Türkmenistanda orta-professional mekdepler dörediler

Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan ýurtda professional mekdepleriň esasynda orta-professional okuw jaýlary dörediler. Bu täzelik prezident G.Berdimuhamedowyň 25-nji iýunda gol çeken permanynda göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda orta-professional okuw jaýlaryny döretmek barada permana laýyklykda, Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary Bilim ministrligi bilen ylalaşyp, bir aýyň dowamynda öz garamagyndaky orta-professional okuw jaýlaryny döretmek barada düzgünnamalaryny taýýarlap, tassyklamaga, şeýle-de öz okuw programmalaryny taýýarlamaga borçly edildiler.

Hünärleriň aýratynlyklaryna görä, orta-professional okuw jaýlarynyň okuwçylaryna iki we iki ýarym ýyllyk okuw programmalary boýunça bilim berler. Okuw 2010-njy we 2011-nji okuw ýylynda başlanar. Pudak kärhanalarynda tejribe alyş praktikasy geçiriler.

Türkmenistanyň we Orsýetiň bilim pudagynda işlän Anatoliý Fomin Türkmenistanda orta-professional okuw jaýlarynyň döredilmegine öňden bäri uly zerurlygyň bardygyny nygtaýar.

Anatoliý Fomin bu çäräniň kadrlaryň uly ýetmezçiligini başdan geçirýän Türkmenistan üçin dürli ugurlardan işçi hünärmenleri taýýrlamaga, ýaşlar üçin bolsa hünär almaga we iş ukybyny artdyrmaga mümkinçilik döredýänligini belleýär.

Fomin işçi hünärmenleriň ýetmezçiliginiň häzirki wagtda köp ýurtlarda, şol sanda Orsýetde hem duýulýanlygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, Sowet döwründe Türkmenistanyň özünde her orta mekdebiň paýyna çak bilen bir orta professional mekdep düşýärdi we diňe Aşgabatda azyndan 36 sany şeýle mekdep işleýärdi.

Anatoliý Fominiň pikirine görä, indi açyljak professional mekdepleriň ýurduň halk hojalygy üçin iň zerur ugurlardan iş alyp barmagy möhüm.

Täze plan

Türkmenistanyň prezidentiniň permanyna görä, Daşoguz welaýatynyň häkimligine öz garamagyndaky, ýöne ýapylýan agrobiznes mekdebiniň binalary we emlägi Türkmenistanyň Oba-hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Oba-hojalyk institutyna tabşyryldy.

Şeýle-de, bu permana laýyklykda, Türkmenistanyň gurluşyk ministrliginiň ýanyndaky we ýapylan 3-nji professional mekdebiniň esasynda Aşgabadyň gurluşyk boýunça orta-professional uçilişesi dörediler.

Ýurduň welaýatlaryndaky pudak edaralarynyň ýanyndaky beýleki başlangyç hünärmentçillik mekdepleriniň ýene ençemesi ýapylyp, olaryň esasynda pudaklaýyn orta-professional okuw jaýlary dörediler.

Türkmenistanda orta-professional mekdepleri 90-njy ýyllaryň ortalarynda ýapylypdy. Sowet Soýuzy dargansoň, orta-hünärmentçilik mekdepleriniň işi bäş ýylyň dowamynda “Senet” atly bileleşik tarapyndan utgaşdyrylypdy, emma soň dargadylypdy.

Türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýryýew şondan bäri Türkmenistanda şu çaka çenli pudak edaralarynyň ýanynda işlän dokuz aýlyk başlangyç hünärmentçilik mekdepleriniň bolandygyny we indi olaryň ýerinde dörediljek 2-2,5 ýyllyk orta-professional uçilişeleriň statusynyň kesgitsiz görünýänligini öňe sürýär.

Baýryýewiň sözlerine görä, ozalky ýyllarda orta-professional bilimini beren tehnikumlar dört ýyl okadypdy, 2-3 ýyllyk PTU, ýagny professional tehniki uçilişeleri bolsa orta bilimi berip, işçi hünärlerini öwredýärdi emma hünärmenlik derejesini bermeýärdi.

Regiondaky tejribeler

Özbegistan Merkezi Aziýada orta-professional bilime iň kop maýa ýatyrýan döwlet. Özbegistanda bilim pudagyna döwlet býujetiniň 50%-niň sarp edilýänligini ýurduň käbir hökümet resmileri tassyklaýarlar.

Käbir maglumatlara görä, Özbegistanda bir ýarym müňe golaý orta-professional okuw jaýlary bar we olarda bir million 300 müňden gowrak adam okaýar. Emma bilermenler garaşsyzlyk ýyllarynda Özbegistanyň orta-professional bilim, ýagny kollejler sistemasynyň korrupsiýanyň ojagyna öwrülenligini aýdýarlar.

Özbegistanyň Halk bilim ministrliginiň ozalky inspektory Umyt Babamatow kollejler üçin binalaryň gurluşygyna we olaryň maddy-tehniki üpjünçiligine ummasyz maliýe serişdeleriniň sarp edilýänligini gürrüň berip, ýurduň orta-professional okuw jaýlaryny ösdürmek we maliýe taýdan üpjün etmek boýunça çäreleriň orta mekdeplere zeper ýetirenligini aýdýar.

Umyt Babamatowyň sözlerine görä, häzirki wagtda Özbegistanda orta-hünärmentçilik mekdepleriň boş durmagy seýrek däl. Sebäbi esasan Daşkendiň hünärmentçilik mekdeplerinde okamaga isleg ýokary. Regionlardaky orta-hünärmenlik mekdepleri bolsa käte ýerli orta mekdepleriniň 8-nji klasdan soň ýapylmagynyň hasabyna okuwçylar bilen üpjün edilýär.

Umyt Babamatowyň pikiriçe, hökümet tarapyndan esasy üns korrupsiýanyň gülläp ösmegine giň mümkinçilik berýän gurluşyk we maddy-tehniki üpjünçilik ugurlaryna berilýär, orta hünärmentçilik mekdepleriniň berýän bilimine ýeterlik ähmiýet berilmeýänligi esasy problema bolup durýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň Türkmenistanda orta-professional okuw jaýlaryny döretmek boýunça permanyna laýyklykda, milli kanunlara üýtgetmeler giriziler.