Türkmen - rus “pasport gepleşikleri” dowam edýär

Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçisi Halnazar Agahanow (çepde) we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (çepden ikinji) ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus gepleşiklerinde, Moskwa, 8-nji ýanwar, 2010-njy ýyl.

Orsýetiň pasportyna eýe türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagy we gaýdyp gelmegi bilen bagly kynçylyklar iýul aýynyň başyndan bäri ýene aktual. Bu ýagdaý türkmen-ors goşa raýatlygy meselesine gaýtadan köpçüligiň ünsüni çekdi.
Ors pasportlaryna eýe bolan türkmen raýatlary Türkmenistandan gaýtmakda kynçylyk çekýärler. Şu aýyň başyndan bäri Türkmenistanyň serhedinden goýberilmedik ýa uçara salynmadyk 12-40 adam aralygyndaky sanlar garaşsyz metbugatlarda peýda boldy.

“Örän çynlakaý mesele”

Türkmenistanyň “Rus jemgyýetiniň” öňki başlygy Anatoliý Fomin Türkmenistandaky Orsýetiň raýatlaryna basyşlaryň yzygiderli dowam edýänligini, olaryň Orsýetiň raýatlygyndan ýüz öwürmegini türkmen häkmiýetleriniň “resmi bolmadyk ýagdaýda” talap edýänligini öňe sürýär.

Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň geňeşçi ilçisi Alekseý Deminiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistanda ýaşaýan Orsýetiň raýatlarynyň serhetden geçmegine degişli düzgünler “örän çynlakaý mesele” bolup durýar we bu mesele dogrusynda Orsýetiň we Türkmenistanyň DIM-leriniň arasynda gepleşikler gidýär.

Resmi wekiliň sözlerine görä, Orsýet meseläniň öz raýatlary üçin amatly çözülmegine gyzyklanma bildirýär we problemanyň kanuny nukdaýnazardan çözgüdine gönükdirilen ikitaraplaýyn konsultasiýalaryň geçirilmegine garaşýar.

Orsýetiň raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagy boýunça düzgünleriň anyk bolmazlygy Orsýetiň graždanlygyny 2003-nji ýyldan soň alan türkmen raýatlaryna degişli. Bu maglumaty Orsýetiň Türkmenistandaky we Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanalary tassykladylar.

Orsýetiň graždanlygyna 2003-nji ýylyň 22-nji iýunyna çenli eýe bolan türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan ors pasporty esasynda çykmaga haklarynyň bardygyny Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Türkmen tarapy

Häzirki wagtda Türkmenistan goşa raýatlygy ykrar etmeýär. Türkmen DIM-niň 12-nji iýulda ýaýradan beýanatyna görä, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär.

Türkmen DIM-niň beýanatyna görä, Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň serhedinden geçişi “Migrasiýa baradaky” we “Türkmenistana barmak we ýurtdan çykmak düzgüni boýunça” milli kanunlar esasynda amala aşyrylýar.

Daşary ýurtly raýatlar Türkmenistana diňe wiza bilen baryp bilýärler. Emma daşary ýurt raýatlarynyň, hususan-da Orsýetiň raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagyna degişli düzgünler resmi beýanatda takyklaşdyrylmady.

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, daşary ýurt raýatlary Türkmenistandan baran ýurdunyň wizasy esasynda çykmaga borçly.

Emma Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Alekseý Demin aslyýetinde Orsýete barmagy üçin Orsýetiň raýatlaryna wiza berilmeginiň mümkin däldigini belledi. Emma ol gepleşikler netijesinde belli bir karara gelinýänçä anyk bir zat aýdyp bomajagyny ýene bir gezek nygtady.

Goşa raýatlyk

Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky goşa raýatlyk düzgüni iki ýurduň ilkinji prezidentleri Saparmyrat Nyýazow bilen Boris Ýeltsiniň arasynda 1993-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda gol çekilen ylalaşyk esasynda girizilipdi.

Soňra Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi bilen 2003-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisi goşa raýatlyk baradaky türkmen-ors şertnamasynyň birtaraplaýyn ýatyrylýanlygy hakynda karar kabul edipdi. Emma häzir hem Orsýet Tükmenistanyň raýatlaryna Orsýetiň raýatlygyny bermek işini dowam etdirýär.

Goşa raýatlyk Orsýetiň kanunlarynda ykrar edilýär. Orsýetiň raýatlarynyň başga ýurduň hem raýaty bolup biljekdigi bu ýurduň Baş kanunynyň 62-nji maddasynda we 2002-nji ýylyň 31-nji maýynda kabul edilen “Orsýet Federasiýasynyň raýatlygy baradaky” federal kanunyň 6-njy maddasynda göz öňünde tutulýar.

Türkmenistandan çykmakda kynçylyk çekýänleriň arasynda diňe türkmen paspotyna eýe raýatlar hem az däl. Öň Bişkekde okan we soň Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryna geçen studentleriň hem ýurtdan çykmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýanlygy habar berilýär.

Anatoliý Fominiň pikirine görä, bu ýagdaý Türkmenistanyň “gara sanawynyň” güýjünde galmagyna bagly. “Ýurtdan çykmagy gadagan edilen adamlaryň sanawynyň şu günki güne çenli güýjünde galýanlygyny serhetçileriň özleri hem açyk tassyklaýarlar” diýip, Anatoliý Fomin aýdýar.