Türkmenistanyň we Orsýetiň graždanlygy bolan, Türkmenistanda ýaşaýan adamlar bilen bagly geçen hepde Aşgabat aeroportunda ýüze çykan wakalar dünýäniň habar serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.
Orsýetiň “The Moscow Times” neşiri, “Wremýa nowosteý” gazeti, adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary, BBC-niň Rus gullugy, “Nemes tolkuny” radiosy we beýleki käbir agentlikler geçen hepdäniň 4-nji gününden bäri Aşgabadyň aeroportunda Orsýet-Türkmenistan goşa raýatlygy bolan 40 töweregi adamyň uçmaly uçar reýsinden alnyp galynandygyny ýazýar. Habarlara görä, olara goşa raýatlygyň birinden geçmek şerti goýulýar.
Şu waka býunça çap edilýän makalalarda meseläniň dürli taraplaryna deglip geçilýär. BBC-niň saýtynda Aleksandr Semenow goşa raýatlyk barada Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky şertnama 17 ýyl bolandygyna, ýöne 2003-nji ýylda şol wagtky prezident S.Nyýazowyň teklibi bilen şol ylalaşyga Aşgabadyň goşa raýatlygy ykrar etmeýändigi baradaky düzedişiň girizilendigine, iş ýüzünde Türkmenistanyň şol ylalaşykdan birtaraplaýyn çykandygyna ünsi çekýär. Öňki prezident S.Nyýazow ýogalandan soň G.Berdimuhamedowyň döwründe kabul edilen Türkmenistanyň täze Konstitutusiýasynda-da şol öňki düzedişiň saklanyp galandygy bellenýär.
Orsýetli graždan hukuklary boýunça spesialist Artýom Putinsewiň aýtmagyna görä, Orsýetiň graždandaryna ikinji raýatlyk almaga, ikinji pasport edinmäge kanunçylyk rugsat berýär. Ikinji graždanlygy alan islendik Orsýetiň raýaty diňe Orsýet graždany hasap edilýär. Ikinji graždanlykdan Orsýet üçin çykýan hukuk ýok.
Käbir soraglar ýüze çykýar
Hukuk öwreniji meseläniň ikinji tarapyny şeýle düşündirýär: “Eger başga bir döwletiň raýaty Orsýetiň graždanlygyny alsa, ol özüniň başky pasportyndan ýüz öwürmeli. Bu ýerde kadadan çykma Orsýetiň degişli şertnama gol çekişen ýurtlary bolup biler. Mysal üçin Täjigistanyň graždanlary şeýle hukukdan peýlanaýarlar” - diýip, Artýom Putinsew aýdýar.
Şu ýerde käbir soraglar ýüze çykýar: eger 2003-nji ýylda Türkmenistan Orsýet bilen goşa raýatlykdan ýüz öwrüp, ony ýatyran bolsa, näme üçin ondan bäri ýedi ýyl geçendigine garamazdan, şol kategoriýa degişli adamlar wizasyz Orsýetiň pasporty bilen Orsýete, yzyna Türkmenistana-da türkmen pasporty bilen gelip bildi?
Eger şu ýylyň 1-nji iýulyndan goşa raýatlyk ýatyrylýan bolsa, (waka hut şol gün Aşgabadyň aeroportunda başlandy) näme üçin türkmen häkimiýetleri şol kategoriýa degişli adamlara haýsam bolsa bir ýurduň graždanlygyny saýlamak barada öňünden resmi duýduryş etmedi?
Goşa raýatlyk barada Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky ylalaşyga 1993-nji ýylda şol wagtky prezidentler S.Nyýazow bilen Boris Ýelsin gol çekipdi.