Hötjet režim özgerişe garşy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary hem prezidentiň özi ýurduň ösüşi bilen bagly meseleleri näçe köp çözdügiçe, islendik gowy başlangyçlara aýakbagy bolýan meseleleriň bardygyny şonça-da köp boýun almaly bolýarlar.
Soňky hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow şeýle meseleleriň birini dile getirdi. Ol tutuş dolandyryjy topara degişli. Ýolbaşçy kadrlaryň gowşaklygy, iş başarnygynyň ýokdugy, öz dili bilen aýdylanda “ýokardan görkezmä garaşyp durman, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilmezligi” özüni düýbünden kanagatlandyrmaýandygyny prezident boýun aldy.

Kesele goýlan diagnoz

Şu anyklamada, kesele goýlan diagnozda onýyllyklaryň dowamynda režimiň emele gelşindäki derdeserleriň ählisi jemlenýär. Türkmenbaşynyň hökümdarlyk eden ýyllarynyň tutuş dowamynda hut özbaşdaklyk hem islendik teklip jemgyýetden ganly gamçy bilen kowlup çykarylypdy diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz.

Şol işiň netijeleri häzir häkimiýetiň ähli gatlaklarynda görünýär. Nyýazowa hemmeleriň öňünde baş egýän režimi döretmek gerekdi. Ýöne başganyň akyly, maslahaty düýpden gerek däldi. Nyýazow döwleti hut öz hususy kärhanasy ýaly dolandyrypdy. Adamlardan gep-gürrüňsiz tabyn bolmak, gulak asmak talap edilýärdi.

Elbetde, bu maksada dürli ugurlar boýunça yzy üzülmeýän repressiýalary amal aşyryp, hereket azatlygyndan başlap, syýasy, ykdysady, sosial azatlyklary ýatyryp, ýoklap, adamlary diňe garaşly etmek arkaly ýetmek mümkindi. Bu işiň hötdesinden gelmek Nyýazowa başartdy, muny boýun almak gerek. Ol ýakynda Amerikan “Freedom House” merkeziniň at beren “iň repressiw režimini” döretdi…

Nädip?

Şu sistema üýtgewsiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gerdenine gondy. Muňa ýurduň graždanlarynyň ählisi düşünýär. Ýöne bir zat häzir düşnüksiz bolup galýar: bu petikden nädip çykmaly? Sebäbi her sapar ösüşe synanyşyk barada gürrüň gidende, ýurt baş mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýar.Ösüşiň ýolunda baş bermezek režim hötjetlik bilen keserip dur. Diňe bir durmagam däl, islendik özgerişe, täzelige başardygyndan garşylyk görkezýär.

Ýolbaşçy toparyň özbaşdaklygy, ýokary başlyklaryň agzyna aňkaryp durman, ýagdaýa çalt reaksiýa bildirmegiň zerurlygy - bular kadaly azat jemgyýetiň alamatlary. Bu agzalanlara ýetmek, eýe bolmak üçin türkmen prezidentine režimi durşy bilen döwmeli, boýun oňurgasyny ýazdyrmaly.

Gep ähli derejelerdäki ýolbaşçylaryň başdan geçirýän gorkusynda-da däl. Şeýle bir ýagdaýy göz öňüne getireliň: sistemada bir gerçek döräp, gorka hem töwekgellige özüni aldyrman, hereket etdi. Ol öz kärdeşleriniň pidasy bolar, beýleki ýolbaşçylar ony, gödegräk aýtsak, diriligine ýuwudarlar. Bu işe prezidentiň goşulmagyna gezegem ýetmez. Eger bardy-geldi prezident islese-de, şol gerçek ýalylary ol goldap, gorap bilmez.

Tutuşlygyna täzelemeli

Tutuş sistemany täzelemeli. Täze sistemada häkimiýetiň ähli derejelerinde batyrlyk, gaýratlylyk, aýgytlylyk goldanmaly, höweslendirilmeli. Şu meselä degip geçip, şeýle inisiatorlaryň bolmagyny isleýändigini aýdyp, prezident bir faktyň üsti bilen ýurduň tutuş sistemasynyň nähili garaşly bolup galýandygyny görkezdi.

Ministrler kabinetiniň maslahatynda eden çykyşyny tamamlanda prezident şeýle diýdi: “Gazanylan üstünlikleri hasaba almak bilen ähli ministrlikleriň, edaralaryň ýolbaşçylaryna we beýleki ýolbaşçy işgärlere 11-nji-18-nji iýul aralygynda dynç almaga rugsat berýärin”. Häzir Türkmenistanda hat-da iň ownujak meseleler çözülende-de, başlyklar hem olaryň gol astyndakylar ýokardan görkezmä garaşmaly.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.