Serhetçiler güni we Türkmenistanyň serhet gullugynyň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýüzlenmesinde ýurtda harby ýagdaý bar ýaly görkezilipdir.
Gutlagyň tutuş ruhy bolmagy mümkin duşmanlardan watany goramak, halky hemişe dowam edýän daşky howpdan halas etmek wezipesi serhetçilere ýatladylyp, bu çylşyrymly wezipäni çözmäge çagyryşa syrygýar. Howp hemme tarapda – ýurduň içinde-de, daşynda-da bar.
Prezident serhetleriň eldegrilmezligini goramagyň möhümdigini, hamana, islendik pursat Türkmenistanyň şol eldegrilmezligi ýitirmegi mümkin ýaly gürrüň edýär.
Türkmen serhetçileriniň döwlet missiýasy bilen bagly şunuň ýaly güýçli äheň, eger ýurduň daşarky dünýä bilen arasynyň doly ýapyklyk režimi göz öňünde tutulsa, özboluşly bir häsiýete eýe bolýar.
Emma, muňa garamzdan, G.Berdimuhamedow özüniň kömekçileri bilen “açyk gapylar syýasaty” diýilýäni ýadaman-ýaltanman gije-gündiz gaýtalaýar, hamana ol türkmen durmuşyna yzygiderli ornaşdyrylýarmyş.
Ýöne prezidentiň gutlagynda şol syýasata hiç hili salgylanma ýok, eger ol agzalan bolsa, serhetçileriň aňyny bulam-bujar etmegi mümkin. Şeýlelikde serhetçileriň öňünde şol syýasata garşylykly wezipe goýulýar.
Çapraz gelýär
Prezident adamsöýüjilik hem demokratiýa prinsiplerini ýatlaýar, emma hakykatda serhetçiler ýurtdaky düýpden ýapyk režimi goramaly, saklamaly bolýarlar.
Şu günki gün şol ýapyklyk demokratik dünýäniň öz serhetlerine bolan gatnaşyklaryndaky ýüze çykýan tendensiýalara çapraz gelýär…Mysal üçin, häzirki Ýewropa düýbünden başga hili maksatlar yzarlaýar.
Ýewropa kontinentiniň köp döwletleri öz serhetlerini düýbünden ýok etdi. Gollandlar gypynç etmän Germaniýa, ondan aňry Awstriýa gidip-gelip bilýärler.
Italýanlary Fransiýa bilen serhetde barlap duran fransuz serhetçileri ýok. Sebäbi arada serhet ýok. Diňe ýollarda “siz pylan ýurda geldiňiz” diýen bellik bar.
Hatda Orsýet bilen Ukraina öz graždanlarynyň ýewropa ýurtlaryna baryp-gelmeginde wiza režimini ýatyrtmak üçin Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşikler geçirýär.
Ine, şu edilýän işler Türkmenistanyň serhetlerinde höküm sürýän häzirki ýagdaý bilen deňeşdirilende, “Döwlet halk üçindir” diýen şygara has golaý gelýär.
Düşünmek kyn
Ýurduň içindäki türkmenistanlylaryň köpüsine, ýurduň daşyndaky türkmenlere “Döwlet halk üçündir” diýen şygary türkmen häkimiýetleriniň näme üçin saga-çepe, duş gelen tarapa parladyşyna düşünmek kyn.
Režimiň arkasyndan ýönekeý raýatlaryň ýurtdan çykmakda hem ýurda gaýdyp gelmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylykarynyň, problemalarynyň olara ýaraýandygyny göz öňüne getirmek hem gaty kyn.
Türkmen prezidenti serhetçileri watansöýüjilige çagyrýar, ýöne serhetçiler ynsana, adama däl-de, režime gulluk edýändiklerine düşünmän duranoklar. Olar, belki, öz halkynyň üstünden serhet gözegçisi, barlagçysy, olaryň dokumentdir el goşlaryny dörüji bolup, watandaşlaryna görünmek isleýän däldirler.
Serhet gullugy 18 ýyl mundan ozal S.Nyýazowyň howandarlygynda, arkasynda durmagynda döredilipdi. Ol türkmenistanlylary öz erkine doly tabyn etmek üçin özüne mynasyp režim döredipdi.
Serhetçileriň häzirki mejbury borç-wezipelerini şu wagta çenli hiç kim ýatyranok. Türkmenbaşynyň goýup giden mirasy ýaşaýşa özündenem ukyply bolup çykdy…
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.