Şahram Amiri aslyýetinde kim?

Şahram Amiri Eýranyň Press TV telekanalyndan çykyş edýär, 14-nji iýul, 2010-njy ýyl.

Geçen hepde eýranly atomçy alym Şahram Amiri öz watanyndan we dogan-garyndaşlaryndan bir ýyllyk aýraçylykdan soň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan Eýrana dolanyp bardy.
Geçen ýylyň maýynda Saud Arabystanda dini zyýaratda ýörkä ýitirim bolan Şahram Amiri, birneme soňra internet arkaly ýaýradan wideo çykyşlarynyň birinde özüniň meýletinlik bilen Birleşen Ştatlara gidendigini tassyklapdy.

Emma, ýene käbir çykyşlarynda ol özüniň amerikan gizlin gulluklary tarapyndan zor bilen alnyp gaçylandygyny aýdýar.

Eýranly žurnalist, ýurduň Basyj harby toparynyň ozalky agzasy, häzirki wagt Ansar-e Hizbullah atly täze konserwatiw topary esaslandyryjylardan biri hökmünde iş alyp barýan Farşad Ebrahimi ýakynda özüniň internet blogynda ýaýradan maglumatynda bir ýyl töweregi mundan ozal alym Şahram Amiriniň özüne kömek sorap ýüz tutandygyny we onuň Günbatara gaçyp gitmek islegini mälim edendigini öňe sürdi.

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy bu maglumatyň awtory žurnalist Farşad Ebrahimi bilen bu mesele barada ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Ebrahimi, siz öz ýaýradan maglumatyňyzda Şahram Amiri bilen şahsy tanyşlygyňyzyň ýokdugyny aýdýarsyňyz. Eger şeýle bolsa, näme sebäbe ol kömek sorap size ýüz tutýar?


Farşad Ebrahimi:
Men hakykatdanam ony tanamokdym. Men onuň bilen hiç hili aragatnaşyk hem saklamandym. Ýöne şeýle-de bolsa, ol maňa e-meýl arkaly hat ýazyp, özüniň ilkinji hatynda meniň Eýranyň goranmak ministriniň ozalky orunbasary Ali Reza Asgerä daşary ýurtlara gaçyp gitmäge kömek edendigim barada eşidendigini mälim etdi. Ol meniň oňa-da bu meselede kömek etmegimi sorady.

Farşad Ebrahimi
Men şol wagtlar Eýrandaky wakalar bilen başagaýdym we onuň bu elektron hatyna çynlakaý bir zat hökmünde hem garamadym. Men şonda Londondadym we bu hat barada diňe birnäçe adama aýtdym.

Aradan 20 gün geçensoň, ol ýene-de bir hat ýazyp, özüniň henizem Saud Arabystanda ýörendigini we özüniň daşary ýurtlara gaçyp gitmegine kömek bermegimi sorap, ozalky haýyşyny ýene gaýtalady. Men ISP arkaly onuň e-meýliniň gelýän ýerini barladym we onuň iki hatynyňam Medine şäherinden ugradylandygyna göz ýetirdim.

Birneme soňra men onuň bilen Skype arkaly mikrofonda gürleşdim we ondan webkamerasyny hem açmagyny haýyş etdim. Ol webkamerasyny hem açdy. Onuň şol günler metbugatda çap edilen suratlaryndan birneme üýtgeşigräk görnendigine garamazdan, barybir meniň şübhäm belli bir derejede aradan aýryldy.

Azatlyk Radiosy: Siz öz ýaýradan maglumatyňyzda atomçy alym Şahram Amiriniň ýitirim bolan diýlip yglan edilenden soň hem bir aý töweregi wagtlap Saud Arabystanda ýaşandygyny aýdýarsyňyz. Ol şonda özi barada size näme gürrüň berdi?


Farşad Ebrahimi: Ol şonda özüniň Medinede bir dostunyň öýünde bolýandygyny aýtdy. Şeýle hem, ol öz ýany bilen laptop kompýuterini göterýändigini we şol kompýuterdäki 500-600 gigabaýtlyk maglumatyň uly sarsgyn döretjek maglumatdygyny hem tassyklady. Ýöne ol bu barada maňa anyk maglumat bermedi. Ol diňe bu maglumatyň ýadro meselesine degişli maglumatdygyny aýtmak bilen çäklendi.

Men oňa Eýranyň ýadro programmasy baradaky maglumatlar bilen gyzyklanýan ýurtlardan birine, ýagny, ýa Ysraýyla, ýa-da Birleşen Ştatlara gidip, şol ýerden gaçybatalga almaklygy maslahat berdim.

Şondan soň men daşary ýurtlardaky eýranly raýatlara ýardam bermek bilen meşgullanýan Nejat Komitetindäki öz kärdeşlerim bilen habarlaşdym. Birleşen Ştatlardaky bu Komitetiň işgärleri maňa Şahram Amiriniň Birleşen Ştatlaryň Medinedäki Konsullygyna şol günüň ertesi ir sagat 10:00-da barmalydygyny we anyk bir adam bilen habarlaşmalydygyny maslahat berdiler.

Men Şahram Amirä bu habary ýetiremde, ol örän begenen ýaly göründi. Şolam biziň iň soňky gürrüňdeşligimiz boldy, şondan soň men onuň bilen asla aragatnaşykda bolmadym. Men diňe birneme soňra onuň howpsuz ýere alnyp gidilendigi barada eşitdim.

Azatlyk Radiosy: Jenap Ebrahimi, ýaňky gürrüňiňizde agzap geçen «Halas ediş Komitetiňiz», ýagny, Nejat Komiteti barada anygrak gürrüň beräýseňiz. Şeýle Komitet hakykatdanam barmy we onuň işi nämeden ybarat?


Farşad Ebrahimi:
Nejat Komiteti Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň gözegçiligi astynda iş alyp barýan Komitet. Ol Jorj Buşuň prezidentliginiň ikinji möhletinde döredilipdi.

Bu Komitet Eýranyň ýokary derejeli resmilerine we orta derejedäki wezipeli işgärlerine daşary ýurtlardan baş pena almak meselesinde ýardam bermekligi maksat edinýär.

Şeýle komiteti döretmek ideýasy Eýranyň goranmak ministriniň ozalky orunbasary Ali Reza Asgeriniň Eýrany terk etmeginiň we oňa biziň ýardam bermegimiziň yzysüre döredi. Birneme soňra biz şeýle komiteti döretdik, häzirki wagtam ol aktiw bolmagynda galýar.

Men bu Komitetiň eýranly ýeke-täk agzasy. Beýleki agzalar Birleşen Ştatlaryň hökümetinden. Komitetiň esasy öňe sürýän prinsipi - onuň barlygyna garamazdan, onuň işi we hereketleri barada gürrüň etmezlik prinsipidir.