German ykdysadyýeti soňky aýlarada çalt ösüp ugrady. 20 ýyl mundan ozal iki Germaniýa birigeli bäri beýle ösüş görülmändi.
Ýakynda berlen sanlarda öňki kwartal bilen deňäniňde ykysadyýetiň aprel we iýun aýlary aralygynda 2,2 prosent artanlygy görkezilýär. Bu ykdysadyýetçileriň öňünden çak edeninden has ýokary. Beýle çalt ösüşe asla garaşylmandy.
Bu ösüşe sebäp bolan german eksportyna, aýratyn-da onuň tehniki enjamlaryna bolan talabyň artanlygy. Ozal ösüş derejesi 0,2 bolar diýlip çaklanypdy. Ýöne soňra statistika edarasy muny düzedip, 0,5 etdi.
Germaniýanyň ykdysadyýeti öten ýyl 4,9 prosent aşaklap, Ikinji jahan urşundan bärde özüniň iň pes derejesine ýetipdi. Täze sanlary neşir eden “Federal statistika edarasy” ykdysadyýetiň indi dikelip, ýola düşüp ugrandygyny aýdýar.
German ykdysadyýetiniň ösmegi ýewro zonasyna-da öz kömegini ýetirdi. Aýdylyşyna görä, tutuş bu zonada ykdysadyýet ikinji kwartalda bir prosent ösüpdir. Bu 2006-njy ýylda bärdäki iň çalt ösüşdir. Ol şol bir wagtyň özünde-de Ýewropanyň Birleşen Ştatlara garanda has sagdyn ädimler bilen öňe ilerleýändigini görkezýär.
Geň tarapy
Geň tarapy ýaňy sanlyja aý mundan ozal-da hökümetleriň agyr bergileri astynda ýewro zonasy çökäýjek ýalydy. Ýöne ekspertler: “Sanlar oňaýly bolsa-da, ilkinji nobatda eksporta daýanýanlygy üçin, beýle dowam etmän, üçünji we dördünji kwartalda ösüş aşaklar” diýýärler. Bu ikirjiňlenmä sebäp bolýan ýewro zonasyna degişli 16 ýurtda önümçilik derejesiniň aşaklanlygy.
Ýewropa Bileleşiginiň iň güýçli ýurdy Germaniýada önümçilik 0,5 prosent, ikinji orunda durýan Fransiýada hem 1,6 prosent aşaklady. Ykdysadyýetçiler “önümçiligiň peselmegi ykdysady ösüşi haýalladar” diýen pikirde.
Ýurt içindäki sarp edijilik entek öňki derejesine ýetmänligi üçin ýewro zonasy senagat sektoryna aşa garaşly. Germaniýadaky güýçli ösüş şu ýylyň ikinji kwartalynda ykdysady ösüşi 1,5 prosent aşaklan Gresiýanyň edil tersine bolan görkezijidir.