Amerikan Senaty Eýrana garşy sanksiýalary makullady

Düýn ABŞ-nyň Senaty Eýrana garşy sanksiýalary makullady. Şol gadaganlyklar, hususan-da, gazyň hem ýangyjyň beýleki käbir görnüşleriniň importy bilen bagly.

Halkara jemgyýetçiliginiň urany baýlaşdyrmak işini togtatmak barada Eýrana edýän çygyryşlaryny resmi Tähranyň äsgermezlik edýän döwri senatorlar sanksiýalar baradaky karary kabul etdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi ýakynda Eýrana garşy dördünji sanksiýalar toplumyny kabul etdi.