Gyrgyz harbylary referenduma wagtyndan öň gatnaşdylar

Gyrgyzystanda 27-nji iýunda geçirilmeli referenduma ýurduň harbylary 25-nji iýunda wagtyndan öň seslerini berip başladylar.

Resmiler Gyrgyzystanyň syýasy sistemasyny prezidentlik respublikasyndan parlament sistemasyna geçirjek referendumyň örän möhümdigini aýdyp, bu çärä wagtyndan öň gatnaşan esgerleriň referendumyň geçiriljek güni ýurtdaky howpsuzlygy üpjün edip biljekdiklerini nygtadylar.

Bu referendumyň geçirilmeginiň Gyrgyzystanyň günortasyndaky asudalygyň dikeldilmegi üçin hem zerurdygy aýdylýar.

10-11-nji iýunda bu regionda bolan bidüzgünçiliklerde azyndan 250 adam öldürilip, bu ganly waka bosgun krizisiniň döremegine getirdi.