Hangeldi Ownuk bilen söhbet

Hangeldi Ownuk
Türkmenleriň soňky ýyllarda bosgunlyga giden ýurtlarynyň biri hem Kanada. “Olar iňlis dilini öwrenýärler. Çagalary bolsa ol ýeriň mekdeplerine gatnap bilim alýarlar” diýip, asly Eýran türkmenlerinden bolan kanadaly Dr.Hangeldi Ownuk aýdýar.

Hangeldi Ownuk Kanada barmazdan ozal Türkmenistanda ýaşapdy hem-de ol ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademýasynyň Şaja Batyrow adyndaky Taryh institutynda işläpdi.

Hangeldi Ownuk Eýran türkmenleriniň arasynda aýdym-saz döredijiligi bilen giňden tanalýar. Hangeldi Eýranda türkmen dilinde efire berilýän Gürgen Radiosynda hem işläpdi.

Hangeldi Ownuk türkmensähraly şahyrlaryň goşgularyna hem aýdym döredipdi. Ol Eýranda türkmen klassyky aýdym-sazlaryny estrada aýdym-sazlaryna geçiren ilkinji sungat işgärleriniň biri.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen Sesi” programmasynda dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmenleriň gatnaşyklary barada hem gürrüň edilýär.

Gepleşigi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.