Kanuny çekeleşik, prosesiň birsyhly yza süýşürilmegi we gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň özüniň syýasy abraýyny goramak üçin eden tagallalary netijesinde ýedi ýyldan hem uzaga çeken “Gazakgeýt” diýlip atlandyrylýan parahorluk hakyndaky ençeme million dollarlyk sud işi soňlandy.
Bir wagt, tutulanda eline gandal urlup, uçar meýdanyndan alnyp gidilen Jeýms Giffen öten anna güni salgyt tölemekden boýun gaçyranlygyny, öz kompaniýasynyň birje gezek para berenligini boýun alyp, suddan şadyýanlyk bilen çykyp gitdi. Oňa girew üçin ozal bellenen 10 million dollar hem aşakladylyp, 250 müňe getirildi. Oňa alty aýdan ýokary hem türme tussaglygy garaşanok.
Giffen tutulanda ol beýle ýeňil gutular öýdüp, hiç kim güman hem etmändi. Oňa Birleşen Ştatlaryň dört nebit kompaniýasy tarapyndan 80 million dollardan agdyk para berenlikde günä bildirilipdi. Bu pullar gazak resmileriniň Şweýsariýadaky gizlin bank hasaplaryna geçirilipdir.
Para alanlaryň biri öňki premýer-ministr Nurlan Balgymbaýew. Aýdylyşyna görä, ol bu pullara altyn-kümüş we şolar ýaly gymmatbaha zatlary satyn alypdyr. Prezident Nursoltan Nazarbaýew hem öz paýyny Şweýsariýada okaýan gyzynyň okuw tölegleri üçin ulandy diýlip aýyplandy.
“Foreign Policy” žurnalynyň bir redaktory Stiw LeWaýn bu meseläni ýakyndan yzarlan adam. LeWaýn: “Bu iş ýedi ýyl mundan ozal gozgalanda, Birleşen Ştatlaryň taryhynda duş bolan ýurduň daşyndaky iň uly korrupsiýa hasaplanýardy. Giffen bu aýyplamalardan dynsa-da, ençeme ýyllap türmede oturar diýlip çaklanylýardy” diýýär.
Gizlinlik we milli howpsuzlyk
Giffen 1995-nji ýylda gazak prezidentiniň geňeşçisi boldy. Birleşen Ştatlaryň nebit kompaniýalary bilen gepleşikde şol ýyl onuň uly bolmadyk söwdä banky “Merkator Korporasiýasyna” Gazagystanyň adyndan wekilçilik etmek hukugy berildi.
Aýdylyşyna görä, Giffeniň alyp baran işleriniň barlanmagyny çäklendirmek üçin Astana elde baryny edipdir. LeWaýn: “Gazak hökümeti Jim Giffeni bu aýyplamalardan saplamak, hiç bolmanda dildüwşüji hökmünde Nazarbaýewe günä bildirilmezligini gazanmak üçin Waşington we Nýu Ýorkda adwokatlara ummasyz pul töledi” diýýär.
Ýöne synçylaryň aýtmagyna görä, ýagdaýy Giffeniň bähbidine tamamlan Gazagystan tarapdan bolan tagallalar däl. Giffeniň adwokatlary oňa bildirilän aýyplamalar dogry bolaýanda-da, ol günäli däl diýen pikirde.
Giffen özüniň Merkezi aňtaw gullugy bilen dilleşip işländigini, bu gullugyň özüni Gazagystana täsir etmek üçin ulanandygyny aýdýar. Giffeniň kompaniýasy 1999-njy ýylda ady agzalmadyk bir ýokary derejeli gazak resmisine iki sany aerosan ulagyny berip, çet ýurt resmilerine söwda üçin para bermekligi gadagan edýän akty bozanlykda günäli tapyldy.
Maýkl Perlis 1970-nji ýyllarda şol aktyň taslamasyna kömek eden adam. Onuň agzalan iş hakyndaky pikiri şeýle: “Meniň pikirimçe, amerikan hökümeti bu işi kanun taýdan yzarlamakda kynçylyk çekdi. Bu ýerde gizlinlik we milli howpsuzlyk bilen baglanyşykly meseleler barmyka diýýärin. Şol sebäpden hökümet bu işi ulaltmady”.