Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji iýulda bolup geçen Mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow obalarda öň berlen hem-de indi beriljek ýerlerde iki gatdan ýokary bolmadyk ýaşaýyş jaýlaryny gurup başlamaga rugsat berýän Karara gol çekdi.
Kararda aýdylyşyna görä, bu gurluşyklary döwlete bagly bolmadyk gurluşyk edaralary alyp bararlar. Gurluşyk işleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamada» göz öňüne tutulýan şertler boýunça geçiriler.
Maksatnama laýyklykda etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň we hususy ýaşaýyş jaýy gowulandyrmaga zerurlygy bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýüz tutmalary boýunça üçtaraplaýyn şertnama esasynda obalarda, şäherçelerde, etrapdaky şäherlerde, şäherlerde, etraplaryň we welaýatlaryň merkezlerinde Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda gurmagy Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan banklaryndan prosentsiz alynýan karzlaryň hasabyna amala aşyrmak göz öňüne tutulýar.
Ýurduň ýolbaşçysynyň Kararlarydyr Permanlarynda obalary, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, türkmen obalarynda Ýewropanyň ösen döwletlerinde gurulýan jaýlar ýaly jaýlary gurmak barada aýdylýar.
Häzirki wagtda ýurduň welaýatlaryndaky etraplarda eýýäm üç taraplaýyn şertnama boýunça diýilýän jaýlar gurlup başlandy. Bir gatly bu jaýlaryň bahasy 45 müň amerikan dollaryna barabar bolup, olar otuz ýyllyk kredit bilen berilýär. Jaýy alan birbada on prosenti töleýär. Bäş ýyla çenli bolsa ol hiç bir tölegi geçirmezlige hukuklydyr. Bäş ýyldan soň bolsa, jaýy satyn alan her aýdaky tölegini banka geçirmäge borçludyr.
Beýleki tarapy
Etraplarda gurlup ulanylmaga berilýän bu jaýlar ýokary hilliligi bilen tapawutlanýarlar. Emma «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamasynyň» herekete girizilip, şeýle jaýlary gurmaga iki ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, oba ýerlerinde jaýlaryň gurluşyklary juda haýal barýar. Munuň hem sebäbini işçi güýjüniň ýetmezligi bilen düşündirýärler.
Gurulýan jaýlaryň otaglary giň hem-de tüýs obaly türkmen maşgalalary üçin niýetlenen. Ýöne häzirlikçe bu jaýlary, esasan, býujet edaralarynda işleýänler alyp bilýärler. Oba adamlary şäherliler ýaly aýlykly işde işlemeýärler. Maldarçylyk, daýhançylyk bilen meşgullanmagyň netijesinde pul gazanmak aňsat däl.
Elbetde, otuz ýyllyk möhlet bilen berlende-de jaý üçin gerek pullary üzmek gerek. Şeýle aladalar, kynçylyklar bolanlygy sebäpli, oba adamlary bu agzalyp geçilen Maksatnamada hem-de Kararda göz öňünde tutulýan jaýlary almaga kän bir ymtylmaýarlar. Ýogsa jaý hemmelere gerek. Aýratyn-da, köp çagaly hojalyklaryň ýaşaýan ýeri bolan obalarda jaý zerurlygy örän güýçli.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.