BMG dünýäniň ösüş prosesine Türkmenistany çekmäge synanyşygyny dowam etdirýär. Bu iş üçin BMG ýurduň ýapyklyk režmini böwsüp, hyzmatdaşlygyň islendik görnüşini teklip etmek üçin ähli mümkinçilikleri ulanýar.
Şu maksat üçin BMG-niň ykdysadyýetiň hususy sektory boýunça hünärmeni Stefan Şmitt-Degenhardt Türkmenistanda boldy. Ol özi bilen birnäçe täze teklipleri we türkmen telekeçiligini munda beýläk ösdürmäge ýardam üçin bolmagy mümkin bilelikdäki proýektleri alyp geldi.
Ykdysadyýetinde döwlet eýeçiligi agalyk edýän ýurtda hususy pudagyň ýörjen-ýörjen ýagdaýdadygyna halkara gurama gowy düşünýär. Şunuň ýaly doly döwlet gözegçiligi ykdysadyýetiň liberallaşmagynda, açyklaşmasynda aýakbagy bolýan esasy faktordyr.
Bu diňe bir ykdysady pudakda-da däl. Häkimiýetiň berkden-berk şertlerinde BMG-niň gurluşlary hususy sektory ösdürmekde kömek bermegiň dürli ýollaryny agtarýar.
Adam hukuklary
Öwrüm etmekdäki şunuň ýaly çylşyrymly usullary BMG-niň adam hukuklaryny goraýan edaralary hem amala aşyrmaly bolýar. “Adam hukuklaryny goramaga ýardam boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” at bilen geçirilen seminar hem hut şu maksady yzarlaýardy.
Bu iş boýunça inisiatorlaryň arasynda BMG-niň we Ýewrobileleşigiň degişli gurluşlary bar. Türkmenistany ýer togalagynyň iň repressiw režimleriniň biri atlandyrýan adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň tükeniksiz tankytlarynyň fonunda seminar geçirildi.
Elbet-de, öňden däp bolup gelşi ýaly, türkmen propagandasy adam hukuklary bilen bagly ýagdaýa özüçe baha berýär, ony kesgitleýär. Türkmenistanyň idelogiýa organlary adam hukuklary boýunça ýurduň boýun alan halkara borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigine aýak direýär.
Bir tarapdan, türkmen propagandasy tankyda jogap bermäni öwrenen ýaly. Ikinji bir tarapdan, türkmen häkimiýetleri demokratik dünýä bilen gepleşikler geçirmegiň ýoluny agtarmaga mejbur. Şunuň ýaly gepleşiklerden doly ýüz öwürmäge resmi Aşgabadyň ýagdaýy ýok - günbatarly baý hyzmatdaşlary ýitirme howpy saklanyp galýar.
Demografik ýagdaý
BMG-niň ýene bir çäresi Türkmenistanda ünssüz galmady. Ol hem 11-nji iýulda bellenen dünýä ilatynyň ösüş günüdir. Türkmenistanda ilat ýazuwuny soňuna çenli netijeli alyp barmak barada BMG-niň uly tagalla edýändigi görünýär.
BMG 2012-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanda ilat sany - demografik ýagdaý barada hakyky maglumatlar almak isleýär. Häzirlikçe türkmen häkimiýetleri ilat ýazuwuny geçirmek boýunça BMG-niň degişli gurluşlary bilen hyzmatdaşlyga söz berýärler.
Şol wadada wepaly bolmak üçin resmi Aşgabat şu wagta çenli dowam edýän aşa syr saklamak gylygyndan belli bir derejede el çekmeli bolar. Ýogsa, häzir ýurtda ähli ugurlar boýunça maglumatlar döwlet syry hökmünde ýapyk saklanýar.
Eger BMG ilat ýazuwynda Türkmenistanyň maglumat böwedini ýarmagy başarsa, ol uly döwlet syrlarynyň biriniň aýan edilmegini aňladardy. Şu wagta çenli Türkmenistanda ilat sany näçe, demografik ýagdaý nähili, adamlar nähili gün görýär - muny bilýän adam ýok.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.