Türkmenistanda Galla baýramy 1998-nji ýyldan bäri her ýylyň iýul aýynyň 3-nji bazar güni bellenip geçilýär. Galla hasylynyň ýygnalmagynyň soňuna gabatlanyp bellenýän baýramçylygyň şu ýyl ýokary derejede we uly dabara bilen bellenmegine prezident G.Berdimuhamedow tarapyndan görkezme berildi.
Türkmen metbugatynda galla hasylynyň ýyl-ýyldan ösmeginiň ýurtdaky bolçulygy we abadançylygy aňladýanlygy nygtalýar. G.Berdimuhamedowyň alyp barýan reformalarynyň çäginde galla önümçiliginiň oba hojalygy pudagynda esasy orny eýelänligi bellenýär.
G.Berdimuhamedow hasyl ýetişdirmekde tapawutlanan kärendeçileri we oba hojalyk işgärlerini galla baýramy mynasybetli döwlet sylaglaryna hödürlemegi we olara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy tabşyrdy.
Sepgide ýetilmedi
Şu ýyl türkmen daýhanlary jemi 1 million 600 müň tonna galla ýygnamak borjuny öz üstüne alypdy. Emma Türkmenistanyň habar serişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda şu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý ýygnaldy.
Şu ýyl Türkmenistanda ýygnalan gallanyň mukdary bellenen meýilnamadan 200 müň tonna kem boldy. Emma “RIA Nowosti” habar agentliginiň maglumatynda bellenmegine görä, bu ýylky döwlete tabşyrylan galla geçen ýylkysyndan 200 müň tonna köp boldy.
“RIA Nowosti” habar agentigi 1998-nji ýylda Türkmenistanda galla baýramy milli baýramçylyk hökmünde ykrar edilende ýurduň galla hasylynyň ilkinji gezek 1 million 200 müň tonna yetenligine ünsi çekýär.
Emma synçylar şol döwürdäki sanlaryň köplenç hakykata gabat gelmänligini öňe sürýärler. Türkmenistanyň hökümetiniň oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew galla we pagta önümçiliginiň ýyllar boýy gözboýagçylygyň düýpli kök uran ugurlary bolanlygyny belledi.
Häzirki wagtda ýer önümçiliginiň girdeýjisiniň ozalky ýyllara garanda ösenligini türkmenistanly oba ýaşaýjylary gürrüň berýärler. Daýhanlar bilen nagt hasaplaşyga geçilmegi hem gazanylan öňegidişlikleriň arasynda agzalýar.
Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan kärendeçi zenan galla önümçiliginiň girdeýji taýdan has gowşakdygyny gürrüň berip, pagta garanda bugdaýyň bahasynyň has arzan düşýänligini aýtdy. Kärendeçi gelýän girdeýjileriň gün-güzeran dolandyrmak üçin ýeterlik däldigini hem belledi.
Pudagyň ösüşi
Galla baýramy mynasybetli Türkmenistanyň oba hojalygy pudagyna degişli edaralaryň gurnamagynda “Ak Bugdaý” milli muzeýinde ylmy-praktiki konferensiýa hem geçirilip, oba hojalygynyň ösüşine degişli meselelere garaldy.
Forumda ýer önümçilik pudagyny döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary girizmek, tohumçylygy täze derejä ýetirmek, oba hojalyk ylmyny ösdürmek we pudak üçin ýokary derejeli kadrlary taýýarlamak meseleleri gozgaldy diýlip, habar berilýär.
Türkmenistanda oba hojalygyny ösürmek boýunça hökümet derejesinde öňe sürülýän çärelere garamazdan pudakda dowam edýän kemçilikler, Wladimir Ýerofeýewiň pikirine görä, pudagyň çakdanaşa çöken halyndan habar berýär.
Türkmen hökümetiniň oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew kadrlary taýýarlamagyň ýer önümçilik pudagy üçin iň zerur çäreleriň biridigini, emma Türkmenistanda oba hojalygy boýunça kadrlary taýýarlamak üçin mümkinçilikleriň örän çäklidigini öňe sürýär.
Bilermen Wladimir Ýerofeýew oba hojalygy boýunça milli kadrlary daşary ýurtlarda taýýarlamak bilen bir hatarda, olary ýurduň içinde taýýarlamak boýunça hem ýörite programmalaryň işläp düzülmeginiň ähmiýetine ünsi çekýär.
Oba hojalygy boýunça bilermen Ýerofeýewiň pikirine görä, oba hojalygyny we obany ösdürmek üçin ýerli ýaşaýjylaryň, ilkinji nobatda-da ýaşlaryň gazanjyň gözleginde gitmän obada galmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine hem hökümet derejesinde has uly ünsüň berilmegi zerur.