Bagt

Meşhur «Gallup» kompaniýasynyň geçiren sosiologik pikir soralyşygynda, eger Türkmenistan dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň başky ýigrimiligine düşmedik bolsa, şol pikir soralyşyk beýle bir sensasiýa häsiýetine eýe bolmasa-da bolmazdy.
Türkmen ideologiýasy, propagandasy bu pikir soralyşygy şeýle bir bezedi, gep bagtda däl, "Türkmenistan durmuş derejesiniň hili boýunça dünýäde birinji ýigrimilige girdi" diýip tassyklaýar.

Her zat bolsa-da, Türkmenistan boýunça alnan netije dünýä wakalarynyň arasynda göze ilýänleriniň biri boldy. Dogrusy, köp ýyllaryň dowamynda geçirilen pikir soralyşykda ahyrsoňy Türkmenistanyň gowudan gowular kategoriýasynyň birinji ýigrimiligine düşmek fakty bilen bagly ýagdaýy analiz etmekden dünýäniň neşirleri ýüz öwürýärler.

Orslar we ukrainler türkmenler bilen deňeşdirilende bäş esse az bagtly diýen ýaly ýaňsylar Orsýetiň käbir neşirlerinde gabat gelýär. “Nýu-Ýorker” atly amerikan žurnaly garaşylmadyk ýerden ýüze çykarylan köpçülikleýin türkmen bagtlylygyna geň galmaly ýagdaý hökmünde garaýar.

Käwagt dünýä metbugatynda Türkmenistanyň ilatyndan alnan pikir soralyşyk baradaky habarlara düşünjeli çemeleşmeli diýen pikir öňe sürülýär. Bu ýurtdaky betbagçylyk barada açyk dil ýarmaga töwekgellik etjek tapylarmyka?

Eger «Gallup» pikir soralyşygy telefon arkaly geçiren bolsa, telefon liniýalarynyň gözegçilik ediji organlar tatapyndan diňlenip biljekdigini hatda bu ýurtda çagalaram bilýär.

Ählumumy gorky

Köp ýyllyk ählumumy gorky ýagdaýyndaky türkmenlerden: “Nähili ýaşaýarsyňyz, gowy ýaşamaga nämeler päsgel berýär?” diýip, telefon arkaly däl, ýüzbe-ýüz durup soralanda-da, türkmenler ýüregindäkini açyk aýtmazlar. Şeýlelikde Türkmenistanyň şertlerinde ilat arasynda sosiologik pikir soralyşygy geçirmegiň özi problemalygyna galýar.

Ýurda gelmek, ýurtdan çykmak uly kynçylyklar bilen bagly, garaşsyz teleradio kanallar, garaşsyz gazet-žurnallar ýok ýurtda, oppozisiýa orun ýok ýurtda, olar üçin ornuň türmelerde bar ýurdunda hem bagta böwet bolýan başga-da köp-köp zatlaryň bar ýurdunda bagtly bolmagyň gaty kynlygy baradaky pikirlerini türkmenler «Gallup» kompaniýasy bilen açyk paýlaşyp bilmez.

Amerikanyň «Gallup» kompaniýasy dünýäniň iň öňdebaryjy sosiologik merkezleriniň biri. Ol ýerde öz işine ussat, dünýä derejesinde uly tejribesi bolan professionallar işleýärler. Iň bagtly ýurtlaryň arasynda Türkmenistanyň 18-nji orny eýelemeginiň adaty bir zat däldigine olaryň düşünmeýändigini göz öňüne getirmek kyn.

Alnan maglumatlaryň gapma-garşylykly häsiýetine, adamlaryň näme üçin hut şeýle jogap berendigine kompaniýanyň düşünmeýändigini-de göz öňüne getirmek kyn. Belki-de, şol gapma-garşylyklardan çen tutup, «Gallup» şol alnan maglumatlary taşlan däldir, näme etjegnini bilmänem, ony dünýä ýaýradandyr?

Belki-de, türkmen problemasy nämelerden ybarat, ol bagt kategoriýasyndan näçeräk alysda – bu zatlary dünýäde çigit çigitlän ýaly ederler diýip, hem-de sensasiýanyň hatyrasyna şeýle edilendir?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.