German we franuz resmileri Gyrgyzystana barar

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, bu ýurduň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri anna güni Gyrgyzystana sapar ederler.

Germaniýanyň daşary işler ministri Westerwelle we onuň fransiýaly kärdeşi Bernard Kuşner Oşa barar. Ministrler Ýewropa Bileleşiginiň fakt ýygnamak missiýasy boýunça Gyrgyzystana barýarlar.

Westerwelle we Kuşner Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa bilen hem duşuşar.

Iýun aýynda Gyrgyzystanyň günortasynda bolan bidüzgünçilikler ýüzlerçe adamyň ömür tanapyny kesdi we bosgun krizisini döretdi.