12-nji awgustda Orsýetiň «Kursk» atom suwasty gämisiniň heläkçilige uçramagyna dogry 10 ýyl boldy. Şol gämi heläkçiliginde Barens deňziniň astyna çöken suwasty gämidäki 118 harbynyň hemmesi gurban bolupdy.
Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherindäki suwasty gämiçiler klubynyň başlygy, gämi kapitany Igor Kurdin bilen şol heläkçiligiň ýyl dönümi bilen bagly ýörite söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: «Kursk» gämisiniň heläkçiliginden soňky geçen 10 ýylyň içinde suwasty gämi flotynda nähili özgerişlikler bolup geçdi?
Igor Kurdin: Elbetde, geçen on ýylyň içinde flotda köp zatlar özgerdi. Ýöne, adatça bolşy ýaly, käbir zatlar gowulyga tarap özgerdi, käbir zatlaram şeýle bir gowy tarapa özgermedi.
Islendik bir heläkçilik, aýratynam, 118 sany ekipaž agzalarynyň ölümine getiren «Kursk» suwasty gämisiniň heläkçiligi ýaly heläkçilik diňe bir emosiýalaryň möwç almagyna däl-de, eýsem, harby-deňiz flotynda düýpli özgerişlikleriň bolmagyna-da getirmeli diýlip garaşylýar. Eýsem, şeýle düýpli özgerişlik ýüze çykdymy? Men beýle pikir etmeýärin.
Şol günler biz heläkçilige uçran adamlary halas eder ýaly özümizde hiç zadyň ýokdugyna göz ýetirdik. Şonda biz daşary ýurtlardan kömek almalymy ýa almaly däldigi barada-da köp ikirjinlendik.
Azatlyk Radiosy: Umumy alnanda, «Kursk» suwasty gämisiniň heläkçiligi şu geçen döwrüň içinde suwasty harbylaryň howpsuzlygyna nähili täsir etdi?
Igor Kurdin: Elbetde, käbir zatlar edildi, nähilidir bir sistemalar kämilleşdirildi. Dördünji nesle degişli gämilerde bu täze sistemalar ulanylýar. Ýüze çykýan bular ýaly gämi heläkçilikleri konstruktorlaryň ünsünden sowa geçmeýär.
Men Malahitdäki, Rubindäki, Piterdäki konstruktor býurolarynda konstruktorlaryň şol «Kursk» bilen bagly bolan wakalary göz öňünde tutup, täze, döwrebap gämileri proýektirleýändiklerini anyk bilýärin.
Sosial gorag meselesi barada aýtsak, men bir zady ýatladasym gelýär. Suwasty gämide gurban bolan ofiserlerden biriniň aýaly telewideniýede goni efirde çykyş edende, ol Orsýetiň şol wagtky prezidentine ýüzlenip: «Men iki çagany ösdürip-ýetişdirmeli, şoňa görä-de men öz ärimiň 10 ýyllyk aýlyk hakyny häzir öňünden almak isleýärin» diýipdi. Şonda prezident suwasty gäminiň ofiseriniň näçe aýlyk hak alýandygyny sorapdy. Ýöne oňa suwasty gäminiň ofiseriniň 6 müň rubl aýlyk alýandygyny aýdyp, ony birneme aldadylar.
Şol wagtky kurs bilen 6 müň rubl 250 dollar töweregi bolýar. Olar suwasty gäminiň adaty bir esgeriniň aýlygyny däl-de, gäminiň komandiriniň aýlyk hakyny aýtmalydylar. Emma olar muny etmediler.
Şonda prezident ol aýala dessine şol puly bermeklige görkezme berdi. Indi özüňiz şol 6 müň rubly 10 ýyla köpeldip görüň, ol 720 müň rubl bolar. Bu pul şol suwasty gämidäki ölen her bir adam üçin döwlet tarapyndan tölenen puluň möçberi.
Ýöne ol ölen adamlaryň arasynda her dürli maşgalaly adamlar bar, olaryň arasynda ejesi-kakasy, kiçi oglan we gyz jigileri, iki çagasy bilen aýaly yzynda galanlary-da bar. Emma muňa garamazdan, olaryň hemmesem birmeňzeş möçberde pul aldylar.
Azatlyk Radiosy: Şol wakada Orsýetiň häkimiýetleriniň, aýratynam, Wladimir Putiniň bildiren reaksiýalary barada näme aýdyp bolar?
Igor Kurdin: Eger Putine «hemme zat gülala-güllük», «halas ediş işleri talabalaýyk alnyp barylýar», «hiç hili goşmaça kömek üçin zerurlyk ýok» diýen ýaly hasabatlar berlen bolsa, bu ýerde hemme zat aýdyň - ýumşak aýdylanda, ony aldawa saldylar.
Ýöne, beýleki tarapdan, harbylaryň sözüne köre-körlük bilen ynanyp oturman, hakyky ýagdaýy barlamak üçin biziň hökümetimizde başga-da ýollar bar ahyryn.
Harbylar, adatça, özlerini nähili alyp barýarlar? Mysal üçin, ýakynda harby baza ýananda, olar «ol baza biziňki däl» diýip, hasabat berýärler. Aradan biraz wagt geçenden soň bolsa, harby baza olaryňky bolup çykýar. Bu waka «Kursk» gämisi bilen bagly bolan waka örän çalymdaş waka. Şu babatda geçen 10 ýylyň içinde kän bir üýtgän zat ýok.