Şu setirleri türkmeniň söýgüli şahyry Magtymguly Pyragy ýazyp gidipdir.
«Remezan» aýyna köp halklaryň arasynda «roza» diýilýär, Türkmenistanyň köp ýerlerinde «oraza» diýilýär. Türkmenleriň arasynda bu aýa känbir «remezan» diýilmeýär. Ýöne oraza bagyşlanyp döredilen goşgularyň arasynda «remezan» ady tutulýar.
Ýyllar geçdigisaýy, oraza degişli däpler üýtgäpdir. Orazanyň asyl däbine görä, diňe derwüşlere agşamky nahary bermeli bolupdyr. Oraza yslamyň däbine öwrülensoň tapylan däplere görä, oraza aýy başlanmazdan öň üç gijeläp, adamlar goşgy aýdyp, sadaka diläp gapy-gapy aýlanýan ekenler. Muňa gadymlar aýal-gyzlar goşulmandyr. Diňe metjidiň ymamy metjitdäkileri yzyna tirkäp aýlanar eken. Birinji gije metjit üçin aýlanypdyrlar, ýagny ähli berlen sadakalary metjide tabşyrypdyrlar. Ikinji gije metjidiň ymamy üçin aýlanypdyrlar. Üçünji gije adamlar özleri üçin aýlanypdyrlar.
Türkmenistanyň köp ýerlerinde häzir hem «Ýaremezan» üçin üç gijeläp aýlanýarlar, ýöne Ahal welaýatynda bir gije aýlanýarlar.
Adamlaryň ýyl-ýyldan medeniýetleşmegi, okuw okalyp, sowat öwrenilmegi, halkyň iýmäge çörek tapmagy uly ýaşlylaryň aýagyny «Ýaremezan» aýdyp, gapy-gapy aýlanmakdan kesdi. Aýratyn-da bu däbe uly ýaşlylaryň goşulmagy sowet hökümetiniň ýyllarynda gadagan edilipdi. Sebäbi ýurtdaky metjit-medreseleri ýykyp, dindarlaryň gözüni türmede açan Leniniň hökümeti yslamy Sowet Soýuzynyň ähli territoriýasyndan ýok etmegi syýasy göreşiň bir şahasy hasaplapdy. «Ýaremezan» aýlanan mekdep okuwçylarynyň gulagyndan mugallymlar mazaly çekerdi.
Garaşsyzlyk döwründe türkmen çagalary «Ýaremezan» aýlanyp, keýpden çykýarlar. Ýöne häzirki wagtda-da «Ýaremezan» aýlanmaga 12 ýaşdan ýokary bolan çagalar goşulmaýarlar. Diňe çülpe çagalar aýlanýarlar. Häzirki wagtda «Ýaremezan» aýlanmaga gyz çagalar hem çykýarlar.
Oraza geldi ilimden,
Çalyp tutdy bilimden,
Öldüm-öldüm diýemde
Baýram aldy elinden,
Hak resul ymmaty, ýa, Remezan!
«Baýram aldy elinden» diýen setir Oraza aýyndan soňky aýyň Baýramdygyny aýdýar. «Ýa» sözi bu ýerde «eý, remezan» diýen ýaly, ýüz tutma, ümlük bolup gelýär. Emma goşgy aýdýanlaryň köpüsi muny bilmeýärler, «Ýaremezan» bir bütewi sözdür öýdýärler. Her goşgynyň yzyndan «Hak resul ymmaty, ýa, remezan!» diýip gaýtalamaly. Bu bolsa «Hakyň resulynyň (ýagny, Muhammet pygamberiň) halky» diýen manyny berýär.
Bu zatlar hakda ýerli metbugatda halka habar berip durmaly. Her bir däp-dessuryň, dinleriň ýüze çykyşy hakdaky durmuş hakykaty halka ýetirilmelidir. Onsoň, islendik däbi islän adam berjaý edibem biler, etmänem.
Garaja çatmaň öý bolsun!
Gapyňyzda toý bolsun!
Köp bereniň ogly bolsun!
Az bereniň gyzy bolsun!
Hak resul ymmaty, ýa, Remezan!
Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu makalada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.