Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýew pensiýa ugradyldy.
Milli telewediniýede Türkmenistanyň Gahrymanynyň öz islegi boýunça hormatly dynç alşa goýbermegini haýyş edip ýurduň prezidentine ýazan haty okaldy.
Hepdäniň duşenbe gününde bolsa Akbugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde bu hojalyga köp ýyllap ýolbaşçylyk eden Myratberdi Sopyýewiň hormatly dynç alşa gitmegi bilen bagly maslahat geçirildi. Oňa Akbugdaý etrabynyň häkimliginiň ýolbaşçylary, öňdebaryjy kärendeçiler gatnaşdylar.
Aýdyň asmanda çakan ýyldyrym
Segsen ýaşy arka atan Myratberdi Sopyýewiň duýdansyz ýagdaýda pensiýa ugradylmagy köplere aýdyň asmanda ýyldyrym çakan ýaly bolup görünse-de, Gahrymanyň başlyklyk edýän obasy bolan Gäminiň ilaty üçin bu geň habar bolup eşidilmedi.
Geçen hepdäniň penşenbe gününde ýurduň milli telewideniýesinde dokuz adamdan ybarat bolan neşe söwdagärleriniň 230 kilogramdan gowrak tirýek bilen tutulyşynyň görkezilmegi, şol neşe söwdagärleriniň altysynyň bolsa hut Gämi obasynyň ýaşaýjylarynyň bolup çykmagy M.Sopyýew bilen bagly bir wakanyň ýüze çykjakdygyndan habar beripdi.
Häzirki wagtda, çaklamalara görä, Gämi obasy neşekeşleriň hem-de neşe söwdasyny edýänleriň sanawynda diňe bir Akbugdaý etrabynda däl, eýsem tutuş Ahal welaýatynda birinji orny eýeleýär. Munuň baş sebäbini Gäminiň ilaty Myratberdi Sopyýewde görýär.
Ýakynda tutulan neşe söwdagärleriniň 5 ýyldan gowrak wagt bäri Gämi obasynda uly möçberde neşe söwdasyny juda erkin ýagdaýda aýlandyklaryny, olaryň belli bir derejede "goraglarynyň" bolandygyny Gaminiň ýaşaýjylary aýdýarlar.
Üç gahrymanyň biri
Myratberdi Sopyýew aýatda diri gezip ýören Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady göterýän üçüň biridir. Sopyýewden başga bu ady Sadulla Rozmetow hem-de Maýa Kulyýewa göterýär.
Bulardan başga Saparmyrat Nyýazowyň permany bilen Sapyş Çerkezow, Saparmuhammet Weliýew hem-de Gedaý Ahmedow ýurduň iň belent ady bolan— Türkmenistanyň gahrymany diýen ada mynasyp bolupdylar.
Eger-de Sapyş Çerkezow özüne berlen bu atdan sähelçe wagt geçenden soň, aradan çykan bolsa, onda ýurduň öňki Nebitgaz ministri Saparmuhammet Weliýew S.Nyýazowyň görkezmesi bilen, korrupsiýada aýyplanyp, Türkmenistanyň gahrymany diýen atdan mahrum edilipdi we ol türmä basylypdy.
Lebap welaýatynyň öňki häkimi Gedaý Ahmedow bolsa eýeleýän wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň Altynasyr etrabyna häkim edilip ugradylansoň, şol ýerde gürüm-jürüm edilip, türmä basylypdy.
Türkmenistanyň gahrymany diýen ady alanlaryň içinde merhum Saparmyrat Nyýazowyň adyny hem agzaman geçip bolmaz.
M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti
Ozal Gäwers raýonynyň «Türkmenistan» kolhozy diýen ady göteren bu hojalyga Saparmyrat Nyýazow Myratberdi Sopyýewiň adyny dakypdy. Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýew öz adyny göterýän hojalyga elli ýyldan gowrak ýolbaşçylyk etdi.
M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti Akbugdaý etrabynda jemi ýygnalýan bugdaý hasylynyň üçden birini, pagtanyň bolsa 25 prosentini ýygnaýar.
Şeýle hem bu hojalykda 900-den gowrak gektar ýerde üzüm, 700 gektar ýerde ýorunja ekilýär. Parniklerde we teplisalarda ýylyň bütin dowamynda gök we bakja önümleri öndürilýär.
Mundan başga-da bu hojalygyň maldarçylyk sektoryna 50 müňden gowrak gara mallar degişlidir.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.