Saklanan studentleriň ýoly açylýar

Daşary ýurtlarda okamak üçin Türkmenistandan çykmaga synanyşan, emma geçen ýyl häkimiýetler tarapyndan goýberilmedik studentler ýurduň daşyna çykyp ugradylar.
Bişkekde ýerleşýän Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetinde okan türkmen studentleri bilim almaklaryny dowam etdirmek üçin geçen ýyl Gyrgyzystana gitmekçi bolanlarynda, türkmen häkimiýetleriniň döreden päsgelçilikleri sebäpli olaryň uly bölegi Bolgariýadaky Amerikan uniwersitetine geçirilipdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda birnäçe aýlap dowam eden gepleşiklerden soň, geçen ýylyň oktýabr aýynda Bişkekde okan studentleriň onlarçasy Bolgariýa gidip, okuwlaryny dowam etdiripdi.

Şol studentleriň köpüsiniň şu ýyl hem ýurtdan çykmaklykda öňki kynçylyklaryň gaýtalanmagyndan howatyrlanyp, tomusky kanikullaryny ABŞ-da geçirlendikleri, käbirleriniň bolsa Bolgariýada galandyklary habar berilýär.

Düýbi Awstriýanyň paýtagty Wenada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň maglumatynda şu ýyl Türkmenistana dolanyp baran studentleriň hem hiç hili kynçylyklara duçar bolmanlygy bellenilýär.

Smolnyý institutynda okarlar

Bişkekdäki Amerikan uniwersitetinde okan türkmenistanly studentleriň ýene bir bölegi 2010-2011-nji okuw ýylyny Orsýetiň Smolnyý institutynda dowam etdirer diýip, Sankt Peterburgyň Döwlet uniwersitetiniň düzümindäki Azat sungat we ylym institutynyň wekili Filip Seçiniň aýdýar.

Institutyň wekili Filip Seçiniň Azatyk Radiosyna aýtmagyna görä, Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetiniň öňki türkmen studentlerinden 23 adam attestasion synagdan üstünlikli geçdi. Smolnyý institutynyň attestasion komissiýasynyň kararynyň ýakyn günlerde yglan edilmegine garaşylýar.

Studentleriň Türkmenistanyň daşynda okuwlaryny dowam etdirmek hukuklarynyň üpjün edilmegi ugrunda Orsýetiň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň we “Soros fondunyň” türkmen häkimiýetleri bilen alyp baran göreşi bir ýyla golaý wagtlap dowam etdi diýip, “Türkmen inisiatiwasy” aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasy Türkmenistanyň resmileri bilen gepleşikler geçirilen döwrüň dowamynda türkmen studentleriniň Smolnyý institutynda distansion, ýagny gaýybana okuwyny başlamak mümkinçiligine eýe bolandyklaryny ýazýar.

Filip Seçiniň sözlerine görä, institut gaýybana okuw düzgünini girizmegi planlaşdyrýan hem bolsa, häzirki wagtda bilim bermegiň şeýle usulyny amala aşyrmaýar. Türkmenistanly studentlere hödürlenen distansion programmalar olary attestasion synaglara taýýarlamak üçin amala aşyryldy.

Okuwyň maliýeleşdirilmegi

Smolnyý instituty Sankt Peterburgyň Döwlet uniwersitetiniň çägindäki sungat we gumanitar ylymlar boýunça halkara bilim programmasy bolup durýar we uniwersitetiň Filologiýa fakultetiniň düzümine girýär. Okuw býujet hem-de tölegli görnüşde amala aşyrylýar.

Bu institutda okajak türkmenistanly studentleriň okuwynyň “Soros fondunyň” Budapeştde ýerleşýän Açyk jemgyýet institutynyň hem hasabyna amala aşyrylýanlygyny Smolnyý institutynyň wekili Filip Seçin Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy “Turkmen inisiatiwasy” guramasy Bolgariýadaky Amerikan uniwersitetinde 4-nji kursda okan türkmenistanly studentleriň ykbalynyň soňky wagta çenli näbelli bolup galanlygyny habar berýär.

Maglumata görä, ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň býujet pulunyň ýetmezçiligi sebäpli studentleriň okuwynyň diňe bir ýyly tölenipdi. Emma şu ýylyň iýun aýynda studentlere goşmaça stipendiýalaryň ýokarlandyrylmagy üçin býujetiň artdyrylanlygy aýdylýar.

Bolgariýadaky amerikan uniwersitetine geçmek islemedik we okuwyny dowam etdirmek üçin Bişkege barmagy başaran türkmen studentleriniň Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetinde okuwlaryny dikeltmek üçin ABŞ-nyň TASP bilim programmasynyň kararyna garaşýanlyklary habar berilýär.

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň sözlerine görä, türkmenistanly studentleriň ýurtdan çykmagyna gadagançylyklar we olaryň bir okuw jaýyndan başgasyna geçirilmegi netijesinde ençeme wagt boş sarp edilip, indi studentlere şonuň öwezini dolmak garaşýar.

Tuhbatulliniň sözlerine görä, soňky 2-3 ýylyň dowamynda türkmenistanly ýaşlaryň ýurduň daşyna çykmak üçin zerur bolan pasporty almagy hem kynlaşdy. Häzirki ulanylýan köne türkmen pasportlaryň möhleti 2013-nji ýylyň 10-njy iýulynda tamamlanýar.