Hyzmatdaşlygyň tutuş dünýä tendensiýasy hyzmatdaşlar bilen wizasyz gatnaşyga geçmegi öz içine alýar. Şu ugurdan Türkmenistan bir zatlar edýärmi?
Ukraina ýakynda Ysraýyl bilen iki tarapyň graždanlarynyň wizasyz baryp-gelmegi barada ylalaşyga gol çekişdi. Şu mesele boýunça Kiýew Bosniýa bilen gepleşikler geçirýär.
Ukraina birnäçe ýyl mundan öň Ýewrobileleşigiň, Amerikanyň, Kanadanyň graždanlary üçin birtaraplaýyn ýagdaýda wiza düzgünini ýatyrdy. Wizasyz düzgüne eýe bolmak üçin Orsýet ÝB bilen yzygiderli gepleşikleri alyp barýar.
Her gün diýen ýaly Aşgabada dünýäniň köp ýurtlaryndan resmi delegasiýalar gelýär. Birki günlükde Italiýanyň wekilleri Türkmenistana geldiler.
Görlüp oturylsa, italýan hökümetinde Türkmenistan boýunça Daşary işler ministrliginiň ýanynda ýörite wekil diýen wezipe bar eken. Jenap Paolo Serpi italýan delegasiýasyna baştutan bolup geldi, ol diňe bir energetika boýunça hyzmatdaşlyk däl, gumanitar meseleleri hem maslahat etdi.
Wizasyz düzgün meselesi
Gynansagam, türkmen tarapy dünýäniň hiç bir döwleti bilen wizasyz düzgün meselesini gozgamaýar. Prinispde Aşgabada goňşy döwletler bilenem, beýleki ýurtlar bilenem bu meseläni maslahatlaşmak ýeňil däl.
Şu günki gün bu temany uzakdaky Ýewropa, Amerika ýurtlary bilen däl, duldegşir goňşulary – Merkezi Aziýa döwletleri bilen gozgamagy-da akyla sygjak zat däl ýaly bolup görünýär.
Şu nukdaýnazardan ideologiýanyň iň şowhunly “Döwlet – halk üçindir” diýen şygary Türkmenbaşydan miras galan Türkmenistanyň daşarky dünýä bilen aradaky ýapyklyk böwedini böwserden ejiz.
Belki, dünýäniň köp ýurtlary Türkmenistan bilen wizasyz režim düzgünine çynlakaý seretmäge taýýardyr. Olaryň käbiri şu wagt hem häzir.
Mysal üçin, Ýewropa ýurtlarynda Türkmenistan bilen jenaýatçylyga degişli hiç hili problema ýok. Olaryň türkmen graždanlary üçin wiza almagyň ýeňilleşdirilen dürli görnüşlerine razylyk bermegi mümkin.
Eger şeýle bolaýsa, ol Günbatarda studentleriň okamak meselesinde, ylmy kadrlary alyşmak programmalarynda, käbir turistik syýahatlarda derrew özüni görkezerdi. Ýewropa Türkmenistan bilen diňe bir energetikada däl, gumanitar ugurdan-da ýakynlaşmaga gyzyklanýar.
Ýapyklyk derdi
Adamlaryň bir ýurtdan beýlekisine azat-erkin, hiç hili päsgelçiliksiz baryp-gelmek mümkinçiligi ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine-de gowy täsir ýetirýär. Emma Türkmenistan ozaly bilen resmi derejede özüniň ýapyklyk derdinden hiç bir şertde halas bolup bilenok.
Häzirlikçe daşarky dünýä üçin açyk adam bolup prezidentiň hut özi göze ilýär. Ol daşary ýurtlardan gelýänler bilen höwesli duşuşýar, olary kabul edýär, özem dünýä syýahat edýär.
Şundanam režim daşarky dünýä bilen erkin ýüzleşmäge, görüşmäge, duşuşmaga diňe bir adama azatlyk berip goýan ýaly bolup görünýär. Ýöne barybir onuň özüne-de diplomatik wiza gerek.
Türkmenistandaky beýleki adamlarda onda bar azatlyk, ondaky erkinlik ýok. Bu ýerde ýönekeý graždanlaryň-a gürrüňinem edip oturmaly däl.
Beýleki ýurtlar bilen wizasyz düzgün meselesine ýakynlaşmak üçin, iň bolmanda öz graždanlaryna wiza alyp, daşary ýurtlara erkin gidip-geler ýaly mümkinçilik döretmeli.
Emma pasportyňda ol ýa beýleki ýurda wizanyň barlygy ýurduň häzirki şertlerinde päsgelçiliksiz baryp-gelmegi kepillendirmeýär. Bu işde häzire çenli-de başga bir režim, ýagny “Milli howpsuzlyk” diýen gorkunç adyň aşagyndaky režim hojaýynçylyk edýär.
Türkmenistanyň graždanlarynyň beýleki ýurtlara baryp-gelmeginiň üstünden baş hojaýynçylyk entegem hut şol edara degişli.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.