Owganystandaky aktiwistleriň öldürilmegi ýazgarylýar

Düýn ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Owganystanda saglyk boýunça iş alyp barýan 10 aktiwistiň öldürilmegini ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.

Geçen hepde bolan şol wakada ölenlerden 8 adam daşary ýurtly. Owganystanyň Içeri işler ministrligi şol waka bilen bagly derňewleriň başlandygyny yglan etdi. Gozgalaňçy Talyban topary bu wakanyň jogapkärçiligini boýun aldy.

Ölen adamlaryň jesetleri 6-njy awgustda Badagşan welaýatynda tapyldy. Olardan 6-sy amerikan, biri german, biri britan we ikisi bolsa Owganystanyň raýatlary.

Ýewropa Bileleşigi we ABŞ bilen bir hatarda NATO hem bu wakany ýazgardy.

Şol wakada Owganystanyň iki raýatynyň halas edilenligi aýdylýar.