4-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçiren maslahatynda ýurduň harby we kanuny goraýjy organlarynyň şu ýylyň ýedi aýy boýunça işleriniň jemlerine garaldy.
Türkmen habar beriş serişdelerinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda ýurduň ýaragly güýçleriniň maddy-tehniki üpjünçiliginiň mundan beýläk hem berkidilmegine we kämilleşdirilmegine gönükdirilen harby reformanyň gidişine esasy ünsüň berlenligi bellendi.
Resmi habarlara görä, Türkmenistan mundan beýläk hem öz harby kuwwatyny güýçlendirmeklige uly üns berer. Berdimuhamedow ýurduň harby we kanuny goraýjy güýçleriniň türkmen halkynyň parahatçylykly ýagdaýda zähmet üstünliklerine ýetmegine goşýan goşandynyň ähmiýetini nygtady.
Neşä garşy göreş
Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça prezident G.Berdimuhamedowyň öňe süren programmasynyň gidişine garaldy. Ýurduň neşä garşy göreş boýunça Döwlet gullugynyň maddy-tehniki bazasyny berkitmek we kämilleşdirmek üçin goşmaça çäreleriň görüljegi mälim edildi.
Prezident Berdimuhamedow neşä garşy Döwlet gullugynyň iň täze enjamlar we ýörite tehniki serişdeler bilen üpjün ediljekdigini aýtdy. Şeýle-de ol degerli edaralara propaganda we öňüni alyş çäreleriň geçirilmegini tabşyrdy diýip, resmi maglumatlarda habar berildi.
Ýakynda Türkmenistanyň kanuny goraýjy organlary neşe serişdeleriniň uly mukdaryny ele saldy. Azyndan 230 kilo turýegiň ele salnanlygyny türkmen telewideniýesi 22-nji iýulda habar berdi we tutulan neşe söwdagärleriniň ökünçli çykyşlaryny görkezdi.
BMG-niň dünýä möçberinde neşe barada 2010-njy ýyl boýunça şu ýylyň iýun aýnda çap eden hasabatynda neşekeşligiň Türkmenistandaky derejesi barada öňe süren sanlarynda ýurtda hasaba alnan geroin ulanyjylaryň 31 müň 200, tirýek ulanyjylaryň 1,400 adamdygyny habar berdi.
Hereket azatlygy
Howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen maslahatynda Türkmenistanyň serhedinden geçmek düzgünleriň, şol sanda raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna we ýurda barmagyna degişli meseläniň maslahat edilip-edilmänligi belli däl. Bu barada resmi maglumatlarda habar berilmedi.
Raýatlaryň ýurtdan çykmagy bilen bagly soňky aýyň dowamynda ýüze çykan ençeme kynçylyklar barada adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan habar berlipdi. Hususan-da, şeýle wakalaryň ençemesi Türkmenistanyň we Orsýetiň pasportyna eýe bolan raýatlara degişli bolupdy.
Il içinde “Gara sanaw” diýip atlandyrylýan, ýurda barmagy we ýurtdan çykmagy gadagan edilen adamlaryň atlaryndan düzülen gadagançylyk sanawynyň hem güýjünde galýanlygyny graždan aktiwistleri we ýurtdan çykyp bilmeýän Türkmenistanyň raýatlary habar berýärler.
“Gara sanawyň” Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mundan öňki maslahatynda gaýtadan tassyklananlygyny we sanawyň 37 müň 57 raýaty öz içine alýan görnüşiniň 1-nji awgustdan güýje girenligini, Horezmde ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Najot” guramasy ýaýradypdy.
Awstriýanyň paýtagty Wenada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň 1-nji awgustda ýaýradan maglumatyna görä, “Gara sanawa” hakyky ýagdaýlardan habarly we bu barada faktlara hem sanlara daýanyp habar berýän adamlar we guramalar girizilýär.
Maglumatda bellenmegine görä, “Gara sanawyň” esasy maksady Türkmenistanda häkimiýet başynda oturan adamlaryň syýasy howpsuzlygyny üpjün etmekden ybarat. Gadagançylyk sanawynyň giňeldilendigi baradaky “Najot” guramasynyň maglumatyny resmi Aşgabat ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.