Geçen aý Gyrgyzystanyň Oş we Jelalabat welaýatlaryndaky çaknyşyklarda 1300-den gowrak bina ýykylyp ýumruldy ýa-da olara ot berildi.
Resmi maglumatlara görä, diňe Jelalabat welaýaty boýunça döwlete ýetirilen zyýanyň möçberi 466 million soma deň. Oş welaýaty boýunça entek anyk maglumatlar yglan edilmedi.
Ýerli metbugat Oş we Jelalabat welaýatlarynda 453 sany hususy jaýlaryň, 166 sany dükan we sowda nokatlarynyň, 6 sany bazaryň, 6 sany dowlete degişli edaralaryň binalarynyň, 100-e golaý kafe we restoranlaryň ýykylyp ýumrulandygyny ýazdy.
Nähili aladalar edilýär?
Golaýda Gyrgyzystanyň Oş we Jelalabat şäherlerini gaýtadan dikeltmek maksady bilen döredilen direksiýa ýykylan jaýlaryň sanyny we olary gaýtadan gurmak üçin sarp ediljek puly anyklamak işlerine başlady.
Direksiýanyň başlygy Antöre Satybaldyýewiň sözlerine görä, häzir ýurduň ýokary derejeli arhitektorlary Oş we Jelalabat şäherlerini gaýtadan gurmagyň planyny işläp düzýärler.
“Direksiýa şäherleri gaýtadan gurmak boýunça ähli çäreleriň üstünde işleýär. Köp gatly jaýlary gurmagy planlaşdyrýarys. Şeýle-de bu welaýatlarda ýerli häkimiýetleriň wekillerinden ybarat Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň komissiýasy iş alyp barýar” diýip, Satybaldyýew aýdýar.
Satybaldaýewiň aýtmagyna görä, olaryň hasabaty 12-nji iýulda çykmaly: “Öz güýjümiz ýetmändigi üçin halkara ekspertleri çagyrdyk. 27-nji iýulda Gyrgyzystany ösdürmek boýunça uly halkara forum geçmeli. Şonda biz halkara jemgyýetçiligine ýüz tutmagy maksat edinýäris”.
“Wagt gerek”
Satybaldyýew ganly wakalarda döwlete ýetirilen zyýanyň mukdary barada anyk maglumat berip bilmejekdigini aýtdy: “Sebäbi diňe Oş bilen Jelalabatda däl, eýse Bazarkorgon, Suzak, Karasu şäherlerinde hem komissiýa işleýar. Bu iki welaýaty gaýtadan gurmak boýunça plan düzülýär”.
Onuň aýtmagyna görä, bu iş bir ýylda amala aşyrylar diýip bolmaýar. “Biziň programmamyz iki ýyllyk döwür üçin planlaşdyrylan. Sebäbi bu diňe ýaşaýyş jaýlary üçin däl, eýse bütin infrastruktura, ýagny suw, elektrik, ýyladyş sistemalary we ýollar üçin niýetlenen. Bularyň hemmesiniň üstünde gaýtadan işlemeli, muňa wagt gerek” diýip, Satybaldyýew aýdýar.
Oş we Jelalabat welaýaty Gyrgyzystanda iň bir seýsmiki zonalar hasaplanýar. Gyrgyzystanly ýaş arhitektor Kaýmazar Altymyşow bu welaýatlarda ýaşaýyş jaýlary gurlanda ilki bilen howa şertlerine, soňra bolsa bu regionyň seýsmiki zonadygyna aýratyn uns bermeli diýýär.
“Her bir adam öz islegine görä jaý gurup bilmez. Sebäbi şäheriň gurluşygynyň spesialistler tarapyndan düzülen planynda şäheriň görki, ýaşaýyş jaýlarynyň klimata çydamlylygy, şäheriň ekologiýasy, adamlar üçin ähli zerur şertler hasaba alynýar” diýip, arhitektor Kaýmazar Altymyşow belleýär.
Kömege garaşylýar
Ekspertler Oş we Jelalabatdaky ganly wakalarda döwlete ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin bir milliard dollar serişdäniň gerekdigini aýdýarlar. Dowlet direksiýasynyň başlygy Satybaldyewiň sözlerine görä, Gyrgyzystanyň özi munça serişdäni tapyp bilmez.
“Elbetde biz halkara guramalaryna, maliýe edaralaryna, banklara ýüz tutarys. Bize dost döwletler eýýamden kömek berip başladylar” diýip, Oş we Jelalabat şäherlerini gaýtadan dikeltmek boýunça direksiýanyň başlygy Antöre Satybaldyýew aýdýar.
Gyrgyzystanyň hökümetiniň sosial meseleler boýunça resmisi Elmira Ibraimowa gyşyň gelmegine az wagtyň galandygy üçin adamlary jaý bilen üpjün etmek meselesiniň möhüm bolup durýandygyny nygtaýar.
“Gyşa çenli az wagt galdy. Sowuk düşýänçä gurluşuk işleriniň tamamlanmazlygy mümkin. Şonuň üçin başga plany işlap düzmeli. Wagtlaýyn hem bolsa, adamlaryň gyşda ýyly ýerde ýaşap bilmegi üçin ähli çärleri görmeli bolarys” diýip, Elmira Ibraimowa aýdýar.
Halkara guramalar we käbir döwletler Oş we Jelalabat şäherlerini gaýtadan dikeltmek üçin kömek berjekdiklerini bildirdiler. Şol sanda Türkiýe Gyrgyzystana 21 million dollar kömek berjekdigini mälim etdi.