Ýurduň eýýäm gazanan üstünliklerini öwmek bilen Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň wekilleri demokratiýa degişli terminleri, ýagny adalgalary ulanýarlar. Ýöne olaryň tassyklamalary hakykata näderejede ýakyn?
Ýurduň köpçülikleýin habar serişdeleriniň ýazmagyna görä, ýedi aýyň jemlerine bagyşlanan hökümet maslahatynda Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýän reformalaryň kanun-hukuk bazasynyň kämilleşdirilýändigini aýdypdyr.
“Agyzdan çykan söz guşdur, uçar gider, gaýdyp tutmarsyň” diýen rus pähimi bar. Kanun-hukuk bazasy barasynda gürrüň edilende, “demokratiýany mundan beýläk ösdürmek” barada aýdylanda, ýolbaşçylaryň nämeleri göz öňünde tutýandyklaryny türkmen jemgyýetine düşündirip biljek adam barmyka?
Demokratiýanyň esasy alamatlarynyň biri ýurduň daşarky dünýä üçin açyklygy, ýurduň graždanlarynyň ýurtdan erkin çykyp, erkin hem ýurda gelip bilmegi.
Eger A.Nurberdiýewa “Türkmenistanda adamlaryň azat-erkin hereketini, meselem, bir ýurtdan beýleki ýurda baryp-gelmesini haýsy hukuk dokumentleri sazlaýar, üpjün edýär?” diýen sorag berilse, Mejlisiň başlygy oňaýsyz ýagdaýa düşüp, uly alada galsa gerek.
Graždanlaryň şol hukugynyň – kim ýurtdan çykmaly, kim çykmaly däl diýen meselä öwrülip, ony-da häkimiýetleriň özleriniň çözýändigini hanym Nurberdiýewa bilýän bolsa gerek.
A.Nurberdiýewanyň hökümet maslahatynda eden çykyşyndan soň prezidentiň beýanaty-da gaty syrly görünýär. G.Berdimuhamedow deputatlary öz hünär ussatlygyny – professional derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga çagyrdy hem daşary ýurtlaryň gowy tejribelerini öwrenmelidiklerini nygtady.
Daşary ýurt tejribeleri diýip prezidentiň nämä düşünýändigini, şol tejribeler öwrenilenden soň Mejlisiň näme etmelidigini prezident jikme-jik düşündiren bolsa, adamlar üçin juda peýdaly bolardy.
Hindistany alyp göreli…
Iň bärkisi türkmen propagandasynyň üstünde işleýän ýurtlarynyň biri - Hindistany alyp göreli. Ol Merkezi Aziýa ýakyn ýerleşýän ýurtlaryň biri. Ýewropa, Amerika bilen deňeşdrilende, tebigaty boýunça-da Türkmenistana ýakyn. Häzir türkmen propagandasy Hindistana ýakyn dost hem geljegi uly ýaran hökmünde baha berýär. Bu iş Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz turbasyny gurmak boýunça ägirt uly planyň fonunda alnyp barylýar.
Hindi tejribelerini türkmen deputatlarynyň ýurtda nähili ulanyp biljekdigini türkmen häkimiýetleri anyk kesgitleseler, gowy bolardy. Onda-da Hindistanyň dünýäde has demokratik döwletleriň biridigini göz öňünde tutup kesgitleseler.
Hindistanda doly möçberli syýasy durmuş gaýnaýar, oppozisiýa döwletde esasy rol oýnaýar, adamlar islän ýurduna gidip, islän wagty yzyna dolanyp bilýärler, deputatlar hökümetiň işini tankytlap bilýärler, onuň işine gözegçilik edýärler.
Berdimuhamedow türkmen deputatlaryny öz hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga çagyrsa-da, demokratiýanyň ýaňky sanalan we beýleki alamatlary Türkmenistanda ýok. Hindistanyň tejribelerini susup alyp, Türkmenistanda ulanybermek, ornaşdyrybermek mümkin däl.
Eger kimdir biri G.Berdimuhamedowyň maslahatyna eýerip, ony amala aşyrmaga hakykatdan-da çalyşsa, şeýle ideýanyň awtory üçin onuň netijeleriniň agyr bolmagy mümkin. Bu gürrüňini edýänimiz – daşary ýurt tejribelerini öwrenmek diýip, prezidentiň nämä düşünýändigi barada düşündirişiň ýetmeýän, bärden gaýdýan pursaty.
Eýse, şeýle ýagdaýda şol tejribeleri türkmen reallyklarynda durmuşa ornaşdyrmaga synanyşan adamlary döwlet baştutanynyň hut özi goldap bilermi?
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.