Gyrgyzystanyň Batken regionynda çaknyşyk boldy

Gyrgyzystanyň Batken regionynda etniki özbekleriň, gyrgyzlaryň we täjikleriň arasynda bolan çaknyşykdan soň iki adam keselhana ýerleşdirildi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň wekilleri çaknyşygy köşeşdirmek üçin howa ok atmaly bolandyklaryny aýtdylar.

Batken regionynyň Masaliýew obasynda bolan bu waka bilen bagly 9 adamyň tussag edilendigi habar berilýär.