Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 8-nji punktuna laýyklykda, Türkmenistanyň prezidenti ýurtda “Saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça Merkezi saýlaw komissiýasynyň düzümini tassyklamak” baradaky permana gol çekdi.
Merkezi saýlaw komissiýasyna ýene Myrat Garryýew ýolbaşçylyk eder. Komissiýanyň başlygynyň orunbasarlygyna Balkan welaýatynyň öňki häkimi Orazmyrat Nyýazlyýew we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Hukuk fakultetiniň dekany Baýramgül Orazdurdyýewa bellendiler.
Merkezi saýlaw komissiýasynyň sekretarlygyna Türkmen döwlet habarlar gullugynyň başlygy Bekdurdy Amansaryýew bellendi. Komissiýanyň agzalary 11 adamdan ybarat. Bu barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýan permanynda aýdylýar.
Üýtgeşiklik bar
Merkezi saýlaw komissiýasynyň häzirki düzüminde ozalkysyndan käbir tapawutlar bar. Bu resmi organyň başlygynyň indi iki orunbasarynyň bolmagy we olaryň resmi ygtyýarlyklaryndaky bölünişik, aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň pikiriçe, täzelik.
Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygynyň öň bir orunbasary bardy we ol bu orunbasarlyk işini esasy döwlet wezipesi bilen birleşdirip ýerine ýetirýärdi. Indi bu komissiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesiniň birine ýörite işgär bellenildi. Bu wezipäni Balkan welaýatynyň öňki häkimi Orazmyrat Nyýazlyýew ýerine ýetirer.
Türkmenistanly žurnalistiň A.Baýryýewiň sözlerine görä, başga bir tarapdan Merkezi saýlaw komissiýasyanyň täze düzümi öňküleri ýaly prezidente garaşly döwlet we jemgyýetçilik strukturalarynyň wekillerinden ybarat.
“Hut şonuň üçinem Merkezi saýlaw komissiýasynyň täze düzüminiň-de öňki ugruny gyşarnyksyz dowam etdirjekdigi, demokratik prinsiplere esaslanýan açyk hem adalatly saýlawlary geçirmäge ukyply bolup bilmejekdigi barada çaklamalar öňe sürülýär” diýip, A.Baýryýew aýdýar.
Žurnalist A.Baýryýewiň sözlerine görä, häzirki dörän umytsyzlyk ilkinji nobatda M.Garryýewiň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy wezipesinde galdyrylmagy bilen baglanyşykly.
Şahsyýet kultunyň ornaşmagy
Synçylar Merkezi saýlaw komissiýasyna 10 ýyla golaý wagt bäri ýolbaşçylyk edýän M.Garryýewiň ýurtda şahsyýet kultunyň gülläp ösmegine itergi beren adamlaryň biridigini belleýärler.
M.Garryýew Türkmenistanyň öňki ýolbaşçysy S.Nyýazowyň ömürlik prezident bolmagyny aktiw goldan we Türkmenistanyň bäş gezek Gahrymany bolan S.Nyýazowy altynjy gezek şol ordene hödürlän adamlaryň biridir.
2006-njy ýylyň dekabr aýynda S.Nyýazow ýogaldy we G.Berdimuhamedow wagtlaýynça häkimiýet başyna geçdi. M.Garryýew 2007-nji ýylyň ýanwarynda fewral aýyna bellenen prezidentlik saýlawlaryny geçirmezden, G.Berdimuhamedowy prezident wezipesine bellemäge taýýardygyny bildirdi.
2009-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda prezident G.Berdimuhamedow M.Garryýewi Türkmenistanyň prezidentiniň ýyldyzy ordeni bilen sylaglady. 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda we 2010-njy ýylyň fewral aýynda M.Garryýew prezident G.Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany ady bilen sylaglamak tekliplerini öňe sürüp, çykyş etdi.
Özgeriş bolarmy?
Muňa garamazdan, ýaşy 80-den öten M.Garryýewiň ýakyn geljekde ýurduň syýasy durmuşyndan çetleşdirilmegi baradaky pikirler hem orta atylýar. Şahsyýet kultunyň gülläp ösmeginiň iň aktiw tarapdarlary hökmünde tanalýan şahslaryň ýene biri Myratberdi Sopyýew 26-njy iýulda hormatly dynç alşa ugradylypdy.
Žurnalist A.Baýryýewiň sözlerine görä, Merkezi saýlaw komissiýasynyň 28-nji iýulda tassyklanan täze düzümindäki käbir üýtgeşiklikler komissiýanyň başlygynyň basym çalşyljagy baradaky pikirleriň döremegine esas berýär.
Aşgabatly žurnalist A.Baýryýrew 80 ýaşly M.Garryýewiň ýerine O.Nyýazlyýewiň taýýarlanylýanlygy baradaky pikirleriň hem bardygyny aýdýar.
Türkmenistanyň döwlet organlarynda käbir öwrülişikler geçirilýän hem bolsa, syýasy sistemanyň öňki durkunda galýanlygyna Şwesiýada ýaşaýan oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow ünsi çekýär.
H. Söýünowyň bellemegine görä, Türkmenistanda açyk-aýdyň we adalatly saýlawlaryň geçirilmegine şertleriň döremegi üçin ýurtda 1980-nji ýyllaryň aýagynda we 1990-njy ýyllaryň başynda Merkezi saýlaw komissiýasynyň halkara demokratik kadalara laýyklykda düzgünleşip başlan tejribesiniň dikeldilmegine ýol berilmeli.