Arşdan asylan gulaklar

Häzirki ösen tehnologik döwürde iň gymmatly zat wagt. Adamlar islendik işe baş goşjak bolanlarynda bu işe näçe wagt sarp etmeli boljakdyklaryny öňünden ölçäp-çeneýärler. Eger ediljek iş oňa sarp ediljek wagta degmejek bolsa, onda ol iş hiç kesi gyzyklandyranok. Bu ýörelge diňe bir senagata ýa oba hojalygyna, ýagny material önümçiligine däl, eýse ruhy gymmatlyklara-da, şol sanda köpçülikleýin habar serişdeleriniň hödürleýän önümine-de degişli.

Türkmen metbugatynyň önümlerine propagandanyň ajy miwesi däl-de, hatda diňe emelsiz ruhy önüm hökmünde garanyňda-da, onuň näme sebäpden geçginli haryt däldigine düşünip bolýar. Meniň pikirimçe, Türkmen telewideniýesiniň görülmeýänliginiň esasy sebäbi onuň gepleşikleriniň mazmuna garyplygynda. Olarda ne many bar, ne-de mazmun. Efire berilýän gepleşikler, dogrusy, olara sarp eden wagtyňa degenok. Halk olardan özüni gyzyklandyrýan soraglaryň hiç birine jogap tapanok. Üstesine-de, olaryň informatiwligi aşa pes, 5-10 prosentden ýokary geçenok. Telewideniýäniň maglumatlarynda maglumat ýok. Wagty çäkli adamlar bolsa, islendik maglumatyň informatiwlik derejesine örän uly sarpa goýýarlar. Bu ugurdan öz ynamlaryny ödemedik köpçülikleýin habar serişdelerindenem tiz ýüz öwürýärler. Radio we telewizion gepleşiklerde informatiwligiň 75 %-den aşak düşmegi – eýýäm professionallykdan daşlaşmak. SNN, BBC, Euronews ýaly dünýäniň öňdebaryjy habar serişdeleriniň materiallarynda informatiwlik örän ýokary, köplenç tas 100 %-e golaýlaýar. Öňdebaryjy habar serişdeleri wakalaryň suwuny sykyp, diňe özenini goýýarlar.

Eýse, türkmen telewideniýesinde informatiwligiň, ýagny mazmunyň ýerini näme tutýar? Boş öwgüler hem ýaranjaňlyk. Anyk mysal: arada prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna baryp, ol ýerde birnäçe täze binanyň, stadionyň açylyşyna gatnaşdy. Bu waka hakda türkmen telewideniýesinde birnäçe gepleşik gurnaldy. Ýöne olar täze binalara däl-de, ýene prezidente bagyşlandy. Hamana, ol binalar G.Berdimuhamedowyň merhemeti bolmasa guruljak dälmiş! Eýse, ol merhemet nämeden ybarat? Ýaranjaň žurnalistler şuny welin, aýdyp bilenoklar. Aýdara zadam ýok. Sebäbi gurluşyklar prezidentiň merhemetine däl-de, ýurduň maliýe ýagdaýyna daýanýar.

Hemme zat bir adama baglymyş...

Eger-de türkmen žurnalistleri öz professional borçlaryna wepaly bolsadylar, onda Daşoguzda gurlan binalar hakda örän gyzykly gepleşikleri taýynlap bilerdiler. Meselem, ol jaýlaryň görki, içki, daşky bezegi nähili? Binalaryň arhitekturasy göz öňünde tutulan funksiýasyna gabat gelýärmi ýa-da ýok? Jaýlaryň içi tomus salkyn, gyşyna ýyly, ulanyşda amatly boljakmy? Gurluşykda nähili materiallar ulanylypdyr? Binalaryň berkligi nähili? Olaryň her biri döwlete näçe düşýär? Türkmen hem garaşsyz halkara ekspertleri ymaratlaryň hili hem gymmaty hakda nähili pikirde? Eger şeýle faktlar derňelen bolsady, onda telewizion gepleşikleriň informatiwligi kän esse artardy. Emma senzuranyň sykajygynda çeýnelýän türkmen metbugaty halky gyzyklandyrýan soraglaryň at gaýtarym golaýyna-da baryp bilenok.

Oňa derek metbugat gündelik halkyň depesinden ýüregiňi suw edýän boş öwgüleri eňterýär! Hemme zat, hamana, bir adama baglymyş, onuň merhemeti bolmasa, Türkmenistanda durmuş sakga durjakmyş, hiç bir iş bitjek dälmiş. Heý, beýle-de bir ýalançylyk, ýalynjaňlyk bolarmy?! Eýse, hut şu suwjuk sözler ozal ençeme ýyllap Nyýazow hakda aýdylmanmydy?! Näme ol ölensoň, Türkmenistanda ýaşaýyş durdumy? Durmady. Geljekde-de durmaz. Sebäbi türkmeni ýaradan başy ölümli bende däldir-ä! Galyberse-de, halkyň ýaşaýşy prezidentleriň toslama ”merhemetine” däl-de, türkmen topragynyň ýerasty hem ýerüsti baýlyklaryna, halkyň öz gujur-gaýratyndan, işeňňirliginden önýän milli girdejä bagly! Prezident diýmek, hudaý däl, hatda han ýa soltanam däl, ol halk tarapyndan çäkli möhlet bilen ýokary wezipä saýlanan adam. Ondan han ýasamak ýurduň Baş kanunyna ters gelýär. Emma ýaranjaň emeldarlar öz şahsy bähbitlerine kowalaşyp, ýurduň Baş kanunyny hem türkmeniň mertebesini kemsidýärler.

Eger-de ýokary wezipeli döwlet emeldarlary öz professional borçlaryna jogapkärli çemeleşsediler, onda türkmen metbugaty-da öz işini dogry ýerine ýetirerdi, oňa sarp edilýän ummasyz serişdelerem ýele sowrulmazdy. Ýöne, görnüşine görä, metbugat eýeleri-de, senzorlar-da, ministrler-de öz hojaýynlaryna hakykatyň gerek däldigini gowy bilýärler.

Şonuň üçinem hakykata, hak söze zar türkmeniň gulaklary ençeme ýyllardan bäri Aşgabatda däl-de, arşda. Iň möhüm soraglaryň jogabyny adamlar çanak antennalar arkaly ýyllar boýy arşdan agtarýarlar.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.