AIDS Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýaýraýar

Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada AIDS keseli alada dörediji depginde ýaýraýar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar fondunyň 19-njy iýunda ýaýradan hasatynda aýdylýar.
Neşekeşlik, töwekgelçilikli jynsy gatnaşyklar we bu kesele uçranlaryň sosial taýdan ýazgarylmagy adamlaryň epidemiýa boýunça maglumatlara doly derejede eýe bolmagyna we bejeriş çärelerinden peýdalanmagyna päsgelçilik berýär. Bu hem epidemiýanyň ýaýramagyna sebäp bolýar.

BMG-niň ÝUNISEF Çagalar fondunyň Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada AIDS keseliniň ýagdaýy boýunça ýaýradan hasabatyna görä, 2001-nji ýyldan bäri epidemiýanyň derejesi Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynda 66% ýokarlandy.

HIV (WIÇ) infeksiýasy bilen ýaşaýan adamlaryň sany 2008-nji ýylda 1 ýarym million adama ýetdi. Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa infeksiýanyň ýaýramak depgini yzygiderli güýçlenýän regionlar bolup durýar.

ÝUNISEF-iň hasabatynda AIDS-iň ýaşlar arasynda ýaýraýanlygyna aýratyn üns berilýär. Bu keseliň 12 ýaşyna ýetmedik çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda ýaýramagynyň howply meýil döredýänligi hem bellenýär.

Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynda epidemiýa esasan neşäni sanjym arkaly ulanýan adamlaryň, jynsy gatnaşyklar arkaly gazanç edýänleriň we olar bilen gatnaşykda bolanlaryň arasynda ýaýraýar.

Hasabata laýyklykda, keselçilik derejesi boýunça Orsýet we Ukraina ilkinji orunlarda durýarlar. AIDS-e uçranlaryň tutuş region boýunça umumy sanynyň 3-den iki bölegi Orsýetiň paýyna düşýär. Orsýet Ukraina bilen bilelikde tutuş region boýunça kesellänleriň 90%-ni emele getirýär.

Ukrainada ilatyň kämillik ýaşyna ýeten böleginiň 1,6 %-i infeksiýany göterýär. Orsýetde bolsa ilatyň çak bilen 1,1%-de AIDS keseli bar. Belarusda bu kesele ýoluganlaryň sany 13 müň, Gazagystanda 12 müň we Özbegistanda 16 müň adam.

Türkmenistanda AIDS

Türkmenistanda AIDS keseline duçar bolanlaryň ýoklugy resmi derejede öňe sürülýär. Bu barada ÝUNISEF-iň ýaýradan hasabatynyň awtorlaryndan, guramanyň AIDS boýunça geňeşçisi Ruslan Malýuta Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Hasabatyň taýýarlanmagyna gatnaşan Ruslan Malýuta YUNISEF-iň AIDS boýunça ýaýradan maglumatynda regionyň döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk esasynda toplanan we degişli ýurtlar tarapyndan tassyklanan sanlaryň görkezilendigini belledi.
Neşekeşlik, jelepçilik bar ýurtda infeksiýanyň bolmazlygy mümkin däl


Emma Malýutanyň sözlerine görä, şu çaka çenli Türkmenistanyň AIDS bilen kesellän diňe iki adamy hasaba alandygyny yglan edenligine garamazdan, 2005-nji ýyldan bäri geçirilýän barlaglar bu ýurtda AIDS bilen kesellänleriň has köpdügini çak etmäge esas döredýär. “Neşekeşlik, jelepçilik bar ýurtda infeksiýanyň bolmazlygy mümkin däl” diýip, Malýuta aýdýar.

Synçylar Türkmenistan boýunça görkezilýän sanlaryň az bolmagyna “ýapyk ýurt” tarapyndan berilýän resmi sanlarynyň çäkli bolmagynyň, garaşsyz maglumatlaryň bolsa elýeterli bolmazlygynyň sebäp bolýanlygyny belleýärler.

Emma BMG-niň Neşä we jenaýatçylyga garşy göreş boýunça edarasynyň Merkezi Aziýa boýunça proýektleriniň koordinatory Nina Keriminiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, soňky döwürde türkmen hökümeti halkara hyzmatdaşlygyna öňküsine garanda has uly gyzyklanma bildirýär.

AIDS-e garşy çäreler

BMG-niň ÝUNISEF Çagalar fondunyň hasabatyna görä, Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada AIDS epidemiýasynyň güýçli depginde ýaýraýanlygyna garamazdan, bu kesele garşy dermanlaryň adamlar üçin elýeterliligi pes derejede galýar. Bu regionlardaky dermana mätäç adamlaryň diňe 23%-i mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýärler.

ÝUNISEF-iň bellemegine görä, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynyň hökümetleri ýardama mätäç adamlaryň zerurlyklarynyň düýpli üpjün edilmegine ünsi güýçlendirmeli. Hasabatda bu ugurdan Orsýetiň käbir oňyn tejribeleri agzalyp, ýaşlar üçin AIDS boýunça medisina hyzmatlaryny üpjün edýän, maglumat hem psihologiýa ýardamyny berýän 100-den gowrak ýörite merkezleriň döredilenligi aýdylýar.

Julio Montaner Wenadaky konferensiýada
Şu günler AIDS epidemiýasy boýunça Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilýän halkara konferensiýada AIDS problemasyna ünsi gowşatmakda halkara jemgyýetçiligi ýazgaryldy.

AIDS boýunça halkara jemgyýetiniň başlygy Julio Montaner ösen we ösýän döwletleri bu kesele garşy göreşde indiki ädimi ätmäge ukypsyzlykda aýyplap, AIDS-i bejermek boýunça jogapkärçiligi hem takyk ädimleri kesgitlemezden dünýäniň 2015-nji ýyla çenli ösüş maksatnamalaryna ýetip bilmejekdigini aýtdy.

ÝUNISEF-iň AIDS boýunça hasabatynyň awtorlaryndan Ruslan Malýutanyň nygtamagyna görä, Türkmenistana gezek gelende şu günki gün ilkinji nobatda türkmen häkimiýetleriniň AIDS problemasynyň bardygyny boýun almagy we halkara jemgyýetçiligi bilen bu epidemiýa garşy has ysnyşykly hyzmatdaşlyga başlamagy zerur bolup durýar.