Eýranly azeriler we olaryň dil meselesi

Eýranly azeri Ene diliniň halkara gününde “Öz dilinde medrese, bolmalydyr her kime!” diýlen şygary göterýär, 2007-nji ýyl.

Muny aýrymçylyk diýip atlandyryň ýa şauwinizm diýip, ýöne Eýranda ýaşaýan millionlarça etniki azerileriň öz ene dilinde bilim almaga hukuklary ýok. Emma gaty geň ýaly bolup görünse-de,olaryň köpüsi bu deňsizlige asla üns bermeýäne meňzeýär.
Men soňky birki aýyň dowamynda azyndan 80 adam bilen söhbetdeş boldum. Olaryň aglabasy Eýranyň Tebriz, Ardabil, Hoý we Tähran welaýatlarynyň ýaşaýjylary we olar dürli kärler bilen meşgullanýarlar.

Olaryň arasynda bazarda işleýän zähmetkeşler, şepagat uýalary, hökümet işgärleri, pensiýa çykan ýaşulular, kompýuter söwdasy bilen meşgullanýanlar, aklawçylar, studentler, lukmanlar, garaz dürli ugurlar bilen meşgullanýan adamlar bardy.

Meniň söhbetdeş bolan adamlarymdan diňe bäşisi Eýrandaky etniki azerileriň mekdeplerinde Azeri dilinde bilim berilmegi bilen gyzyklanýanlygyny aýtdylar. Ýagny, muňa möhüm mesele hökmünde garaýanlaryň sany gaty az.

Emma meniň bilen söhbetdeş bolan adamlardan käbirleri bu pikiri prinsipde goldaýanlyklaryny, ýöne onuň iş ýüzinde amala aşyrylmagynyň sosial dartgynlyga ýol açyp biljekdigini öňe sürdiler.

Azeri dilini mekdeplerde hepdede bir ýa iki sagat islege bagly sapak hökmünde girizmek teklibini öňe sürenler hem boldy. Emma şeýle ýagdaýda-da ene-atalaryň köpüsiniň Pars diliniň gowşamak howpy zerarly çagalaryny bu sapaklara ibermekden çekinjekdiklerini bellediler.

Haçanda Eýranda ýaşaýan etniki azeriler barada gürrüň edilende, häzirki döwürde olaryň anyk sany barada takyk maglumat tapmak kyn. Eýranda geçirilýän ilat ýazuwy milletleriň ene dili baradaky maddany öz içine almaýar. Bu bolsa eýranly azerileriň anyk sany baradaky soraga jogap tapmagy has hem kynlaşdyrýar.

Resmi taýdan aýdylanda, azerileriň köplükde ýaşaýan dört welaýaty, ýagny Gündogar we Günbatar Azerbaýjanyň, Ardabiliň we Zinjanyň ýaşaýjylarynyň jemi sanynyň 10 million töweregidigi aýdylýar.

Eýranyň Gilan bilen Horasan welaýatlarynda, şeýle-de paýtagt Tähranda hem ençeme million azeriniň ýaşaýanlygy aýdylýar. Şunlukda, olaryň jemi sanynyň 15 million töweregidigini çaklamak mümkin.

Pars diliniň täsiri

Eýranly azeriler öýlerinde we öz aralarynda Azeri dilinde gepleşýärler. Emma olaryň gepleşýän Azeri diline sözleriniň düzümi we heňi boýunça pars diliniň uly täsiriniň ýetenligini aýtmak bolar.

Bu ýagdaýya esasan hem azerileriň ýokary bilimli maşgalalarynda duş gelmek mümkin. Azerileriň arasynda ulanylýan ýönekey sözler azeriçe hem bolsa, haçanda agyr temalar barada gürüň edilip başlananda pars diliniň täsiri has bildirip ugraýar.

Olaryň arasyndaky ýazmaça gatnaşyklar, umuman aýdylanda, pars dilinde amala aşyrylýar. Azerileriň diňe kiçijik bir bölegi ýazmaça gatnaşyklaryny Azeri dilinde amala aşyrýarlar. Onuň sebäbi barada gürrüň edilende, ol ýa etniki düşünjä ýa sýyasy sebäplere baryp direýär.

Ýazmaça gatnaşyklaryny Azeri dilinde amala aşyrýanlaryň hem diline seredilende, oňa Kawkazdaky Azeri ýa Türk diliniň ýiti aralaşanlygyny aýtmak mümkin. Diýmek, eýranly azerileriň özlerine mahsus şiwesi ýok.

Munuň diňe bir uly sebäbi bar: soňky 90 ýylyň dowamynda eýranly azerileriň öz dilinde bilim berýän mekdepleri ýok. Bu ýagdaý 1979-nji ýylda ýurtda amala aşyrylan yslam rewolýusiýasyndan soň hem üýtgemedi.

Eýranyň häzirki Baş kanunynda “ýurduň resmi we bilim dili parsçadyr, emma beýleki etniki toparlaryň hem dillerinden peýdalanylyp bilner” diýilýär. Emma Baş kanunyň bu maddasyndan iş ýüzünde hiç haçan peýdalanylmady.

Keseki duýmadylar

Muňa garamazdan, eýranly azeriler öz ýaşaýan ýurtlarynda hiç haçan özlerini keseki duýmadylar. Olar islendik eýranly ýaly bu ýurduň gazanýan üstünliklerine buýsanyp, kemçilik edýän taraplar barada hem beýleki eýranlylar ýaly öz pikirlerini beýan edýärler.

Olaryň ýurduň ykdysady, sýyasy we medeni ösüşine goşýan goşandy hem pars dilinde gepleýän eýranlylardan kem däl. Olaryň beýlekilerden ýeke täk tapawudy dilleriniň azeriçe bolmagydyr.

Olaryň dil taýdan kemsidilmegine garamazdan, özlerini hakyky eýranly hasaplamaga ýeterlik esaslary bar. Şol sebäplerden biri hem bu ýurduň ýüzlerçe ýyllap azeri patyşalary tarapyndan dolandyrylmagy we olaryň azeriler barada galdyryp giden mirasy we äsgermezlik edip bolmajak täsiridir.

Meselem, 16-nji asyrda mangollaryň bu ýurda eden hüjüminden we weýrançylygyndan soň, häzirki döwürde Eýran diýlip atlandyrylýan bu ýurtda agzybirligi ornaşdyranlar gelip çykyşlary boýunça azeri bolan Sapawy patyşalarydyr.

Azerileri beýleki eýranlylar bilen birleşdirýän faktorlardan biri hem dindir. Olar hem parslar ýaly Yslamyň şaýy mezhebini saýlap alan bir topar bolup, bu ýagdaý goňşuçylykda ýerleşýän beýleki sünni ýa türki ýurtlar bilen deňeştirilende olary parslara has ýakyn edýär.

Eýranyň ruhany ýolbaşçysy Aýatolla Ali Homeneýi we esasy oppozision lider Mir Huseýin Musawi hem etniki azeridir. Emma muňa garamazdan, azerileriň dil meselesi baradaky problema öňküligine galýar.

Meniň bilen söhbetdeş bolan adamlaryň köprägi, bu adalatsyzlyga boýun bolan ýaly. Emma ilata we jemgýyetçilige has köpräk azatlyk berilmeli diýlen meselede basyşlar artmagy dowam etse, Azerileriň bu ýagdaýya garaýyşynyň hem üýtgemegi mümkin.

Abbas Jawadi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gepleşikler bölüminiň başlygynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.