Pensiýa býurokratiýasy
Duşuşykda pensiýalary kesgitlemekde we gaýtadan hasaplamakda ýalňyşlyklaryň goýberilýänligi mälim edildi. G.Berdimuhamedow pensiýa reformasynyň häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň biridigini belläp, Sosial-üpjünçilik ministrliginiň işindäki kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça görkezme berdi.
Maslahatda kemçilikler barada has takyk maglumat berilmedi. Emma pensiýa ýaşyna baran raýatlaryň pensiýa üpjünçiligine eýe bolmagynyň käte bir ýyla golaý wagty talap edýän prosesdigini ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler. Muňa zähmet stažyny tassyklatmak düzgüniniň kämil däldigi sebäp bolýar.
Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň sözlerine görä, pensiýa ýaşyna ýeten raýatlar iş stažyny tassyklamak üçin zähmet depderçesinde görkezilen edaralara ýüz tutup, goşmaça tassyknama almaly bolýarlar. Emma SSSR, köp edaralar ýok edilensoň, adamlaryň ozal zähmet çeken ýyllaryny tassyklatmaga köplenç asla mümkinçilik ýok.
Ters gelýär
Žurnalist A.Baýryýewiň bellemegine görä, bu düzgün Türkmenistanyň Zähmet kodeksine ters gelýär. Sebäbi kanuna görä, zähmet kitapçasynyň özi raýatyň iş stažyny tassyklaýjy dokument bolup durýar.
Pensiýanyň möçberi zähmet stažyna bagly bolansoň, tassyklanmadyk zähmet stažy pensiýanyň möçberiniň has kem bolmagyna getirýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly pensioner oba ýaşaýjylarynyň öz döwründe ýatyrylan pensiýalaryň dikeldilmeginiň goldaw bolanlygyny, emma güzeran aýlamaga zordan ýetýänligini gürrüň berdi.
Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýanyň pikirine görä, Türkmenistanyň pensiýa sistemasy beýleki postsowet döwletlerine garanda kesgitsizligi bilen tapawutlanýar. “Ýurduň pension sistemasynyň kämilleşmegi üçin döwlet býujetiniň düzülişi we döwlet pullarynyň sarp edilişi aýdyň bolmaly” diýip, A.Ulunýan nygtaýar.
Türkmen resmi metbugatyna görä, ýurtda alnyp barylýan pensiýa reformasynyň çäginde iýul aýynda Türkmenistanda Pensiýa fondy döredildi we öňünden tygşytlamak boýunça pensiýa düzgüni girizildi.